Ï Türkmenistanda iri halkara ylmy maslahat öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda iri halkara ylmy maslahat öz işine başlady

view-icon 793
Şu gün türkmen paýtagtynda “Golýazmalar – milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady.

Ylmy maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilip, milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge, aýawly saklanmagyna, çuňňur öwrenilmegine hem-de milli taryhy medeni mirasymyzyň bütin dünýäde tanyşdyrylmagyna aýratyn ünüs berýär. Maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar inistituty gurady we geçirýär.


Ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, umumy adamzat ruhy genji hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň gymmatly ruhy medeni mirasynyň hemmetaraplyýyn öwrenilmegine we bütin dünýäde giňden tanyşdyrylmagyna ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek döwlet ösüşiniň täze döwründe Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe süren wezipeleriniň hatarynda durýar. Hut şu maksatlar giň halkara ylmy toparlaryň wekilleriniň – dünýäniň kyrka golaý ýurdundan iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, taryhçy-gündogarçynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýaty öwrenijileriň, arhiwleriň, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleriniň ünsüni özüne çeken halkara ylmy maslahaty geçirmegiň esasynda goýuldy.

Halkara ylmy maslahatyň işi şanly senä – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabat geldi. Bu institut abraýly ylmy-barlag merkezi we orta Aziýada gadymy golýazmalaryň saklanýan ýeri bolmak bilen, olaryň ýygnalmagyny, aýawly saklanmagyny, öwrenilmegini, terjime edilmegini we çap edilmegini amala aşyrýar. Wagtyň geçmegi bilen zaýalanýan golýazmalary dikeltmek we saklamak üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça işler institutyň işiniň möhüm ugry bolup durýar.

Häzir TYA-nyň Milli golýazmalar instituty öz täsin gaznasyna buýsanmaga haklydyr. Ol ýerde seýrek duş gelýän golýazmalaryň on müňden gowragy hem-de türkmen, arap we pars dillerindäki daşbasma kitaplarynyň üç müňe golaýy saklanýar.Olaryň täsinligi we köpdürlüligi diňe bir türkmen alymlarynda däl-de eýsem daşary ýurtly barlagçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi türkmenleriň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň dünýä giňişligindäki ähmiýetiniň we ornunyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýar.


Bulardan başga-da institutyň gaznalarynda rus, özbek. gazak, garagalpak, buluç, kürt dillerindäki materiallar bar, gadymy ýewreý dilinde ýazylan bir sany golýazma hem saklanýar.

Gadymy kitaplaryň arasynda Andalybyň, Azadynyň, Mollanepesiň, Mollamurtuň, Magtymgulynyň we türkmen nusgawy edebiýatynyň dünýä belli beýleki şahyrlarynyň golýazmalary, şeýle hem Görogly eposynyň birnäçe görnüşleri, özboluşly türkmen halk döredijiliginiň ýazgylary, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna we diline degişli golýazmalar, lukmançylyga, astranomiýa, matematika, geografiýa we haýwanat dünýäsine degişli köp sanly ylmy işler bar.

Türkmen taryhçysy Salar Baba, Gulaly ogly Harydarynyň 1555-56-njy ýyllarda öz eli bilen ýazan “Jamygut - taryh” (Taryhyň ýygyndysy) atly kitabynyň nusgasy bu täsin ýygyndynyň hakyky göwher gaşy bolup durýar. Gadymy golýazmalaryň arasynda Nasreddin Tusinyň Abu Aly ibn Sinanyň 1318-nji ýylda ýazylan işine teswirlemeleri, Abu Aly ibn Sinanyň hut özüniň golýazmalary bar. Gymmatly golýazmalaryň arasynda iň uly kitap Muhammet Sarahsynyň “Muhyt” (Umman) atly eseri bolup, onuň agramy on ýedi kilogramdan geçýär, ölçegi 58Х29,5 santimetre, galyňlygy bolsa 15,5 santimetre barabardyr. Iň kiçi kitap bolsa “Nurnama” diýilip atlandyrylyp, onuň agramy ortaça ýüz grama ýetýär.

Şunuň ýaly baý golýazmalar gaznasy – biziň ylmymyzyň we medeniýetimiziň gorlugy bolup, institutyň işgärleriniň wezipesi şol gymmatlyklaryň täze keşbe eýe bolmagyna, häzirki zaman okyjylaryny özüne çekmegine gönükdirilendir.

Geçen 20 ýylyň içinde TYA-nyň Milli golýazmalar institutyň ylmy işgärleri tarapyndan “Gorkut Atanyň kitaby”, Baýram hanyň, Jahanşa Hakykynyň, Seýitmuhammet Saýadynyň, Kätibiniň, Garajaoglanyň goşgulary, Mäne babanyň rubagylary, şorta sözüň ussady Ependiniň degişmeleriniň ýygyndysy, milli we umumyadamzat taryhynyň we medeniýetiniň görnükli ýadygärliklerine degişli köp sanly dessanlar we ylmy eserler neşire taýýar edildi we çap edildi. Orta asyr alymlarynyň işleriniň hatarynda – ХV asyrda ýaşap geçen Hüseýin Kaşifiniň “Muhsynyň ahlagy” atly eseri, belli türkmen alymy Jelaleddin Hydyryň tebipçilik baradaky kitaby we beýlekiler bar.


“Türki dilli golýazmalaryň beýany”, “Seljuk türkmenleriniň taryhy” ýaly neşirler, türkmen halk döredijiliginiň göwher gaşy hasaplanýan “Türkmen nakyllary” we “Türkmen matallary”, “Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletleri hakynda ermeni çeşmeleri” atly türkmen we ermeni alymlarynyň bilelikdäki işi we beýlekiler bütin dünýäniň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döredýär.

