Ï At üstündäki oýunlaryň köptaraply ussatlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

At üstündäki oýunlaryň köptaraply ussatlygy

view-icon 1076
Biziň ýurdunyzda üç ýyl mundan ozal Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp Türkmen döwlet sirkiniň gaýtadan dikeldilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şondan bäri hem islendik sirk çykyşlaryny – hatda ol meşhur daşary ýrt toparalrynyňky bolsun, “Galkynyş” atly sport toparynyň çykyşy bilen tamamlamak ajaýyp däbe öwrüldi.


At üstündäki oýunlar – köptaraply ussatlygy talap edip, ol akrobatikadan, gimnastikadan we dressuradan ybaratdyr. At üstündäki oüunlarynyň ussatlygynyň nesillerde nesillere geçirilip gelinmegi netijesinde türkmen at üstündäki oýunlary dünýäde iň gowy oýun hökmünde özüni görkezmegi başardy. Gadym döwürlerden bäri at türkmen halky üçin diňe bir ulag maly hökmünde bolman, eýsem onyň üçin wepaly ýoldaş hem boludyr. Türkmenleriň arasynda meşhur bolan at üstündäki oýunlar munan öňki iki ýarym müň ýyl sene bilen bellenilýändigi taryhy çeşmelerde ýatlanylyp geçilýär. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň at ulanmak babatdaky çakganlygy genetiki derejede saklanyp galypdyr. At üstüne müneniň gowşakdygyny ýa-da dogumlydygyny süňňi bilen syzýar. Şonuň üçin hem ol oňa boýun egýär.

“Galkynyş” atçylyk-sport toparynda bu günki gün jigitleriň 30-sy çykyş edýär. Onuň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Medeniýetde at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýew indi 25 ýy bäri sirk bilen yzygiderli meşgullanyp gelýär. 1988-nji ýylda ol Türkmenistanyň Halk artisti Batyr Annaýewiň “Ýaş Türkmenistan” nomeri üçin ýaş türgen oglanlary sirke ýygnaýandygyny bilýär. Şol wagtlarda Pygy Aşgabadyň Lukmançylyk uçilişesinde okaýardy hem-de şol bir wagtyň özünde hem gimnastika bilen meşgullanýardy.

- Men haçn-da ata münenimde meniň oglum boldy – diýip, Pygy ýatlaýar. Men at sportyny gowy gördüm hem-de oňa süňňüm bilen berildim. Halypamyň yhlasy netijesinde, men üç aýyň dowamynda at üstündäki oýunlaryň esasy tärleriniň ählisini diýen ýaly özleşdirdim. Häzirki wagtda men oglanlary sirke kabul etmek bilen, olaryň at üstündäki oýunlara bolan höwesini, saýlap alan hünärine bolan yhlasyny, zähmetsöýerligini göz öňünde tutýaryn. Men bularyň ählisini halypam Batyr Annaýewiň ussatlygyndan öwrendim hem-de men öz toplan tejribämi şägirtlerime geçirýärin.


Türkmen Döwlet sirkiniň işlemeginiň üç ýylynyň doamynda “Galkynyş” atçylyk-sport toparynyň çykyşynyň meýilnamasy yzygiderli täzelenip durulýar. Bu toparyň çykyşy “Ahalteke atlary barada rowaýat”, “Gamçy bilen tanys” atly romantiki tans sany ýaly sirk temalar bilen baýlaşdyryldy. Çykyşyň meýilnamasynyň dürli görnüşlerde bolmagy gastrola gidilende oňaýly bolar ýaly ähli zatlary göz öňne getirmäge mümkinçilikleri berýär.

Bu topar şu döwrüň içinde üç sapar daşary ýurt gastrollarynda: Ukrainada, Russiýa Federasiýasynda, Belarusda gastrolda boldy. Türkmen jigitlerini ähli ýerlerde üýtgewsiz üstünlik garaşýardy, hemme ýerde tomaşaçylar olary uly şowhun bilen garşylady. Daşary ýurtlara bolýan saparlar köp asyrlaryň dowamynda dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolan türkmeniň at üstündäki oýunlarynyň şöhratyny has-da artdyrýar.