Ï Mart – 2013: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mart – 2013: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 7330
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary öz öňlerinde goýlan strategiki wezipeleri, şol sanda Türkmenistanyň halkara giňişlikler ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde işjeňligini artdyrýarlar. Şu teswirlemede yzygiderli beýan edilen köp sanly halkara wakalary milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça olaryň geçen aýda amala aşyran işleriniň möçberini hem-de ähmiýetini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Baharyň ilkinji güni Internet ulgamynda açylan “Nowruz baýramy” atly saýt bolsa, Türkmenistanda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabaralaryň aýnasyna öwrüldi. Bu dabaralara bagyşlanan saýt giň gerimli baýramçylyk çärelerini beýan etmek maksady bilen işlenip taýýarlandy. Şol dabaralaryň çäklerinde dürli wakalar, şol sanda festiwal, ylmy maslahat, konsertler, sergiler we bäsleşikler, tanyşdyrylyş dabaralary we duşuşyklar geçirildi. Saýty Türkmen döwlet habarlar gullugy /TDH/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işläp taýýarlady.

Bähbitleriň deňagramlylygyny, gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň umumy nokatlaryny, ösüşiň ýollaryny gözläp tapmak täze döwrüň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýöredýän Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan hem täze saýt Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri we halklary we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Täze saýt dünýäniň geosyýasy, ykdysady, medeni giňişliginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň abraýyny habar beriş diplomatiýasynyň serişdeleri bilen berkarar edýän, onuň dünýäniň habarlar giňişligine işjeň aralaşmagyna ýardam berýän türkmen elektron neşirleriniň üstüni ýetirdi.

Paýtagtymyza her gün diýen ýaly daşary döwletleriň, halkara guramalarynyň wekilçilikli toparlary gelýärler, ikitaraplaýyn hökümet gepleşikleri, ykdysadyýet, bilim we ylym, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlar geçirilýär.

2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Loran Fabiusyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen fransus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika degişli hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada netijeli pikir alyşmak dowam etdirildi, şol mejlise Fransiýanyň daşary işler ministri we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edrasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem Türkmen döwlet nebit we gaz instituty bilen “Total” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi, şonda bu belli fransuz kompaniýasynyň oý-pikirleri alyşmak, ylmy barlaglary geçirmek we işgärleriň taýýarlanmagyna ýardam bermek üçin niýetlenen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak arkaly Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigi äşgär edilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, 3-nji martda türkmen paýtagtynda Golliwudyň 100 ýyllygyna bagyşlanan amerikan kinosynyň günleriniň başlanandygyny, şol çäräniň çäklerinde dürli ýyllarda “Oskar” kino akademiýasynyň baýragyna mynasyp bolan filmleriň görkezilendigini bellemelidiris. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Müdirliginiň toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Bet Daýson bilen duşuşyk geçirildi. Soňky ýyllarda birnäçe möhüm ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardyklaryny bellediler.

Hanym Bet Daýsonyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda hem duşuşyk geçirildi.

4-nji martda Türkmenistan Belgiýanyň Gent şäherinde geçirilen “Flanders Horse Expo – 2013” atly halkara atçylyk sergisine gatnaşdy. Bu sergi Ýewropada her ýylda atçylyk pudagy we atçylyk sporty boýunça guralýan uly sergileriň biridir. Biziň ýurdumyzyň hem sergä gatnaşmagy türkmen atçylygynyň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň, şu ugurda toplanan tejribe we bu pudagy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri babatda uly gyzyklanma bildirilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli ekspozisiýa “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Daşary işler ministrligi, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy we şunda Türkmenistanda atçylygyň häzirki okgunly ösüş depginleri bilen tanyşdyryldy.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary “Flanders Horse Expo – 2013” atly serginiň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän dürli kompaniýalara we assosiasiýalara wekilçilik edýän beýleki adamlar bilen duşuşdylar. Şonda degişli düzümleriň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, atçylyk sporty boýunça pudagara derejesinde Türkmenistan bilen gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň iri şäherleriniň biri bolan Stambulda Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň geçirilmegi mart aýynyň ilkinji günleriniň esasy wakalarynyň biri boldy. “Haliç” maslahatlar merkezi 5-6-njy martda wekilçilikli duşuşygyň geçirilýän ýeri boldy. Maslahata gatnaşmak üçin halkara işewür toparlarynyň, maliýe düzümleriniň wekilleri, esasy bilermen-seljerijiler, alymlar, şeýle hem döwlet gullukçylary, döwlete dahylsyz düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we köp ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň işgärleri Stambula geldi.

