Tebigat Hazar deňziniň kenarlaryna gün şöhlelerini bolluk bilen eçilýär. Bu bolsa, Ýewrraziýa kontinentiniň uzak dürli tebigy zolaklaryndan gelýän guşlar üçin gyşda dünç almaga özboluşly ýollanma bolup durýar. Dekabr aýynda biziň ýurdumyzyň giňişliklerine tundradan we taýganyň zolaklaryndan guşlar geldi, soňra bolsa olara tokaý, tokaý-säňra we sähra zolaklaryndan gelenler goşuldy.
Adatda bolşy ýaly, ýanwar aýlarynyň ortalarynda suw we suw-batga guşlarynyň esasy gyşlaýan ýerlerinde gözleg işleri geçirildi. Bu özüniň örän oňyn netijesini hem berdi. Onlarça ýyl bäri Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny kenar ýaka zolakda ýaşaýanlar bilýändirler. 1968-nji ýyldan 1978-nji ýyllar aralygynda suw derejesiniň durnuklylygy ХХ asyryň iň pes belliginde boldy, onuň transgressiýasyna gözegçilik edildi, hem-de 1995-nji ýylda suwuň derejesi 2 m 36 sm galdy. 1996-njy ýylda ol 36 sm aşak düşdi we 2005-nji ýyla çenli uly bolmadyk özgerişmeler bilen saklandy. Ondan soňra geçen ýylyň tomsundan başlap tizlikli regressiýa başlandy. Munuň netijesinde deňziň günorta bölegi bolan Mihaýlowskiý we Balkan aýlaglarynyň ýalpaklary tiz gurap başlady, ýöne Hazaryň demirgazyk kenarlarynyň kiçiräk aýlaglarynyň akwatoriýalarynyň meýdany giňelip başlady. Guşlar bolup geçýän özgerimelerden tiz ugur alyp, biologiki jähtine laýyklykda özleri üçin iň oňaýly ýerleri eýelediler.
Ördekleriň bize seýrek duş gelýän görnüşleri gyşlaýan ördekleriň görnüş sanawlarynyň üstüni ýetirdi. Olaryň 600-den gowragy hasaba alyndy. Tüňňeli ördekleriň köpüsi Türkmenbaşy şäherinden demirgazyk tarapda ýerleşýän Garşy, Goturja, Kinneji, Ojak we Alladepe ýaly kiçiräk aýlaglary eýelediler. Hazirki zaman sanly serişdeleriň diňe bir gözegçilik etmäge däl-de, eýsem guş sürüleriniň ulaldylan fotosuratlaryny kompýuterileriň monitorynda ulaltmagyň proýeksiýasy olaryň her birini takyk sanamaga mümkinçilik berýändigini aýtmalydyrys. Gyşky monitoring döwründe 6000 fotosurat surata düşürildi we olar jikme-jik seljerildi. Deşifrowka köp wagty alýar, ýöne eýýäm üns berilmeli maglumatlat alyndy. Meselem, Oşak kiçiräk aýlagda 17-nji ýanwarda 57000 sany gyzyl burunly tüňňeli ördekler hasaba alyndy. Özi hem käwagt bir kadra guşlaryň 2000 sanysy düşdi. Şular ýaly edip surata düşürmek – çynlakaý sabyry-kanagaty talap edýär, ýöne aw etmek höwesi ýaly seýrek fotosuraty surata düşüresiň gelýär. Uçup barýan guşlary surata düşürmek ýeňil iş däl, olaryň uçuşy bolsa – bu grawitasiýa we mehanikanyň kanunyna özboluşly „garşylyk“ bolup durýar. Biziň döreden tehniki serişdelerimiz olaryň tizliginden, uzak aralyga uçuşyndan, dowamlylygyndan, belentliginden we beýleki görkezijilerinden ozup geçdi , ýöne olaryň asmandaky azatlygy we garaşsyzlygy barada diňe arzuw edäýmek galýar.
Biziň sebitlerimiziň iň meşhur we belli guşlary bolan guwlar-klikunlar we guwlar-lipunlar şu ýyl örän ýakymly täsir galdyrdy. Olaryň ýüzlerçesi, käwagtlar müňlerçesi bulut ýaly sürüsi özleri üçin oňaýly bolan suw ýalpaklarynyň akwatoriýasyny örtdi we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Hakyky gyş ňaslynyň mylaýym gün şöhleleriniň astyndaky iýmiň bol bolmagy, goraghana we goralýan ýerleriň asudalygy bahar paslynyň golaýlap gelýändigini ýatlatdy. Erkek ördekler bolsa öz ak ganatly ýoldaşlaryna uly dykgat bilen üns berýärler.
Gözleg geçirilen meýdançalarda tebigatyň ajaýyp bezegi bolan bu owadan guşalryň 7500-sine gabat gelindi.