Ï Täze döredijilik taslamalarynda türkmen bedewleri hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze döredijilik taslamalarynda türkmen bedewleri hakynda

view-icon 1173
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň howandarlygynda geçirilýän bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Döredijilik mümkinçiliklerini ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça geçirilýän giň möçberli işe çekmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen we her ýyl geçirilýän bäsleşik bu ulgamda wagyz etmek işiniň täze usullaryny ösdürmek üçin örän täsirli çärä öwrüldi. Ýöne, mundan başga-da, soňky ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, bu çäre medeniýet ulgamynyň wekilleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, diňe bir şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde däl, eýsem, giň köpçülige täsir edýän publisistikanyň hem-de neşirýatyň beýleki ugurlarynda hem döredijilik başlangyçlary üçin uly ähmiýete eýe boldy.


Şoňa görä-de, şu ýyl ahalteke bedewleriniň gözelligini has oňat şekillendirmek ugrundaky bäsleşige nakgaşlyk, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary, şeýle hem neşirýat ulgamynyň, habar beriş serişdeleriniň işgärleri giňden çekildi. Munuň özi bu başlangyjyň örän jüpüne düşendigine şaýatlyk edýär. Wagtyň geçmegi bilen bu başlangyç täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän şu sergi muny tassyklaýar.

Sergini guraýjylaryň aýtmagyna görä, şu ýyl bu çäre esasy iki ýagdaý bilen tapawutlanýar: birinjiden, sergä gatnaşyjylaryň we oňa hödürlenýän işleriň sany ep-esli artdy, ikinjiden, döredijilik wezipesine çemeleşmegiň özi täze many-mazmuna eýe boldy. Şunda döredijiligiň täze usullaryny işjeň gözlemäge, sungatyň dürli görnüşlerini seljermäge uly ähmiýet berilýär.


Sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşik sergisine işleriň 500-den gowragy girizildi. Bu zala geleniňde, hakyky bedewler şalygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Bu ýerde bedewler dürli görnüşde—tebigatyň ajaýyp ýerlerinde, at çapyşyklarynyň geçirilýän pursadynda, oba durmuşynyň özboluşly sahnajyklarynda, milli dessurlaryň berjaý edilýän pursatlarynda, baýramçylyk dabaralarynda... şekillendirilipdir.

Bedew türkmen üçin mukaddes jandardyr, şoňa görä-de, atlar barada köp sanly rowaýatlar, ertekiler, nakyllar we tymsallar döredilipdir. Halkymyz türkmen bedewlerine uly hormat-sarpa goýýar. Bedewleriň keşbiniň ynsanyň arzuw-umytlary, bagtyýarlygy, ähli nurana hem-de hoşniýetli zatlar bilen deňeşdirilýän pursatlary hem az däl. Elbetde, bularyň ählisi gadymy döwürlerden başlap, biziň günlerimize çenli milli sungatda öz beýanyny tapdy.


Suratlarda we halylarda, metalda we daşda, agaçda we beýleki materiallarda şekillendirilen ajaýyp bedewleriň keşbi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynyň tutuş giňişligini dolduryp dur. Bu eserlerde günüň dogşy we batyşy, durnagöz çeşmeleriň akyşy, şemalyň öwşüşi, depesi garly daglar şekillendirilipdir.

Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, surat ussatlarynyň we bezegçileriň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň ýüzlerçesi özleriniň täze işlerinde gözelligiň we asyllylygyň nyşany bolan ajaýyp atlaryň keşbini beýan edipdir. Bäsleşige meşhur ussatlar, şeýle hem döredijilige indi gadam basýan awtorlar we höwesjeňler gatnaşýarlar. Bahalaryň adalatly bolmagy üçin bu ýerde görkezilýän eserlerde awtorlaryň goly goýulman, diňe olaryň tertip belgisi ýerleşdirilipdir. Sungat muşdaklary meşhur suratkeşleri olaryň özboluşly eserleri bilen tanaýan bolsalar, döredijilik babatda sergä gatnaşýanlaryň ählisi deňdir. Şoňa görä-de, bedewler şekillendirilen haýsydyr bir işiň kime degişlidigini anyklamak kyndyr. Bu eseri döredijilikde öz ýoluny gözleýän ýaş surartkeşe ýa-da çeperçilik taýdan beýan etmegiň ussatlyk derejesine ýeten suratkeşe degişli bolmagy hem mümkin.

...Ähli döwürlerde asyllylygy, ýyndamlylygy, eýesine wepalylygy üçin gözel hem syratly ganatly bedewlere uly sarpa goýlupdyr. Kuwwatly döwletleri we imperiýalary döreden türkmenleriň ata-babalarynyň beýik ýörişlerini, şöhratly ýeňişlerini bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Ençeme ýyllaryň, asyrlaryň, taryhy eýýamlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky özüniň medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlygyny saklap galmagy başardy. Türkmenler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde milli atçylygyň täsin medeniýetini hem aýawly saklady. Häzirki wagtda türkmen atçylygy dünýäniň dürli ýurtlarynyň iň gowy hünärmenleriniň ünsüni özne çekýär.

