Şu gün türkmen paýtagtynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ukrain we türkmen artistleriniň bilelikdäki jemleýji konserti döredijilik baýramçylygyny tamamlady.
Uly möçberli medeni çäräniň başy iki döwletiň baştutanlary--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç tarapyndan başlandy. Döredijilik forumy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ukraninanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky 2012-2014-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi, ol iki ýurduň gumanitar hyzmatdaşlygynyň artýan depgininiň, dostlukly halklaryň birek-biregiň ruhy durmuşyna uly gyzyklanma bildirmeginiň ýene-de bir ajaýyp mysaly boldy
forumynyň çäklerinde Aşgabatda bolan dürli çäreler we duşuşyklar medeni-bilim beriş gymmatlyklaryny mundan beýläk-de alyş-çalyş etmäge, döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze kuwwatly itergi berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ikinji, üçünji we dördünji jiltleriniň ýakynda bolan tanyşdyrylyşy Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu waka bagyşlanylan dabarada hormatly Prezidentimiziň düýpli ylmy işiniň ukrain dilindäki neşiriniň däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde we iki dostlukly halklaryň arasyndaky ylmy-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde uly ähmiýetiniň bardygy bellenip geçildi.
Paýtagtymyzyň iň oňat konsert zallarynyň sahnasynda ussatlyk bilen çykyş eden Kiýewiň “Bereginýa” atly akademiki ukrain halk döredijiligi teatrynyň şöhrat gazanan döredijilik toparynyň artistleri Türkmenistanda täze köp sanly muşdaklara eýe boldy. Konsertler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly ýurduň sungatynyň ajaýyp öwüşgini, ukrain halkynyň özboluşly urp-adatlary we däp-dessurlary bilen tanyşdyryp, uly üstünlige beslendi.
Ukrainanyň özboluşly medeni we taryhy gymmatlyklary bolan çeper gologrammalaryň sergisi, şeýle hem ukrain halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Petrikow bezegleriniň ekspozisiýasy, Ukrainanyň halk suratkeşi Galina Nazarenkonyň amala-haşam sungatynyň bu görnüşi boýunça ussatlyk synp okuwy sungaty öwrenijileriň, etnograflaryň, şeýle hem giň tomaşaçylaryň gyzyklanyp üns bermegine mynasyp boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde bolan kino görkezişler tomaşaçylara geçen ýyllaryň kinematografiýasyna aralaşmaga mümkinçilik berdi.
Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, paýtagtymyzyň jemgyýetçiliginiň, döredijilik intelligensiýasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we dostlukly ukrain halkynyň medeniýetiniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar milli medeniýetleriň ösüşine, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny ýöredýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler. Ukrain myhmanlary ajaýyp türkmen paýtagtynda mähirli kabul edendikleri üçin hem hoşallyk bildirdiler.
Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap W.Şewalýewiň çykyşynda Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň nesilen-nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklaryny saklap galmak bilen bir hatarda, dostluk gatnaşyklary baýlaşdyrýandygyny hem bellenildi, olar iki halkyň ruhy ýakynlygynyň beýany, üstünlikli ösýän köptaraply döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy boldy.
Dabaranyň esasy böleginden soň türkmen we ukrain artistleriniň ajaýyp çykyşlary boldy. Türkmen we ukrain halk aýdymlary hem-de sazlary, ajaýyp tanslar, halk döredijiligine degişli urp-adat çykyşlary baýramçylyk jemleýji konsertiniň maksatnamasyny düzdi. Tomaşaçylar ýene-de Ukrainanyň “Bereginýa” toparynyň, şeýle hem türkmen bagşylarynyň, estrada aýdymçylarynyň we sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlaryna haýran galmak we şatlyk bilen tomaşa etdiler.
aýdymçysynyň “Gandziýa” atly ukrain halk aýdymyny ýerine ýetirmegi ukrain myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Soňra ukrain sazandalary ajaýyp türkmen mukamyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ajaýyp ukrain tansy bolan “Gopagyň” we türkmen “Küştdepdisiniň” ýerine ýetirilmegi şowhunly elçarpyşmalara mynasyp boldy. Ukrain äheňleri türkmen mukamlary bilen utgaşdy, umumy dostluk tansy ýerine ýetirijileriň aýdyň çykyşy bilen gurşap aldy.
Türkmen we ukrain halkyna özboluşlylygyny saklap galmak, öz medeniýetiniň deňsiz-taýsyz päkligini asyrlaryň jümmüşinden alyp gelmek başartdy. Iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki çykyşy muny äşgärlik bilen görkezdi.
Abadan we myhmansöýer türkmen topragynda, parahatçylyga we agzybirlige ýokary baha berilýän ýurtda ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy we olary öňe sürýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdym dik durlup şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
dost doganlyk mekany” diýen aýdym döredijilik baýramçylygynyň tamamlaýjy çykyşy bolup ýaňlandy, onuň owazy astynda jemleýji konserte gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdy, şol aýdymyň ajaýyp medeni waka hökmünde artistleriň we tomaşaçylaryň ýadynda galjakdygy şübhesizdir.
Ukrainanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda häzirki medeni çäräniň ýokary derejede guralmagyna we geçirilmegine ýardam edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.