Ï Şahyryň arzuwlan döwleti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şahyryň arzuwlan döwleti

view-icon 846
Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan sergi ýaýbaňlandy. Muzeýiň „Döwlet gurluşy“ bölüminde ýurduň nyşanlaryny we alamatlaryny suratlandyrýan şaý-sepleriň kompozisiýalarynyň esasy eksponaty- biziň ýurdumyzyň Esasy Kanuny- Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasy orny tutýar.


Akyldar , dana Magtymgulynyň durmuş ýoly bilen tanyşdyrýan bölüm sergä gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Eksponatlaryň kömegi bilen ýaş Magtymgulynyň hakyky durmuşyny gökezmäge synanyşyldy. XVIII asyryň intellegensiüasynyň ýaşaýyş durmuşy dogry suratlandyryldy. Ine, gymmatly golýazmalaryň arasynda ýaş alym okany barada pikirlenýär. Şahyr näme barada beýle çuňňur pikirlendikä? Belki, Watanynyň agyr günlerinde näme kömek edip boljagy baradadyr...

Şahyr eýýäm ençeme goşgy ýazyp, Watanynyň daşynda hemm bellidi. Ýöne ol, ýene we ýene täze sözleri gözläp, paýhasly pikiriň jandan syzdyralyny isleýärdi. Magtymgulynyň bu ýagdaýyny biz halk suratkeşi Saragt Babaýewiň heýkelinde görýäris.

Halydaky Magtymgulynyň adyny göterýän ýurdumyzyň iň ajaýyp künjegini owadan reňkler bilen suratlandyrylyşynda halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň döredijiligini tanap bolýar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwez Mämmetnurowyň „Türkmen sährasynyň gülzarlygy “ atly peýzažy sergä gelen myhmanlaryň göwnünden turdy. Beýik akyldaryň dana Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy bu gün hasyl boldy.