Türkmenistanyň bu maýa goýum maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda – senagat edarasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Biržalarynyň we söwda edaralarynyň birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar baradaky komiteti we türk-türkmen işewür geňeşi bilen bilelikde guraldy.

Bu halkara maýa goýum maslahatynynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem türk we dünýä kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

5-nji martda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Miçigan uniwersitetiniň (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Düýpli ylymlar merkeziniň direktory, şu uniwersitetiň bilim fakultetiniň tebigy ylymlary okatmagyň we öwrediş tehnologiýalarynyň professory doktor Nensi Batler Songer bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy martda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bruklin saz akademiýasynyň ýerine ýetiriji prodýusseri jenap Jozef Melillodan we “Dance motion USA” atly taslamanyň direktory jenap Maýkl Blankodan ybarat düzümde türkmen paýtagtyna gelen wekiliýeti bilen duşuşyk boldy, bu duşuşyk dostlukly iki ýurduň we halklaryň medeniýetleriniň köp ugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamanyň çäklerinde geçirildi. Saparyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda hem kabul edildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Hökümetinde, Türkmenistanyň Merkezi bankynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli institutynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky bilen bank, ulag we ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

6-10-njy mart aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ITB Berlin 2013 iri halkara syýahatçylyk sergisinde ýurdumyzyň syýahatçylygynyň kuwwaty we geljegi görkezildi. Sergä biziň ýurdumyz bilen birlikde dünýäniň 187 ýurdundan syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça forumyň işine gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Berline ugradyldy.

6-njy martda, serginiň işiniň birinji güni tamamlanandan soň, ITB Berlin 2013 sergisiniň bölümleriniň biri hökmünde forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ählumumy syýahatçylyk bazaryna goşulyşmagyna bagyşlandy. Oňa syýahatçylyk ulgamyndaky halkara bilermenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň top-menejerleri, dürli ýurtlardan pudagyň hünärmenleri, şeýle hem Germaniýanyň esasy habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumda syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy we bu tejribäni Türkmenistanda ulanmagyň mümkinçilikleri seljerildi.

Ýurdumyzda geçirilen halkara wakalaryna gaýdyp gelmek bilen, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan medeni – ynsanperwerlik çäresiniň ähmiýetini bellemelidiris. 9-14-nji mart aralygynda paýtagtymyzda ýapon medeniýetiniň hepdeligi geçirildi.

Bu çärä gatnaşmak üçin professor Midori Ýamada we onuň kärdeşi-professor, Ikenobonyň Moskwadaky şahamçasynyň prezidenti Galina Dawidenko Aşgabada geldi. Bu hepdeligiň çäklerinde geçirilen köpsanly çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly ýurduň sungatynyň özboluşly ýörelgeleri, onuň däp-dessurlary, medeniýet ulgamynda gyzananlary bilen tanyşdyrdy, häzirki döwürde türkmen-ýapon dostluk gatnaşyklarynyň, şol sanda ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

11-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari-Pýer Puarýe bilen duşuşyk geçirildi. Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny, hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Bu maksatnamanyň orta möhlet syny boýunça maslahat bolsa 12-nji martda geçirildi. Duşuşygyň barşynda geljek üçin meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. UNISEF-iň sebitleýin direktorynyň biziň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde hem duşuşyk geçirildi.

11-nji martda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň syýasat meseleleri boýunça uly işgäri jenap Tomas Lançeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Oba hojalyk ministrliginde kabul edildi.

Duşuşyklaryň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli milli maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň /FAO/ wekilleriniň saparynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde, Suw hojalyk ministrliginde, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hem duşuşyklar geçirildi.

11-nji martda Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyna tapgyrlaýyn neşiriň ISSN 2307-1206 halkara standart belgisiniň berlendigi barada habar gelip gowuşdy. Neşir ISSN Sanawynda hasaba alyndy. Ol Parižde ýerleşýän ISSN Halkara merkezi tarapyndan tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda bolup geçýän halkara ähmiýetli wakalara syn bermek we olary ýurdumyzyň we dünýäniň okyjylaryna ýetirmek, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, häzirki döwrüň sebitleýin we ählumumy meselelerini ylmy-tejribe taýdan beýan etmek bu neşiriň esasy wezipesi bolup durýar.

