Ï ABŞ-nyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 797
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bruklin saz akademiýasynyň ýerine ýetiriji prodýusseri jenap Jozef Melillodan we «Dance motion USA» atly taslamanyň direktory jenap Maýkl Blankodan ybarat düzümde düýn türkmen paýtagtyna gelen wekiliýeti bilen duşuşyk boldy, bu duşuşyk dostlukly iki ýurduň we halklaryň medeniýetleriniň köp ugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamanyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi, türkmen tarapy bilen bilelikde, şol sanda «Dance motion USA» atly taslamanyň çäklerinde çäreleri guramak we geçirmek barada pikir alyşmagyň barşynda halkara döredijilik gatnaşyklarynyň netijelidigini bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ulgamyny ösdürmek we baýlaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda şol döredijilik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine wajyp ähmiýet berilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilime we medeniýete degişli meseleler boýunça býurosynyň Bruklin akademiýasy tarapyndan ugrukdyrylýan maksatnama hem bu ugurda, hususan-da, häzirki zaman tans sungatyny ösdürmek boýunça tejribe alşylmagyna ýardam bermelidir. Geçen ýylda Türkmenistanda «Şon Kurannyň topary» atly tanymal amerikan tans toparynyň çykyşynyň guralmagy hem muňa degerli ýardam etdi.

Myhmanlaryň saparlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.