Türkmen halkyna weteranlara hormat goýmak gadymdan bäri mahsusdyr. Olar bolsa öz nobatynda, jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmaga, ýaş nesli terbiýelemekde uly goşant goşýarlar. Türkmen döwleti uruş weteranlaryna dürli ýeňillikleri bermek bilen, olara barada yzygiderli alada edip gelýär.
Şeýlelelikde, uruş weteranlary, kämillik ýaşyna ýetmedikler, konslagerlerde bolanlar, Ikinji jahan urşy döwründe getto we beýleki mejbury ýagdaýda saklanylýan ýerlerde, seňseleme alma zerarly çagalykdan maýyp bolanlar, söweş wagtynda ýaralananlar dermanlary we protez-ortopediki önümleri mugtuna almaga, telefony mugtuna goýdurmaga, ýylda bir sapar şypahanalarda bejeriş almaga, özlerine degişli bolan hususy ýaşaýyş jaýlaryny ilkinji nobatda abatlatdyrmaga, ulaglaryň ähli görnüşlerine petekleri nobatsyz almaga hukuklary bardyr.
Olaryň öz islegleri boýunça ýylda bir sapar demir ýol, howa suw we halkara awtomabil ulgalarynda (aňryk we yzyna) mugtuna gidip gelmäge hukuklary bardyr. Şeýle hem şäher ýolagçy gatnadýan ulaglar hem olar üçin mugtunadyr.
Ýaşaýyş jaý Kodeksine laýyklykda, Beýik wtançylyk urşuna gatnaşyjylar, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň – wepat bolanlaryň zähmete ukypsyz maşgala agzalarynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowuladyrylmagy zerur bolanlara döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýlary berilýär, uruş weteranlaryna, wepat bolan urşa gatnaşyjylaryň ýan ýoldaşalaryna hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara bolsa, ilkinji nobatda ýaşaýyş jaýlary berilýär.
Uruş weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň maddy üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Olaryň pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberi her ýyl ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, raýatlaryň pensiýalary, şol sanda uruş weteranlarynyň hem, 15 göterim ýokarlandyryldy.
Häzirki wagtda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň pensiýarynyň möçberi pensionerleriň beýlekileri üçin kesgitlenen iň az pensiýasyndan 4 essä golaý ýokarydyr. Urşa gatnaşyjylaryň köpüsi ýokary möçberde kesgitlenen pensiýalary alýarlar. Täze ýyldan başlap Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň iň az pensiýasy her aýda 725 manat, iň ýokary möçberi bolsa – 978 manatdyr. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, olaryň ýan ýoldaşlary, şeýle hem weteranlar- tylda zähmet çekenleriň pensiýalary her aýda 890 manatdyr.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap wepat bolan urşa gatnaşyjylaryň ýan ýoldaşlarynyň kömek pullary 10 göterim ýokarlandyryldy. Urşda wepat bolanlaryň ýan ýoldaşlarynyň kömek pullary 478 manat 50 teňňeden, uruşdan soň wepan bolan urşa gatnaşyjylaryň ýan ýoldaşlarynyň kömek pullary bolsa 346 manat 50 teňňedir.
Olar her ýylyň 9-njy maýynda gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak däbe öwrüldi. Bu ýyl hem şeýle däbe eýerildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygy mynasibetli kabul eden Permanyna laýyklykda uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýan ýoldaşlaryna pul hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Weteranlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak maksady bilen ýurtda weteranlaryň jemgyýetçilik guramalary hereket edýär. Türkmenistanda Uruş weteranlar guramasy netijeli işleri alyp barýar. Bu gurama beýleki edaralar bilen bilelikde urşa gatnaşyjylaryň saglyklary, olaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowlandyrmak barada alada edýär, onuň işgärleri urşa gatnaşyjylaryň maşgalasynyň ýagdaýy, durmuş şertleri barada yzygiderli aladalanýarlar we olar bilen bagly meseleler ýüze çykanda ony çözmäge çalyşýarlar.
Ýaşuly raýatlar bilen, aýratyn hem weteran lar bilen, işlerde, olaryň durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda, saglyklaryny berkitmekde, olaryň işjeňligini artdyrmakda durmuş üpjünçiligi edaralaryna aýratyn orun degişlidir. Ýaşuly we maýyp adamlara durmuş hyzmatlaryny etmek bilen Zähemt we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýerleşýän ýörite merkezleri meşgullanýar.
Bu merkezler durmuş hyzmatlarynyň giň göwrümini – durmuş-lukmançylyk, durmuş-gigiýena, iýmitlenmegi guramak, öz hyzmat edýänlerine durmuş we dynç alyş hyzmatlaryny edýärler. Ýaşuly raýatlara we maýyp adamlara öýünde durmuş taýdan hyzmat etmek has ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Onuň maksady bolsa, adaty durmuşda islendik adamynyň özbaşdak ýaşamagyna şertleri döretmekden ybaratdyr. Hyzmatyň bu görnüşi bilen, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watanýylyk urşuna gatnaşanlar, maýyplar, uruşda wepan bolanlaryň ýan ýoldaşlary gurşalyp alynandyr.
Wteranlar jemgyýetçilik durmuşda çetde durmaýarlar, olar döwlet derejesinde geçirilýän çärelere, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge işjeň gatnaşýaralr.