Giň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanda halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça işjeň ýagdaýda alnyp barylýan işiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu günler Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça agentliginiň (TIKA-nyň) hünärmenleriniň toparynyň Türkmenistana sapary munuň nobatdaky subutnamasydyr, bu saparyň maksady taryh we medeniýet boýunça bilelikdäki täze taslamany taýýarlamakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylda TIKA-nyň döredilmegine 20 ýyl dolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda TIKA bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalygy, täze tehnologiýalar, syýahatçylyk, maliýe we statistika, awtomobil ýollarynyň gurluşygy, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet, ylym işleri boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Gumanitar ugra degişli taslamalar şol işiň agramly bölegini düzýär. Şolaryň arasynda 2002-2004-nji ýyllarda Orta Aziýanyň orta asyrlardaky binagärligine degişli ajaýyp ýadygärligi – Soltan Sanjaryň kümmetini dikeltmek boýunça amala aşyrylan taslamany görkezmek bolar. Şu ýylyň martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we TIKA tarapyndan guralan “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahat ylym we bilim ulgamy hem-de medeniýetleriň ýakynlaşmagyna ýardam berýän ýagdaý hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.
TIKA-nyň hünärmenleriniň Türkmenistana şu saparynyň barşynda medeni-gumanitar ugur boýunça mundan beýläk-de bilelikde hyzmatdaşlyk edilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginde geçirilen duşuşygyň barşynda “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleri – ashablar al-Hakam ibn Amr al – Gifariniň we Bureýda ibn al – Huseýb al – Aslaminiň kümmetlerini dikeltmek boýunça taslamanyň taýýarlanmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TIKA-nyň hünärmenleri geçiriljek işleriň möçberlerini anyklamak maksady bilen Mary welaýatyna ugradylar.