Şol günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly on günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, beýleki tebigaty goraýyş düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň işi tebigy serişdeleri ulanmak we daşky gurşawy goramak, ummanlary öwrenmek, ekologiýa seljermesi, gidrometeorologiýa, deňiz portlary bilen baglanyşyklydyr. Okuw maslahatyna şeýle hem ýokarda agzalan ulgamlarda IOI-niň halkara bilermenleri we ylmy geňeşçileri, şol sanda Şweýsariýadan, Kanadadan we beýleki ýurtlardan hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň maksatnamasy dünýä ykdysadyýetiniň täze nusgasyny döretmek ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugruna degişli meseleleri öz içine alýar. Ol döwletleriň durnukly ykdysady ösüşini adamlaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň durmuş we ekologik ugurlary bilen kadalaşdyrar. Duşuşyga gatnaşyjylar meýilnamalaşdyrmagyň häzirki zaman usullary hem-de täze tehnologiýalar, şol sanda “BILKO” we “GIS” ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi, şeýle hem tebigaty goramak işiniň dürli ulgamlarynda, kartografiýada, geodeziýada, gidrografiýada, meteorologiýada, senagat we raýat gurluşygynda hem-de beýlekilerde ulanyp bilinjek kosmiki monitoring maglumatlary bilen tanyşdylar.

Nebitgaz serişdelerini gözlemek we ulanmak, deňiz gurşawyny goramak, gämiçiligi kadalaşdyrmak, deňiz söwdasyny, ulag ulgamyny, portlary ösdürmek, gämileri hasaba almak, balyk tutmak ulgamlarynda halkara hukuk kadalaryna, şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

“Senagat” paýdarlar – täjirçilik bankynyň Ženewada Halkara işewürlik assosiasiýasynyň (Business Initiative Directions) howandarlyk etmeginde Hil boýunça halkara konwensiýasynyň (B.I.D.) hil, öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar bilen bagly toparda halkara sylagynyň “Altyn” derejesine eýe bolmagy mart aýynda milli bank ulgamyndaky möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň bankynyň wekillerine degişli sertifikat gowşuryldy.

Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda maýa goýumlary babatdaky işjeňligi artdyrmakda we ýurdumyzyň ykdysady taýdan yzygiderli ösüşe eýe bolmagyny üpjün etmekde bank ulgamynyň ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň halkara bilermenleri we seljerijileri tarapyndan oňlanýandygyny we muňa oňyn baha berilýändigini görkezýän subutnamalaryň birine öwrüldi.

Döwlet ösüşiniň täze tapgyryny Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe süren möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek, umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy-medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge hem-de bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesini görkezmek bolar. 13-14-nji martda geçirilen “Golýazmalar—milli mirasy öwrenmegiň ilkinji çeşmesi” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmegiň esasyny hem hut şu maksatlar düzýär. Bu maslahat giň halkara ylmy toparlaryň wekilleriniň – dünýäniň 40-a golaý ýurdundan iri ylmy hem-de medeni merkezleriň ýolbaşçylarynyň, gündogary öwreniji taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, arhiwleriň, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleriniň ünsüni özüne çekdi.

13-14-nji martda Birleşen Arap Emirliklerinde, Dubaý şäheriniň Halkara maliýe merkezi bolan “Rits-Karlton” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy--2013” atly halkara maslahat geçirildi. Çäräni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Maslahata biziň ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryndan başga hem BAE-niň we Täjigistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň iri halkara guramalarynyň we nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda 30-dan gowrak ýurtdan 100-den gowrak kompaniýalaryň wekilleri bar, olar Exxonmobil, Shell, BP, CNPC, Petronas, Dragon oil, Hyundai Engineering Co., LG International, RWE Dea AG, Winterchall Holding GmbH, Schlumberger kompaniýalarynyň, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleridir.

Ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň işi bilen mümkin bolan hyzmatdaşlarymyzy tanyşdyran hem-de pudagy ösdürmegiň ähli ugurlary, şol sanda ýataklary agtarmak, nebitgazy gaýtadan işlemek we nebithimiýasy, hyzmatlary etmek, häzirki zaman önümçilik we gazgeçiriji düzümlerini döretmek, şeýle hem Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bar bolan mümkinçilikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasynda täze maýa goýumlaryny milli energetika ulgamyna çekmek üçin ýurdumyzyň strategiýasyny we ugruny bellän Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm birlikleriniň wekilleriniň çykyşy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň we BAE-niň, ABŞ-niň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň meşhur kompaniýalarynyň arasynda köp sanly duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk jähtinden bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sport ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen amerikaly olimpiýaçylar Robert Pauers we Daniel Biri biziň ýurdumyza geldiler. 13-nji mart Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol oýunlar, mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

14-nji martda türkmen-owgan dostluk ýyl ýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy. Şol gün türkmen halkynyň dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek ýaly durmuş ýörelgelderiniň durnuklylygyny alamatlandyrýan waka boldy. Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinden owgan serhedine tarap ynsanperwerlik ýüki bolan kerwen ýola düşdi. Onda Owganystanyň çagalar öýlerinde terbiýelenýänlere, mekdep okuwçylaryna niýetlenen sport geýimleri, süýji-köke önümleri, okuw edebiýatlary we enjamlary bar. Bu ynsanperwerlikli çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli amala aşyryldy.

14-15-nji martda türkmen paýtagtynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Premýer- ministriniň ýanyndaky Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky türk agentligi (TIKA) bilen bilelikde guralan maslahata ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň , Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Umuman, Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä taryhyndaky ornuny kesgitlemäge, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde onuň täzeden dikeldilmeginiň ylmy esaslaryny seljermäge bagyşlanan forumyň işi netijeli boldy. Umumy we dört bölümiň mejlisleriniň barşynda möhüm meseleler boýunça ylmy çykyşlaryň onlarçasy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi diňe bir sazlaşykly diplomatiki gatnaşyklary däl, eýsem, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we giňeltmegi hem göz öňünde tutýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň syýahatçylyk baradaky Geňeşiniň mejlisi hem hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirildi. Bu mejlis 15-nji martda Moskwada Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň hem-de 11 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. GDA-nyň giňişliginde syýahatçylygy ösdürmegiň geljegine bagyşlanan maslahata Türkmenistan hem gatnaşdy. Häzir biziň ýurdumyzda bu pudak milli ykdysadyýetiň möhüm bölegine we işjeň halkara gatnaşyklarynyň ugruna öwrülýär.

16-njy martda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen şäherinde “Eguitana 2013” Bütindünýä atçylyk sportunyň ýarmarkasy açyldy. Dünýäniň atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri çärä gatnaşmak üçin, hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda biziň ýurdumyzyň wekiliýeti ugradyldy. Wekiliýetiň düzümine ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň, atçylyk sporty toplumynyň ýolbaşçylary, şeýle hem weterinariýa ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri, atşynaslar, seýisler we beýlekiler girdi.

Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň şeýle abraýly çärä gatnaşmagynyň baş maksady degişli pudaklarda tejribe alyşmakdan, ulgamdaky täzelikleri we ýetilen sepgitleri öwrenmekden, Türkmenistanyň atçylyk ulgamynyň üstünligini giň halkara köpçüligine ýetirmekden, ýurdumyzda atçylyk sportyny we atly syýahatçylygy ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyrmakdan hem-de bu ugur boýunça täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy.

17-18-nji martda türkmen paýtagtynda möhüm ykdysady forum - Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ykdysady sergisi geçirildi. Ol bu jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagyşlandy. Sergi hem-de maslahat Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bäş ýyllyk işiniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan hususy ulgamy ösdürmekde bu birleşige möhüm orun degişlidir.

18-nji martda paýtagtymyzda daşary ýurtlaryň hususy telekeçileriniň wekilleri -- Latwiýa Respublikasynyň Rigadaky gämi gurluşyk zawodynyň başlygy, “Eiroholdings” kompaniýasynyň direktory jenap Wasiliý Melniksiň ýolbaşçylygynda Latwiýa senagatçylarynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda we beýleki pudaklaýyn edaralarda geçirilen duşuşyklaryň barşynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jon Holmesden ynanç hatyny kabul etdi. Ol Türkmenistanyň DIM-inde hem-de ýurdumyzyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň käbirinde kabul edildi.