Institutyň hünärmenleri tarapyndan ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Päkistanyň we beýleki ençeme ýurtlaryň ylmy merkezlerinde, kitaphanalarynda we arhiwlerinde saklanýan gymmatly golýazmalary ýurdumyza gaýtaryp getirmek boýunça ägirt uly işler geçirildi. Dürli golýazmalaryň nusgalarynyň 1500 ýüzden gowragy elektron görnüşine geçirildi we ýurdumyza getirildi.

Geçen ýigrimi ýylyň içinde institutyň alymlary türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, onuň filosofiýasyna, ylmyna we bilimine, nusgawy edebiýatyna, gadymy diline, özboluşly däp-dessurlaryna, medeniýetine we köptaraply sungatyna degişli golýazma eserleriniň 400-e golaýyny terjime etdiler we çapa taýýarladylar. Eserleriň 200- e golaýy, şol sanda 130-dan gowragy türkmen dilinde we 60-a golaýy daşary ýurt dillerinde neşir edildi. Türkmen şygyryýetiniň nusgawy şahyrlary Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň eserleri azerbaýjan, türkmen, özbek, täjik, arap, rus we beýleki daşary ýurt dillerine terjime edildi hem-de okyjylaryň giň toparyna ýetirildi.

TYA-nyň Milli golýazmalar instituty şanly senä täze kitaplary – “Gadymy türkmen diliniň sözlügini”, “Milli golýazmalar institutynyň golýazmalarynyň teswiri (Türkmen dilindäki golýazmalar)” atly kitaplary, şeýle hem “Milli golýazmalar institutynyň işleri” ady bilen makalalar ýygyndysyny neşire taýýarlady.

TYA-nyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan geçen ýyllaryň içinde halkara ylmy maslahatlaryň 100-e golaýy, şol sanda olaryň onusy ýurdumyzyň çäklerinden daşarda daşary döwletleriň ylmy merkezleri bilen bilelikde geçirildi. Olar dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen halkynyň gadymy we baý medeniýeti, Türkmenistanyň we Gündogaryň halklarynyň maddy medeniýeti boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilip, milli golýazmalar mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we tanyşdyrmak işinde giňden tejribe alşylmagyna ýardam etdi.

Häzir bu işler üstünlikli dowam etdirilýär, “Golýazmalar—milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň hökümetiniň agzalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, akademiki institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, ylym we medeniýet işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.

“Golýazmalar—milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahatynyň aýratyn ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenildi. Ol Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda okaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň döredilmeginiň 20 ýyllygy, şeýle hem bu şanly senä gabat gelen Halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň işiniň müňýyllyklaryň dowamynda ynsan aň-paýhasynyň gözýetimleriniň ajaýyp miweleri bolan golýazma ýadygärliklerini, seýrek kitaplary, arhiw materiallaryny aýawly saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, umumyadamzat medeni we ruhy mirasyny wagyz etmegiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Ynsanperwer maksatlaryň esasynda dünýäniň halklaryny birleşdirmekde garaşsyz türkmen döwletiniň aýratyn jebisleşdiriji ornuny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine netijeli ylmy-medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň hatyrasyna halklary biri-biri bilen baglanyşdyrýan we ýakynlaşdyrýan ynsanperwer ýörelgelere berk eýerýäris” diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlag sözleri häzirki zaman Türkmenistanda ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge berilýän ünsüň we ägirt uly aladanyň beýany bolmak bilen, ylmy maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Alžirden, Saud Arabystanyndan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we Fransiýadan bolan ylmy toparlaryň wekilleri umumy mejlisde eden çykyşlarynda dünýä halklarynyň golýazmalar mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde Halkara ylmy maslahatyň ähmiýeti bellenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda bolup geçýän, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmäge, dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýän giň gerimli özgertmeleriň ornunyň we ähmiýetiniň uludygyny biragyzdan bellediler.

Çykyş edenler dünýä halklarynyň golýazmalar mirasyny öwrenmekde we aýawly saklamakda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini gozgadylar. Çykyşlarda gadymy golýazmalary we arhiw materiallaryny dikeltmek we öwrenmek, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek bilen bagly bilelikdäki barlaglaryň netijeleri bilen hem tanyşdyryldy.

Umumy mejlis tamamlanandan soň maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Sergide Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda saklanýan täsin golýazmalar we beýlekiler, gadymy taryhyň subutnamalary, ylmy pikiriň çuňňurlygy we köptaraplylygy, türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň baýlygy we köpdürlüligi açylyp görkezildi. Aýry-aýry diwarlyklarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän işleri we kitaplary görkezildi. Öz täsin gymmatlyklary—arheologik tapyndylary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty hem-de Arheologiýa we etnografiýa instituty tanyşdyrdylar.

Halk aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli aýdym-sazlar myhmanlary türkmen döredijiliginiň köpdürlüligi bilen tanyşdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi ylmy bölümleriň bäşisinde dowam etdi. Şonda golýazma çeşmelerini öwrenmegiň we aýawly saklamagyň möhüm meseleleri, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýry-aýry bölümleriň işiniň barşynda taryhymyzy, dilimizi, edebiýatymyzy we milli medeni mirasymyzy öwrenmekde golýazmalar mirasynyň ähmiýeti beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylar golýazmalary aýawly saklamakda täze tehnologiýalary peýdalanmak babatda hem tejribe alyşdylar.

“Golýazmalar - milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahaty ertir öz işini dowam eder.