Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berilýär

view-icon 1071
Şu gün Baýramaly etrabynyň “Şapak” geňeşliginde 240 orunlyk täze mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara şowhunly çärä öwrüldi we şonda aýdym-saz toparlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylýan uly üstünlikleri we tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleri joşgun bilen wasp etdiler.

Dabara gatnaşanlaryň arasynda welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar bar. Çykyş edenler "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde durmuş ulgamynyň okgunly depgin bilen ösdürilýändigini we şu mekdebiň açylmagynyň munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny belläp, döwlet Baştutanymyhza ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we terbiýelenmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ata Watanymyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbiniň okgunly özgerdilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Täze binanyň taslamasy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, “Türkmendöwlettaslama” döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň “Marytaslama” institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy we ýerli hususy kärhanalaryň işgärleri tarapyndan guruldy.

Bu özboluşly iki gatly binada interaktiw tagta we multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary, fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça amaly sapaklary geçirmek üçin barlaghanalar ýerleşýär, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, kompýuter we lingafon otaglary, zähmet sapagyny geçmek üçin otaglar, şeýle hem zerur esbaplar we türgenleşik geçirilýän enjamlar bilen üpjün edilen giň sport zaly bar. Mekdebiň daş-töweregindäki ýerde woleýbol, basketbol, futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary ýerleşýär.

Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.