Paýtagtyň kitaphanalarynda Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp kitap sergileri ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde dürli ylmy temalar, ylmy-populýar, publisistik we çeper eserler görkezildi
Aprel aýynyň 25-ne Türkmenistanyň milli medeniýet merkezin Milli kitaphanasynda sergi öz işine başlady. Ekapozisiýanyň açylyş dabarasyna “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň wekilliri, seýisler, TOHU atçylyk kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, şahyrlar, ýazyjylar, paýtagtyň kitaphanalarynyň işgärleri, žurnalistler gatnaşdylar.Atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen medeniýetiniň we taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke atlarynyň şöhratyny dikeltmek çykyş edenleriň we söhbetdeşlikleriň temasy boldy.
Ekspozisiýany Türkmenistanyň çäklerinde we türkmen atçylyk zawodynda behişdi bedewlerini idetmegiň we köpeltmegiň taryhyhyny beýan edýän “Türkmen bedewi we daünýä atçylyk sunagty” atly her ýylda geçirilýän halkara maslahatynyň materiallary düzdi. Sergide çeper edebiýat – ahalteke bedewleriniň owadanlygy wasp edilýän türkmen nusgawy we häzirkizaman ýazyjylarynyň eserleri giňden görkezilýär.
million töweregi kitap gaznasy bolan ýurduň iň iri Milli ktaphanasynda geçirilýän sergiler oňa gelýänleriň ylmy we zähmet işlerinde uly goldaw bolýar. Bu ýerde maslahatlar we konferensiýalar geçirmek däbe öwrüldi.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasibetli Türkmenistanyň Ylymlat akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy hem tematika edebiýatyň giň ekspozisiýasyny görkezdi. Sergide atlaryň tohum seçgiçilik işlerine, dünýä atçylyk zawodlaryny emele getirmekde ahalteke atlarynyň orny, biologiýasy we atlaryň tohumçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan ylmy işler, ХХ asyryň başlarynda çap edilen gymmatly neşirler görkezildi. Sergi bu ýere gelýänlerde – alymlarda we talyplarda uly gyzyklanma döredýär.
Paýtagtyň kitaphanalarynda türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän bu sergiler aýyň aýagyna çenli dowam eder.