Ýaňy-ýakynda türkmen hünärmenleriniň wekilýeti dünýäde iň gowy tejribeleriň biri bolan Finlýandiýanyň bilim ulgamy bilen tanyş boldular. Helsinkide bolan wekilýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we peudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem ýurduň Mejlisiniň we Maliýe ministrliginiň wekilleri bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, umumy bilim berýän mekdeplerde bilimi doly göwrümde özleşdirmek üçin azyndan 12 ýyl gerek: „Türkmenistanyň Mejlisi Bilim ministrligi we beýleki ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen Türkmenistanyň „Bilim hakyndaky“ Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada Kanunyň taslamasyny taýýarlamaklaryny maksada laýyk hasap edýärin“ diýip, Hormatly Prezidentimiz belleýär. PISA-da umumy bilim alýanlaryň gazananlaryna baha bermek boýunça halkara maksatnamasynyň geçiren gözleglerine laýyklykda halkara derejesinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Finlýandiýanyň bilim ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça bolan sapar döwlet baştutanynyň tabşyryklaryny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirildi.
Türkmen wekilýeti okuw mekdepleriniň terbiýeçilik işiniň toplumlaýyn – mekdepden başlap ýokary okuw mekdep derejesine çenli guralyşy bilen tanyş boldy. Finlýandiýanyň Parlamentinde bolunmgay öwrenijilikli häsiýete eýe boldy. Türkmen hünärmenleri Bilim we medeniýet boýunça komitetiň we Maliýe ministrliginiň işi bilen jikme-jik tanyşdyryldy.
Şu günler Finlýandiýada bolan türkmen wekilýetiniň agzalarynyň ýörite iş mejlislerinde Finlýandiýaly kärdeşleriň iň gowy mugallymçylyk tejribelerine garalýar. Bu ýerde saparyň netijeleri kollegial ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar, döwrebep bilim başlangyçlaryna garalýar. Öz nobatynda, bilim ulgamyny ösdürmegiň türkmen modeliniň innowasion ösdürilişi fin tarapy üçin örän täsirli boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan biziň kärdeşlerimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça geçirilýän halkara meslahatlaryna we sergilerine çagyryldy.