Bularyň ählisi bäsleşige gatnaşýan işleriň sergisinde nakgaşlygyň nusgalyk mekdebi eserleriniň batyrgaý täzeçillik taglymlary bilen utgaşmagynda türkmen sungatynyň täze giň gözýetimlerini açýar. Bedewleriň baýramçylyk bezegleri hökmünde hyzmat edýän gymmat bahaly daşlardan ýasalan çeper şaý-sepler özboluşly bezegçilik çözgütleriniň we möhüm tele we Internet taslamalary bilen bilelikde bu sergä üýtgeşik baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Sergide ýaýbaňlandyrylan aýry-aýry işler özüniň inçe çeperçilik häsiýetleri bilen, beýlekileri bolsa awtorlaryň döredijilik we çeperçilik gözlegleriniň alamatlary bilen ýokary taglymatlara çenli göterilýär. Bu sergide ýaýbaňlandyrylan eserleriň döredijiligiň dürli ugurlaryna degişlidigine haýran galýarsyň. Bu ýerde görkezilýän käbir işleriň belli bir ugra degişlidigini kesgitlemek çetindir. Sebäbi olar sungatyň haýran galdyryjy kämilligini özünde jemleýär. Mysal üçin, haly dokamak seneti agaçdan edilen heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk bolsa uly möçberli applikasiýa, gobilenler bolsa grafika bilen utgaşyp gidýär. Bularyň hatarynda kompýuter bezegçileriniň we fotosuratçy-žurnalistleriň bilelikdäki işiniň netijeleri bolan milli teleýaýlymlarymyzyň wideoşekilleri hem bar. Olar ähli halk baýramçylyklarynyň, at çapyşyklarynyň we atşynaslaryň gündelik zähmetiniň aýdyň pursatlaryny beýan edýär.

Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp täze açylan web-saýt bar. Ol türkmen bedewleriniň daşary ýurtly muşdaklaryny atlary ösdürip ýetişdirmegiň we baş öwretmegiň milli dessurlary, türkmen atşynaslarynyň we seýsleriniň tejribeleri, milli atçylyk pudagynyň häzirki güni bilen tanyşdyrýar. Şu ýylyň aprelinde ählumumy Internet ulgamynda açylan täze magdumat – wagyz ediş web-saýty rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň tebigatyň döreden bu ajaýyp bedewleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik bermek bilen, dünýäniň dürli künjeklerinden bolan onlarça ýurtlardan türkmen bedewleriniň gözelligine sarpa goýýan müňlerçe adamlaryň ünsüni özüne çekdi.

Bu zatlaryň ählisi türkmen bedewine bagyşlanan bäsleşigiň diňe bir iň gowulary saýlamak çäresi bolmak bilen çäklenmän, täze gözýetimleri hem-de taslamalary açýan diri döredijilik ulgamyna öwrülendiginiň subutnamasydyr. Bu bolsa kanunalaýykdyr. Sebäbi gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ahalteke bedewleriniň taryhy watanyna, ýelden ýyndam bedewlerine bolan ýer ýüzündäki gyzyklanmany has-da güýçlendirdi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda milli atşynaslyk däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň arassa ganly tohumlaryny gorap saklamak we gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan seçgi işleriniň oňyn netijesidir. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň, Ahalteke atçylygynyň halkara assosiasiýasynyň Prezidentiniň, bu bedewler baradaky meşhur eserleriň awtorynyň ahalteke atlaryna uly sarpa goýýandygy hemmelere mälimdir. Biziň döwrümize asyrlaryň jümmüşinden ýeliň ýyndamlygynda çapyp gelen ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça milli Liderimiziň alyp barýan ägirt uly işleriniň ähmiýetine göz ýetireniňde, Watanymyzyň geçmişi bilen häzirki gününiň aýrylmaz arabaglanyşygyna hem-de täze zamanada atçylyk pudagynyň ýokary belentliklere galandygyna buýsanýarsyň. Dürli ugurlary öz içine alýan ägirt uly ähmiýetli bu işler bilen baglylykda döredijilik işine hem aýratyn orun degişlidir. Çünki onuň ägirt uly ruhy güýji bardyr.

Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde guralan bu sergi gürrüňsiz suratda diňe bir atlaryň hakyky muşdaklary üçin däl-de, eýsem, bedewleriň haýran galdyryjy kämillik derejesine we dünýäniň hakyky bezegine öwrülen ahalteke bedewiniň gözelligine biperwaý garamaýanlaryň hemmesi üçin hem gyzyklydyr.