Ï Zagnyran – tebigatyň oýanýandygynyň buşlukçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zagnyran – tebigatyň oýanýandygynyň buşlukçysy

view-icon 1201
Mart aýynyň başynda Duşakerekdagynyň gerişlerine alyp barýan inçejik ýodada heniz galyň gar ýatyr. Dagyň eteklerinde bahar ýaňy başlanýar, gyrtyç oty bilen ortülen dumana bürenen eňňitelr „oýanýar,“, meýdan torgaýlarynyň saýraýşy daş-töwerege özboluşly gelşik berýär> Bu guşlar sowuk howada saýramaýar, olar öz owazlary bilen bahar paslyny asmanda dabaralandyrmak üçin asmana tarap ýokary galýarlar. Günbatardan ak bulutlar ýuwaşlyk bilen süýşüp, baharyň ilkinji ösümlikleri bilen örtülen dag eňňitlerini günüň öňüni açmak üçin çygly dumanlary we sowuk çyglylygy özi bilen alyp barýar. Bu wagta çenli eýýäm ýerden ýaňy dümterip çykan zangyran ýa-da Mihelsonyň zapgyrany gögerip ýetişipdir. Öz agymtyl-benewşe güli bilen gülýaprak hem tiz wagtdan gögerer. Bu otlaryň ýyldyza meňzäp duran ýapraklary çaş ýowşanlaryň we geçen güýz ýagyşlaryndan we garlardan ýaňa saralan otlatyň arasynda zordan görünýär. Olar bary-ýogy bir hepde gülleýär. Zagnyranyň maý aýynyň başlaryna uly bolmadyk göwrümde tohumy emele gelýär. Tohumyn ösüp ýetişýän ak zagnyran diňe dörünji-bäşinji ýylynda gülleýär.


Has iri mämişi-sary gülli desseli kümüşsow-gök ýaprakly beýlegi dag zagpyrany – Korolkowany ýurduň iň ýokary belentligi bolan Koýtendagdaky Aýrybababanyň eňňitlerinde ýanwar-fewral aýlarynda görmek bolýar. Bu altynsow güller garyň ilkinji erän ýerlerinde derrew güllemek bilen bolýar. Bu beýykdäki dag gerişleriniň ilkinji „podsnežnigidir.1“

Köpetdagyň eteginde sowuk howa durnukly häsiýete eýe bolan halk arasynda sermenek adyny alan eýýäm fewral aýynyň başynda gülleýär. Aýyň ortalaryna bu ak gül dag etekleriniň gury çagylly eňňitlerine ýaýrandyr. Her bir gül adatdan daşary hoşboý ysyny töweregine ýaýaradýar. Baharyň ilkinji gülüniň ömri uzak bolmaýar. Onuň iň soňky tegmilleri gyzgynlygy has söýýän dürli görnüşli otlara orun bermek üçin mart aýynyň başynda süllerýär.


Bahar aýynda Köpetdagda özüne köp mukdarda çyglylygy toplan bereketli topragynda sünbül ýuwaşlyk bilen gögerip başlaýar. Onuň näzil gülýapragy garamtyl-gök ösüntgileriniň arasynda ýalpyldap gňrünýär. Tokaý sünbülleri özlerine iň bir çyglywe saýaly ýerleri saýlamak bilen, arçanyň aşagynda ýa-da eräp barýan ýerleriň gyrasynda ösýär. Onuň akdan mawy reňkde bolan jaňjagaza meňzeş güllerini göreniňde haýran galanyňy duýman galýarsyň. Türkmenistanda sünbülleriň Zakaspiý we Litwonow gaörnüşleri gabat gelýär.


Gadymy ryma görä sary çigildemiň gunçasynda bagt gizlenýär. Ýöne ol her bir adma üçin açylmaýar, onuň gunçasynyň wagtyndan öň açylmagyna güýji hem ýok. Ýöne bir sapar sary çigildemleriň çemenzarlygy bilen bir zenan maşgala öz oguljygy bilen geçip barýardy. Birden çagajyk uly şatlyk bilen çigildeme tarap ylgady. Birden bolsa täsin ýagdaý ýüze çykdy – altyn gunça açyldy. Bu belkem çaga gülküsiniň bagta eltýändiginden nyşandyr.

Çigildemleriň dürli görnüşli reňkleri we görnüşleri bolýar. Olaryň arasynda açyk gyzyl reňklisi – guşgy çigildemi ýa-da goýy gyrmyzy reňkli Guga çigildemi bar. Köýtendagyň açyk gyrmyzy reňkli çigildemi ýiti çüňkli ýyldyz görnüşinde bolýar. Köpetdagda dürli tegmilli gyzyl reňkli Miheliň çigildemi bolan ýa-da Buzeniň gowşak ysly sarymtyl çigildemi Wilsonyň goýy gyrmyzy reňkli çigildemine gabat gelmek bolýar, şeýle hem jaňjagaza meňzäp duran türkmen çigildemine we ak-gyzylymtyl çigildeme gabat gelmek bolýar. Tebigat bize käwagt mämişi we gyzyl gülleri peşgeş berse-de – Lemanyň we Boçansewanyň çigildemleriniň reňki açyk sary bolýar.


Fewral aýynda Köpetdagyň, Badhyzyň we Kötendagyň gowşak gyzan topragynda ilkinji ösüntgiler – ýapragynyň ýokary ýüzi gyzylymtyl-goňur reňkli zolakly garamtyl-gök ösümlikler gögerýär. Az soňra bolsa baldak, martyň ortalaryna bolsa öwadan gunçalar açylýar. Baharyň ahyryna içi tohumdan doly goza emele gelýär. Onuň tohumlary bolsa tiz wagtda daş-töwerege ýaýaraýar. Onuň kökleri bolsa indiki bahar paslyna çenli uka gider. Indiki baharda bolsa täze çigildem güli gögerer, diýmek täze bagt hem bile geler.