Derman ösümlikleini ösdürip ýetişdirmekde biotehnologiýa usullary aýratyn gymmatly häsiýete eýedir. Botanika bagynyň we Türkmenistanyň Lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy merkeziniň hünärmenleri alteý ýapraklaryndan taýýarlanan serişdeleriň adam ganyndaky linfositleriň işjeňligine dermanlyk täsirleriniň mümkinçiligini öwrenýärtler.
Alymlar ösümlikleriň in vitro çüýşe gapjagazynda we botanika bagynyň geografiki meýdanlarynyň birinde açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilişini deňeşdirýärler.In vitro çüýşe gapjagazynda ösdürilip ýetişdirilen dermanlyk alteýiň adaty donor ösümliginden taýýarlanan serişde bilen deňeşdirilende çişmä garşy uly netije berýändigini ýüze çykaryldy. Mundan hem başga, mikroklonirowaniýe arkaly ösdürilip ýetişdirlen serişde açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirlen ösümlik bilen deňeşdirilende, ýaramaz netijeleriň birini hem bermeýär.
Botanika bagynyň dermanlyk ösümlikleriň introduksiýa barlaghanasynyň işgärleri çüýşe gapjagazlarda ösüş köpelişi kynlyk bilen bolup geçýän hem agaç hem bezeg ösümliklerini ösdürip ýetişdirýärler. Şunlukda, botanika bagynda ýeke-täk nusgada hem-de tohumyndan we açyk görnüşde köpelmeýän ösümlikleriň tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär.
Pyntykly ösüntgileri ösdürip ýetişdirmek mineral ýokumly serişdelerden, saharozadan we ösüşi sazlaýjydan ybarat bolan suwuklyk ýagdaýda geçirildi. In vitro arkaly alynýan ösümlikleriň gönüden-göni toprakda kynlyk bilen ösýändigini hem aýtmalydyrys. Adatça olar ýyladyşhanandyň çyglandyryş şertlerinde ýörite aralyk ösüş döwrüni geçýärler. Bu döwürde olar berk ideg, aýratyn hem olary kadaly suwarmakda we iýmitlendirmekde berk ideg edilýär.
Mikroklonrowaniýe babatda gözleg işleri dowam etdirilýär. Botanika bagynyň alymlary öň bar bolan ösümlikleriň gyzyl kitaba girizilen seýrek duş gelýän ýerli görnüşlerini, tropiki ösümlikleri synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler. Botanika bagynyň alymlary şeýle hem şu günler ýandagy, türkmen arçasyny we beýlekileri öwrenýärler.
Ösümlikleri mikroklonirowaniýe arkaly köpeltmek bu günki gün möhüm ekologiki taýdan arassa we sagdyn agaç, bezeg, miweli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde ulanylýar. Ňsdürip ýetişdirmegiň bu usulynyň artykmaç taraplary köpdür: enelik, maliýe, wagt materiallarynyň mukdary az ulanylýar. Bu usulyň esasynda seçgiçilik ulgamynda täze işläp taýýarlamalry, ýagny ösümlikleriň gymmat bahaly garnuw we kynlyk bilen ösýän görnüşlerini synagdan geçirip bolar.
Biotehnologiýanyň ösdürilmegi ylmy-tehniki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa öwrenmegiň düýbünden täze ugry bolup, ýokary görnüşli ösümlikleriň dokumalaryny we öýjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň täze usuly bolup durýar.