Ï Türkmen talyplarynyň mynasyp baýraklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň mynasyp baýraklary

view-icon 1165
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň talyplary Gomelde teoretiki mehanika boýunça geçirilen 9-njy Halkara olimpiadasynda bir „gyzyl“ we iki sany hem „bürünç“ medallary almagy başardylar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň intellektual bäsleşikleri Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirildi.

Türkmen talyplary teoretiki mehanika boýunça geçirilen olimpiadada toparlaýyn netijede iň gowy netijeleriň birini görkezmegi başardylar. Onuň çäklerinde mehanikanyň üç bölümi boýunça – kinematika, staika we dinamika boýunça çylşyrymly tabşyryklaryň sekizsini ýerine ýetirmek teklip edildi. Olimpada Russiýanyň we Ukrainanayň, Belarusyň we Polşanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.


Üçünji okuw ýylynyň talyby Muhammetgeldi Annaýew altyn medaly aldy. Pälwan Sadykow (3-nji ýyl) we meýlis Mälikow (1-nji ýyl) bürünç medalyň eýeleri bolmagy başardylar.

Muhammetgeldi Annaýew geçen ýyl tebigy ylymlar boýunça Ýerusalimde geçirilen taslama olimpiadasynda kümüş medala mynasyp boldy. Muhammetgeldi entek mekdep ýyllarynda fizika boýunça geçirilen olimpiadalara gatnaşyp, birnäçe gezek baýraklary orunlara mynasyp bolmagy başardy. Meýlis Mälikow geçen ýyl Estoniýada fizika boýunça geçirilen halkara olimpiadada özüniň ilkinji bürünç medalyny almagy başardy.

Türkmen talyplary olimpiadada umumy toparlaýyn bäsleşikde üçünji orny eýelediler. Olar bir sagadyň dowamynda bäsleşik tabşyryklarynyň otuzsyny çözüp, olimpiadanyň çäklerinde geçirilen „Breýn-ring“ bäsleşiginiň netijeleri boýunça 2-nji orny eýelediler.