Ï Köne Nusaý: gadymyýete ýol görkezijidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köne Nusaý: gadymyýete ýol görkezijidir

view-icon 1563
Gadym eýýamyň arheologiki ýadygärlikleriniň iň meşhurlarynyň ikisi – Köne we Täze Nusaý bütindünýä alymlaryna mälimdir. ÝUNESKO-ň Bütindünýä miras sanawyna girizilen bu toplum türkmen paýtagtyndan birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär. Geçen asyryň başlarynda bu gadymy şäher dürli ýurtlaryň arheologlary tarapyndan öwrenildi. Bu batda Täze Nusaýa garanyňda Köne Nusaýa şowlulyklar köp ýaran boldy. Alymlar topragyň galyň gatlaklaryny gazmak bilen, täze zallaryň üstünden bardylar we antika siwilizasiýasynyň täze artefaktlaryny tapdylar.



Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we durkuny täzelemek boýunça milli müdirligi Köne Nusaý boýunça uly ýol görkezijisini çapa taýýarlady. Russiýanyň Arheologiýa institutyndan gelen, meşhur arheolog, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Nikolaýewiç PILIPKO bu ýol görkezijisiniň awtorydyr. Ýörite topara ýolbaşçylyk etmek bilen, ol bu taryhy ýadygärlikde eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Bu döwrüň içinde uly göwrümli işler ýerine ýetirildi, parfiýa arhitektura toplumynyň iki müň ýyl töweregi mundan ozalky möhüm alamatlarynyň ýüzi açyldy, bu günki gün Türkmenistanyň döwlet muzeýlerini bezeýän gadymy sungatyň eserleriniň köp sanlysy tapyldy. W.N.Pilipko Köne Nusaý barada düýpli monograflarynyň iki sanysyny hem-de bu ajaýyp ýadygärlige bagyşlanan dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli dillerde ylmy makalalar toplumynyň birnäçesini çap etdirdi.


- Nusaýda meýdan işlerini geçiren wagtymyzda adamlar meniň ýanyma ýygy-ýygydan gelip, bu gadymy şäher barada nämedir bir gyzykly zady gürrüň bermegimi haýyş edýärler, hemmeler täze tapyndylar barada täzeligi bilen bilmek isleýärler – diýip, Köne Nusaý boýunça täze ýol görkezijisiniň ýazylmagynyň ideýasy barada aýdyp, Biktor Nikolaýewiç gürrüň berýär. Käwagt men olar bilen ylalaşýaryn, ýöne köplenç boýun towlaýaryn. Sebäbi gzuw-agtaryş işleri – agtaryjynyň beýleki işlerden düýbünden azat bolamagyny talap edýän hysyrdyly we jogäpkärli iş. Näme-de bolsa öz topragynyň taryhy bilen tanyşmaga gelenleriň hem-de bu barada doly kanagat almadyklaryň öňünde men özümi ýazykly duýýaryn. Sebäbi arheologyň işiniň netijesi öz döwürdeşlerine haýsydyr bir taryhy ýadygärlik, taryha siňip giden siwilizasiýa barada ygtybarly maglumatlary bermekden ybarat. Şu zatlaradan ugur alyp, meýdan işleriniň aralygynda – tomusda we gyşda – men şu ýol görkezijisini ýazdym. Men onyň bu gadymy şähere syýahata gelýänlere özbaşdak salgylanmaga we bu geçmiş barada azda-kände düşünje alarlar diýip umyt edýärin.



