Ï Pisse: täze görnüşler üçin genofond
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pisse: täze görnüşler üçin genofond

view-icon 1861
Türkmenistanyň daglyk çäkleri – tebigy pisse ady bilen meşhur bolan ajaýyp ösümligiň dörän ýerleriniň biridir. Onuň Badhyzdaky, Garabildäki, Köýtendagdaky we Köpetdagdaky uly bolmadyk tokaýlyklary az mukdardaky çyglylga hem çydaýarlar. Ösümlik dünýäsiniň beýleki wekilleri şunuň howa şertlerinde ýaşamaga ukyply bolmaýarlar.


Türkmenistanyň tebigy pisse baglary iri miwe görnüşli pissäni seçip almak üçin zyýan berijilere, kesellere, guraklyga we sowuga durnukly gymmat bahaly genofond bolup durýar.

Bu günki gün pisse baglary 75 müň gektardan gowrak meýdany tutýar. Özi hem ösümligiň bu ýabany görnüşiniň her biri 700-den 1500 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyr. Olaryň miwe getirişiniň yzygiderliligi, bu günki üýtgäp durýan howa şertlerinde durnukly biohimiki hilde miweleriniň ýokary hilde açylmagy (75-90%) pissäni çalşyp bolmajak iýmit önümi hökmünde hasaplamaga mümkinçilik berýär.

Daşary ýurtlardan – Eýrandan we Türkiýeden getirilýän pisseler öz peýdaly aýratynlyklary bilen türkmen pissesinde pes gelýändigi bellärlikli ýagdaýdyr. Türkmen pissesi örän peýdaly ösümlik bolup, 40-dan-60 göterime çenli ýagy, 15-20 göterim belogy, 3-8 göterim süýjüligi, uglewody (glýukoza, fruktoza, saharozy), demiri we beýleki mikroelementleri özünde saklaýar. Meselem, pissäniň bir gysymy ak çörek bilen birleşip, süýjüligiň we „gormonlaryň ýetmezçiligini“ peseldýär, ýokary ýadawlygyň azalmagyna kömek deýär. Eger-de siz bir günde bir käse pisse ulansaňyz, onda ol holesteriniň derejesini 9-12 göterim peselder. Pisse miweleri işdäni sazlaşdyrýar, kletçatkalaryň köp bolmagy netijesinde bolsa, syratly bolmagyňyz üçin örän gowy serişde bolup durýar. Pissäni gowrup we şor erginde saklap, dürli tagamlary taýýarlamakda ulanýarlar. Owradylan tohumlar doňdurmany, tortlary we beýleki süýjiköke ňnümlerini taýýarlamakda ulanylýar. Pissäniň bölekleri şöhlat önümlerini, şeýle hem tagamly surrogat kofesini taýýarlamakda ulanylýar


Pisse agajynyň miweleriniň we ýapraklarynyň bejeriş häsiýetleriniň bardygy gadymy wagtlardan bäri bellidir. Ondan berkediji serişde hökmünde ulanylýan lukmançylyk tanini bolýar. Pissäniň maňzy balyň, margansyň, W6 we 7 witaminleriniň – tebigy antioksidantyň, şeýle hem beloklaryň, tiaminiň we fosforyň öran gowy çeşmesi bolup durýar. Mudan hem başga, pissäniň ýapraklary derini eýlemekde ulanylýar, bagyň şiresi-baly lak we boýag önümçiliginde, agajy – agaç önümlerini taýýarlamakda ulanylýar.


Häzirki wagtda alymlar tarapyndan pissäni suwarym we düme görnüşinde ösdürip ýetişdirmegiň ýokary netijeli agrotehniki usullary, tohumlary taýýarlamak we ösümli sapmak, şeýle hem pissäniň ýokary hasylly we iri görnüşlerini almak üçin seçgi maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu durmuşa geçirilýän işleriň ählisi bu ösümligiň emeli usulda ösdürip ýetişdirilmegine we „senagat“ derejeli pisseçilik baglaryny döretmäge, ýurduň obasenagat toplumynda pisse önümçiligi ýaly pudagy ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar.