Ï Badam agjy gülleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Badam agjy gülleýär

view-icon 8799
Gyş paslynyň maýyl howasy özi bilen täsinlikleri hem getirdi – fewral aýynyň ortalaryndan Köpetdagyň ösümlik dünýäsiniň wekili bolan türkmen badamy gülläp başlady. Ýabany badam adatça aprel aýynyň ortalarynda gülläp başlaýar. Onuň gülländäki görnüşi örän owadan bolup, ony türkmen baharynyň esasy bezegi diýip hasap etseň hem bolar. Bu döwürde ol näzijek açyk gyzyl reňke bürenýär.

Badam – peýdaly ösümlikdir. Onuň iri oýjük-oýjükden ybarat bolan hozunyň tohumy ýa-da hozy farmasewtiki we parfýumeriýa senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär, azyk senagaty üçin bolsa ýokumly iýmit hasap edilýär. Ýabany ösýän badamyň süýji we ajy dänelerinde geçirilen gözleg işleri olarda gandyň, glýuzokozanyň, belok maddalarynyň 20 göterim töweregi we 45 göterimden 62 göterime çenli ýagyň bardygyny görkezdi.


Süýji badamyň tohumy agyrsyzlandyryjy we sandyrawyga garşy häsiýetlere eýedir. Badamyň owradylyp, şeker bilen garylan tohumy az ganlylykda, üsgülewükde, demgysmada, ukysyzlykda, kelle agyryda ulanylýar. Ajy badam – ýüregiň işleýşini berkitmek üçin, aşgazan-içege agyrlarynda ulanylýan örän oňat serişdedir. Badam hozlarynyň ýagy dürli görnüşli bejeriji mazlary taýýarlamakda, süýtjagazy, künjarasy we bölekleriniň bolsa peýdaly kosmetiki düzümi bolup, sürtüp çalmakda we primoçkada ulanylýar. Badamyň örän tagamly maňzy – süýji-köke taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Günbatar, Günorta-Günbatar Köpetdagyň daglyk zolaklarynda, Badhyzda, Kiçi Balkanda badamyň alty görnüşi ösýär. Biziň ýurdumyzyň çäkleinde ösýän ýabany badamlar gurak howa şertlerine durnuklydyr. Meselem, olardan Köpetdagyň we Köýtendagyň suwsuz jülgelerinde ösmegi halaýan buhara, adaty we tikenli badamlaryny görkezmek bolar. Birnäçeleri – örän seýrek duş gelýänleri we endimiki görnüşleri diňe Köpetdagda, Badhyzda ýa-da Köýtendagda gabat gelýär. Şeýle näzik ösümlikleri türkmen we braguý badamy diýip atlandyryp bolar. Uzynlygy üç metre ýetýän sübsä meňzeş bezeg badamy üýtgeşik ösümlikdir.

Bu uzyn bolmadyk bag – ýabany tebigatda örän peýdaly ösümlikdir. Suwsuz jülgelerde ösýän bu ösümlik dag eňňitleriniň berkemedik ownuk çagyllary üçin örän peýdalydyr. Olaryň kökler toplumy netijesinde dag daşlarynyň bölekleriniň ýuwulmagynyň we ýumrulmagynyň öňi alynýar. Ösümlik dünýäsiniň ylmy üçin Türkmenistanyň ýabany badamlarynyň görnüşleri Merkezi we Kiçi Aziýanyň çäklerinde gadymy ösümlikler dünýäsiniň ösüşini we emele gelşini öwrenmek nukdaý nazaryndan gyzyklanma bildiriloýär.