Şol gün, 27-nji martda türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Izmir şäheriniň golaýynda ýerleşýän Çeşme şypahana şäherjiginde geçirilen “Syýahatçylyk Bütindünýä mirasynyň merkezlerinde: islegler we mümkinçilikler” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Türkmen paýtagtynda bolsa şol gün Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni çäre soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan giň möçberli türkmen-ukrain gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant boldy. Döredijilik forumynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen dürli çäreler we duşuşyklar medeni-aň-bilim gymmatlyklaryny alyşmaga, döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze kuwwatly itergi berdi.

Martyň ahyrynda Daşoguzda geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat geçen aýyň möhüm halkara wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän uly möçberli maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalarynyň –Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň /AHHG/, BMG-niň ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň /ÝUNEP/, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň /FAO/, şeýle hem olaryň howandarlygynda amala aşyrylýan halkara maksatnamalarynyň we taslamalarynyň—Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýörite maksatnamanyň /SPEKA/, IKARDA sebitleýin maksatnamanyň, Merkezi Aziýa Sebitleýin ekologiýa merkeziniň /MASEM/ wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen maslahat täze pikirleri we teklipleri işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir. Şol teklipler Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň işiniň netijeli ugurlaryny kesgitlemäge, Aral bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde sebitiň döwletleriniň hem-de dünýä bileleşiginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmäge, ähli halklaryň abadançylygynyň bähbidine ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Mart aýynyň soňky günlerinde biziň ýurdumyz daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň köpüsiniň üns merkezinde boldy. Hususan-da, köp sanly abraýly metbugat neşirlerinde türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri barada dürli makalalar çap edildi. Mysal üçin, Nýu-Delide (Hindistan) neşir edilýän “Buziness Central Asia” halkara žurnaly dolulygyna Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanyny taýýarlap, ony neşiriň ýaýradylýan Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň, şeýle hem bu çäkden daşarda elýeterli bolan sebitleriň okyjylar köpçüligine hödürledi.

“Uzbekistan Trawel News” /”Özbegistanyň syýahatçylyk täzelikleri”/UTN/ gazetinde çap edilen makala “Türkmenistan –şypahanalar mekany” diýlip atlandyrylýar.

Onuň nobatdaky sanlarynyň birinde “Dünýä ýurtlary” diýen rubrika astynda Türkmenistanyň şypahanalary we dynç alyş ýerleri hakynda makala ýerleşdirildi. Onda “Arçman”, “Berzeňňi”, “Baýramaly”, “Mollagara”, “Farap” we “Ýyly suw” ýaly meşhur şypahanalar hakynda gürrüň berilýär.

Özbegistanyň döwürleýin neşirleri şunuň ýaly habarlardan başga-da, biziň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri yzygiderli beýan edip, öz täzeliklerinde biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti, medeniýeti, halkara durmuşy, dostlukly türkmen döwletiniň durmuş syýasatyny amala aşyrmakda ädýän möhüm ädimleri hakynda habar berýär.

Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen şanly waka--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda täze tokaý zolagynyň düýbüniň tutulmagy özbek habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Neşirleriň köpüsi öz habarlaryny bag ekişlik çäresine bagyşlap, olarda türkmen döwletiniň Baştutanynyň sebitiň ekologiýa abadançylygy üçin bu wakanyň ähmiýeti, adamlar üçin ajaýyp şertleriň üpjün edilmegi, tebigatyň, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň gözelligini saklamak hakynda aýdan sözlerini mysal getirdiler.

Biziň ýurdumyzyň geçen aýdaky halkara işjeňligi bilen baglanyşykly wakalar hindi filmleriniň görkezilişi bilen tamamlandy. 30-njy martda Mary şäherinde, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda hindi filmleriniň görkezilişiniň guralmagy bilen baglylykda dabaraly çäre geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky özara dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky medeni çärä öwrüldi.

Bir söz bilen aýdylanda, geçen aýyň wakalarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýurdumyzyň açyklygy, dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň möhüm şerti bolup durýar. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly we döredijilikli syýasaty bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly barýan ýurdumyzyň geljeginiň örän uludygy barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.