Ï Aşgabatda Ukrainanyň medeniýet günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Ukrainanyň medeniýet günleri açyldy

view-icon 694
Şu gün türkmen paýtagtynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletleriň liderleri tarapyndan başy başlanan bu medeni çäre soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan giň möçberli türkmen-ukrain gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant bolar. Ähli ugurlarda, şol sanda gumanitar ulgamynda döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depgini iki ýurduň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürme islegine aýdyň şaýatlyk edýär.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň duşuşyklarynyň barşynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň mejlislerinde gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli häsiýetini belläp geçmeli. 2012-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň däp bolan dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr bolan Ukraina döwlet sapary boldy, geçen ýylyň dekabrynda iki döwletiň Liderleri GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabatda ýene-de duşuşdylar. Şu ýylyň fewralynda Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi, ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gumanitar ulgamynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy, hakykatdan hem, däp boýunça iki ýurduň gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň baý taryhy, dünýä medeniýetine goşýan ägirt uly goşandy, birek-biregiň ruhy durmuşyna üýtgewsiz gyzyklanmak onuň esasyny düzýär. Medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklara köp sanly döredijilik çäreleri girýär, olar soňky ýyllarda dostlukly ýurtlarda yzygiderli geçirilýär.


2011-nji ýylda Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmenistanlylary doganlyk halkyň baý sungaty bilen tanyşdyran birnäçe ajaýyp çäreler geçirildi.

Bir ýyl mundan öň türkmen atçylyk sirkiniň Kiýewdäki çykyşy uly üstünlige beslendi. Dostlukly ýurduň medeniýet işgärleri GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Aşgabatda geçirilen VII maslahatyna, şeýle hem Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar.

Geçen ýylyň noýabrynda türkmen sungat ussatlary döredijilik çäreleri bilen Kiýewe bardylar. Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň çäklerinde gumanitar ulgamynda türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler guraldy.

Iki döwletiň Liderleriniň Aşgabatdaky duşuşygyna gaýdyp gelmek bilen, taraplaryň Medeniýet günlerini, döredijilik festiwallaryny we Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň halklarynyň has ýakynlaşmagyna ýardam edýän beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegi mundan beýläk-de ösdürmek barada hem ylalaşandyklaryny ýatlalyň. Häzirki wagtda şol ylalaşyklar anyk işlerde durmuşa geçirilýär—Türkmenistan ukrain dostlaryny—doganlyk halkyň medeniýet wekillerini, sungat ussatlaryny ýene-de mähirli garşylaýar.

Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Ukrainanyň medeniýet ministriniň baştutanlygynda wekilçilikli topar Aşgabatda geldi, bu döredijilik duşuşygy 30-njy marta çenli dowam eder. Döredijilik wekilleriniň düzüminde meşhur halk döredijiligi topary, giňden tanalýan sazandalar, suratkeşler, dostlukly ýurduň muzeýleriniň hem-de kino sungatynyň işgärleri bar. Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy türkmenistanlylara ukrain halkynyň özboluşly medeni mirasy, urp-adatlary we däp-dessurlary, ukrain sungatynyň häzirki ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyşyndan öňürti görnükli ukrain şahyry Taras Şewşenkonyň türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň ajaýyp künjekleriniň birinde oturdylan ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Dabara Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalýew, medeniýet ministri Leonid Nowohatkonyň baştutanlygynda Ukrainanyň wekiliýeti, Ukrainanyň ilçihanasynyň, Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ukrain paýtagtynda beýik türkmen şahyry-akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdyldy. Bu özboluşly şahyrana köpri iki doganlyk halklary baglanyşdyrýan ruhy ýüplükdir. 2014-nji ýylda türkmen we ukrain halklarynyň görnükli ogullarynyň ady bilen baglanyşykly taryhy seneleriň- Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň we Taras Şewşenkonyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň bellenjekdigi guwançlydyr.

Günüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň medeniýet ministriniň baştutanlygynda dostlukly ýurduň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde kabul edildi. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen mähirli we ynanyşmak ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-ukrain medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler gozgaldy, iki halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, muzeý we kitaphana gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça bilelikde iş geçirmek hakynda pikir aýdyldy, şeýle hem artistleriň alyş-çalyş çykyşlaryny, sergi we beýleki çäreleri guramak babatda mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşlyldy.

Agşam Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ukrainanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň döredijilik intelligensiýasy we ýaşlary, şeýle hem dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Ukrainanyň medeniýet ministri Leonid Nowohatko gutlag sözleri bilen döredijilik maslahatyna gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlendi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem öz türkmen kärdeşlerine maslahaty ýokary derejede guralandygy we Ukrainanyň sungatynyň wekilleriniň mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, şu çäräniň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, gumanitar gatnaşyklarynyň giňelmeginde ähmiýetini nygtady.

Jenap L.Nowohatkonyň belleýşi ýaly, “Ukrain we türkmen halklary medeni we ruhy däpleriň umumylygy bilen birleşendir”.

Soňra Ukrainanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Onuň maksatnamasyny Ukrainanyň şöhrat gazanan toparynyň—Kiýewiň “Bereginýa” atly akademiki ukrain halk döredijiligi teatrynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar düzdi.

Konsert maksatnamasyna halk medeniýetiniň däp bolan görnüşleri girizildi, şonda tanslar, aýdymlar, sazlar sazlaşykly utgaşdy. Ussat aýdymçylar, tansçylar, sazandalar ukrain halk döredijiliginiň iň oňat nusgalaryny: däp-dessurlary, halk aýdymlaryny, tanslary, degişmeleri ýerine ýetirdiler. Ajaýyp öwüşginli ukrain halk lybaslary döredijilik baýramçylygynyň hakyky bezegi boldy.

Tomaşaçylar artistlere şowhunly el çarpdylar we ajaýyp ýaz güllerini gowşurdylar.

günüň birinji ýarymynda medeniýet çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işiniň ukrain dilinde çap edilen ikinji, üçünji we dördünji jiltleriniň tanyşdyrylyşy bolar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde fotoserginiň we Ukrainanyň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň açylyşy bolar. “Watan” kinokonsert merkezinde Kiýewiň “Bereginýa” atly ukrain halk döredijiligi akademiki teatrynyň döredijilik toparynyň konserti bolar. Agşam “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ukrain kinematografiýaçylarynyň işleri görkeziler.

Ukrainadan gelen myhmanlar üçin uly medeni maksatnamasy türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, Aşgabadyň muzeýleriniň özboluşly gymmatlyklary bilen tanyşmagy, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmegi özünde jemleýär.