Ï Talyplaryň döredijilik agşamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň döredijilik agşamy

view-icon 1643
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň we A.S.Puşkiniň döredijiliginiň ähmiýetine bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.

Döredijilik agşamyny ýokary okuw mekdebiniň rus dili kafedrasy we “Gözleg” ylmy merkezi bilelikde gurnadylar. Döredijilik agşamy sahna görnüşinde geçirilip , onuň esasy gahrymanlary Magtymguly we Puşkin boldy. Olaryň keşbini höwesjeň artistler ýerine ýetirdi.


Döredijilik agşamynda türkmen we rus kompozitorlary Çaýkowskiniň, Glinkanyň, Swiridowyň, Çary Nurymowyň, Nury Halmämmedowyň, şeýle-de Magtymgulynyň we Puşkinyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýaňlandy. Tomaşaçylar Magtymguly bilen Meňliniň, şeýle-de Puşkiniň döwrüniň ajaýyp ballarynyň sahnalarynyň şaýady boldular.

Iki nusgawy şahyryň “şahyrana aýdyşygy” döredijilik agşamynyň özboluşly tamamlanyşy boldy.

Döredijilik agşamynda Magtymgulynyň we Puşkiniň eserleriniň interaktiw görnüşindäki tematiki sergisi we uniwersitetiň Magtymguly muzeýiniň eksponatlarynyň sergisi gurnaldy.