Ï Kanunyň kadalaryna laýyklykda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kanunyň kadalaryna laýyklykda

view-icon 6849
Häkimiýetiň wekilçilikli guramalaryna – Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlaýwlary geçirmek boýunça saýlaw möwsümine badalga berildi. Bu badalga alan saýlaw möwsüminiň aýratynlyklary, onuň guralyşy barada Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Gandymow gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, şeýele hem jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat toparlarynyň wekilleri wekilçilikli guramalaryň mandatlary üçin bäsleşerler.

„Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda“ Kanuna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary 70 gün öňünden saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halk köpçüligine ýetirildi.

Saýlaw uçastoklary saýlawlar gününe kyrk bäş gün galanda döredilýär. Uçastok saýlaw toparlary saýlawlar günününe kyrk gün galanda 5-15 agzadan ybarat bolan toparda döredilýär. Bu saýlaw toparlarynyň wekilleri syýasy partiýalaryň ilkinji guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýygnaklarynda, raýat toparlarynyň ýygnaklarynda görkezilýär.

Halk maslahatlaryna, Geňeşlere agzalyga dalaşgärleri görkezmek işi saýlawlara kyrk bäş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar. Halk maslahatyna dalaşgäriň her biriniň bäşe çenli, Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa her biriniň – üçe çenli ynanylan adamy bolup biler.

Dalaşgäriň hasaba alynan gününden saýlawlaryň öň ýüzündäki wagyz işleri başlanýar. Bu wagyz işleri saýlawlaryň bir gün öňünden tamamlanýar.

Ses bermeklik 14-nji aprelde ir gagat 7-den agşam sagat 19-a çenli geçiriler. Kanuna laýyklykda, Saýlawlar gününden öň ses bermek saýlawlara çenli on gün galandan başlap saýlaw uçastogynda geçirilýär. Saýlawlar gününden öň ses bermek her gün sagat 12-den 16-a çenli geçirilýär. Bu kanuny taýdan kesgitlenendir. Saýlaw topary saýlawlaryň jemleri barada saýlawlardan soň 5 günden gijä galman habar bermeli.

Şeýle hem Kanunda saýlaw okrugynda gaýtadan ses bermegiň möhletleri kesgitlenendir. Ol umumy saýlawlardan soň iki hepdeden gijä goýman geçirilýär.

„Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky“ Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Merkezi saýlaw topary amala aşyrýar.

„Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda“ Kanuna laýyklykda, saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär. Saýlawlarda saýlawa gatnaşanlaryň ýarysyndan köpüsiniň sesini alan dalaşgärler Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlanan hasap edilýär.