Ï Beýik özgertmeleriň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik özgertmeleriň ýolunda

view-icon 6844
Häzirki zaman Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösmegi, içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we jemgyýetde amala aşyrylýan özgertmeler özüniň giň göwrümliligi we gazananlary bilen haýran galdyrýar. Bularyň ählisi – göni bir ýyl mundan ozal – 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalrynyň netijesidir.

Açyklyk, aýanlyk, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda giň bäsdeşlik esasynda geçiçirilen çaýlawlar diňe bir biziň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda esasy waka bolman, eýsem Türkmenistanyň durmukly döwlet ösüşinde täze döwrüň başlanýandygy bilen dabaralandy.

Bu şanly günde biz ýurduň Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezidentlige saýlanandan soňky geçen bir ýyllyk ýoluna nazar aýlaýarys. Milletiň baştutanynyň saýlawlaryň öň ýüzündäki maksatlaýyn ýüzlenmesinde ýurduň geljegi barada aýdyp, „biziň maksadymyzy – güýçly, abadan, ýokary ösen ýurdy – ХХI asyryň Türkmenistanyny gurmakdan ybarat“ – diýip nygtady. Türkmenistany agrar ýurtdan senagat taýdan ösen ýurda öwürmek ilinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýar.

Milletiň baştutany şonda milli ykdysadyýetiniň ösüşini bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda berkitmek bilen, işiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Birinjiden, milli ykdysadyýetde hususy kapitalyň paýyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bu nukdaý nazardan ýokary syýasy ýörelgesi salgyt syýasatyny girizmekden, ýurduň telekeçiligini ösdürmek üçin ýeňilleşdirilen ugurlary döretmekden ybarat boldy. Ikinjiden, türkmen ykdysady giňişligine daşary ýurt maýa goýujylaryny giňişleýin çekmek. Bu wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça maýa goýum kanunçylygy kämilleşdirildi, şeýle hem bu ulgamyň halkara-hukuk binýady giňeldildi. Hususan-da, birnäçe döwletler bilen maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak barada hökümetara ylalaşyklaryna gol çekildi. Daşary ýurt pullaryny çekmek üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Prezidenti bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmäge şertleri döredýän önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagy milli ykdysadiýetiň ösüşiniň üçünji şerti hökmünde belledi. Bu wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Milletiň baştutanynyň başlangyjy bilen öňdebaryjy we giň göwrümli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýurduň durmuşynyň ähli ulgamlarynda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bu gümki gün biz okgunly ykdysady ýokary göteriliş barada ynamly aýdyp bileris. Muňa sanlar we maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Dünýäde uzak wagtlap dowam eden global maliýe-ykdysady çökgünligiň bolandygyna garamazdan, biziň ýurdumyz öz ösüşiniň okunly derejesini saklaýar, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy, maliýe sektorynyň berkidilmegi, maýa goýum syýasatynyň berk ýola goýulmagynyň hasabyna jemi içerki önümiň öndürilişi artýar. Muňa geçen ýylyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda gös-göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň indeksindäki ýurtlaryň birinji onlugyna goşulmagy milli lideriň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüldi.

Oba zähmetkeşleri geçen ýyl önümleriň öndürilişiniň umumy möçberini ep-esli artdyrdylar. Bu – agrar özgertmeleriniň çäklerinde türkmen obasynyň ýokary göterilmegi üçin, şeýle hem azyk senagatyny ösdürmek maksady bilen döwlet tarapyndan agrosenagat toplumynyň goldanylmagynyň netijesidir. Kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalary tarapyndan täze ýokary sepgitler gazanyldy. Olaryň güýji bilen diňe bir gurluşyk işleri amala aşyrylman, eýsem hyzmat ediş ulgamynda hem ýokary ösüşler gazanyldy.

Ylyma, bilime, saglyga goraýyşa we medeniýete maýa goýumlary artdyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan ösen ykdysadyýetli, diňe bir syýasy däl, eýsem ykdysady garaşsyzlygyny doly üpjün edýän durmuşy nazarlaýan döwlete öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine saýlanan likinji gününden başlap, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda jemgyýeti we döwleti kämilleşdirmek we özgertmek boýunça uly göwrümli işlerini soň hem dowam etdirdi.

„Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyp durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek bnoýunça 2020-nji ýyka çenli döwür üçin milli Maksatnamasynyň“ çäklerinde gurluşyk işleri görlüp-eşdilmedik derejede ýaýbaňlandyryldy. Geçen ýylda umumy bahasy ABŞ-ň bäş milliard dollary bolan iri desgalaryň 397-si guruldy we ulanylmaga berildi. Obalarda – Ahal welaýatynda Berkarar, Bary welaýatynda Bagtyýarlyk, Balkan welaýatynda Belek şäher tipli häzirki zaman şäherçeleriniň düýbi tutuldy. Gazturbina beketleri, köp sanly zawodlar we fabrikler, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalar toplumlary, „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň köp sanly desgalary guruldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ilkinji sapar bilim ulgamynyň desgalarynyň iň köp sanlysy guruldy – olar häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň 36-dan, sport mekdepleriniň 25-den hem-de çagalar baglarynyň 48-den ybaratdyr.

Geçen ýylda ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň ýüz müňlerçe inedördül metri guruldy. Şäher we oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň müňlerçesi ipoteka karz puly esasynda ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrdylar. Bularyň ählisi döwletiň öz serişdelerini adamlaryň möhüm zerurlyklaryna göýberýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet tarapyndan raýatlara berilýän durmuş ýeňillikleri doly amala aşyrylýar, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we guramakda düýpli özgertmeler bolup geçdi. „Saglyk“ Milli maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman iri sagaldyş, diagnostika merkezleri diňe bir paýtagtda gurulman, eýsem ýurduň uzak künjeklerinde hem guruldy.

Täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we energiýa serişdelerini ibermegi diwersiwikasiýalaşdyrmak, täze gaz geçirijilerini gurmak arkaly biziň energiýa geçirijilerimizi dünýä bazarlaryna çykarmak ýaly iri göwrümli işler ýaýbaňlandyryldy.

Konstitusiýanyň täze redaksiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda döwletiň hukuk esaslary we milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Diňe soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kanunçylyk aktlarynyň, şol sanda raýatlaryň syýasy we durmuş-ykdasady hukuklary we azatlygy bilen gönüde-göni bagly kanunçylyk aktlarynyň onlarçasy kabul edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentligine gaýtadan saýlamak bilen, halk gadymy milli däplere, türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň demokratik esaslaryny berkitmäge bolan islegini hem-de hyjuwlylygyny görkezdi.