Beýleki bir sebäbi – bu taryhy ýadygärlik baradaky düşünjeleri täze açylara laýyk getirmek maksadymyz bar. Alym elmydama hakatçylyga ymtylýar. Şeýle-de bolsa ylmy dünýäde şol bir taryhy maglumatlar we wakalar barada dürli düşünjeler bolýar. Ylmy çaklamalaryň döremegi, çaknyşmagy we synmagy öwrenmegiň täsin we tükeniksiü ýoluny beýan edýär. Nusaýy öwrenmegiň ýoly doly göwrümde bu ýagdaýa sezewar boldy, we öňki bar bolan garaýyşlaryň epizodiki derňewiniň hakyky zerurlygy ýüze çykýar. Täze maglumatlar täze garaýyşlary ýüze çykarýar, öňki aýdylan çaklamalaryň birini tassyklaýar hem-de rehimsiülik bilen beýlekileri süpürip aýyrýar. Eserdeň we tejribeli agtaryjylar näçe seresap bolsalar-da soňky açyşlar haýsydyr bir taryhy ýadygärlik baradaky, meselem Nusaý barada, bar bolan düşünjelere öz düzedişini girizýär. Şonuň üçin hem, Nusaýy öwrenmekde mundan ozalky alymlaryň (A.A.Maruşenko, M.Ýe.Messona, G.A.Pugaçenkowa, M.S.Merşiýewe, N.I.Kraşeninnikowa) başarnyklaryna hormat goýup we olaryň gazananlaryny doly göwrümde peýdalanmaga çalşyp, täze maglumatlara daýanmak bilen, şol bir wagtyň özünde men bu ajaýyp ýadygärligiň geçmişi barada başgaça düşünje bermäge çalyşdym. Bu ýol görkezijiniň ýene-de bir wezipesi – özüniň gülläp ösen döwründe nusaýyň binagärligi nähili bolupdyr, we gazuw-agtaryş işlerinden soňra ýadygärligiň keşbi barada düşünje bermekden ybaratdyr.


Şeýle hem köp sanly syýahatçylary „Nusaý“ sözüniň gelip çykyşy gyzyklandyrýar. Bu sözüň ilkibaşdaky takyk manysy näbelli. Orta asyr geografy Samani ös sözlüginde „Nusaý“ sözüniň toslanyp tapylan düşündirişini berýär. Onuň pikirine görä, şäheriň ady arap sözünden gelip çykyp, ol „zenan“ sözi hökmünde terjime edilýär. Rowaýata görä, araplar Orta Aziýany basyp alanlarynda şäher zabt edip almaga taýýarlyk görýärler, ýöne olar şäheri diňe zenanlaryň goraýandygyny bilip, öz pikirlerinden gaýdýarlar. Häzirki zaman dilçileri bu adyň birnäçe düşündirişini teklip edýärler. Olaryň birnäçesi „Nusaýyň“ adyny „göçürip getirmek üçin örän amatly ýer“ hökmünde düşündirýärler. Bu gadymy we orta asyr „Nusaý“ ýer atlarynyň örän köp bolandygy bilen düşündirilýär. Ýöne häzirki wagtda beýleki bir düşündiriş – „ýagty, ýalpyldaýan“ düşünjeler ykrar edilme bilen ulanylaýr. „Köne“ diýen sypat düşünje bolsa golaýda döräp, häzirki Bagyr obasynyň golaýynda ýerleşýän iki sany gadymy şäherleri tapawutlandyrmak üçin ulanylýar. ХIХ asyryň başlaryna çenli doly bahaly şäher hökmünde bolan Täze Nusaýdan tapawutlylykda, biziň gyzyklanaýan bu gadymy şäherimizde durmuş örän ir zamanlarada bes edipdir.


Bu günki gün W.Pilipkonyň ýolbaşçylyk edýän ekspedisiýasy tarapyndan Köne Nusaýyň takmynan bäşden bir bölegi öwrenildi. Şeýle hem bu ýerde Karl Lippolis ratapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen-italýan ekspedisiýasy işleýär. Geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesi, gürrüňsiz, bizi täze tapyndylar bilen baýlaşdyrman, eýsem bu ajaýyp ýadygärligiň taryhy boýunça täze bilimler bilen hem baýlaşdyrar. Nusaýyň özi bolsa, wagtyň geçmegi bilen, taglymatyň haýsysynyň hakykata ýakyndygyny ýüze çykarar.