Ï Magtymgulynyň şygyrlary hytaý we rus dillerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň şygyrlary hytaý we rus dillerinde

view-icon 1247
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty Magtymgulynyň şygyrlarynyň hytaý we rus dillerindäki neşirini taýýarlaýarlar.

Institutynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Magtymgulynyň şygyrlarynyň hytaý diline terjime etmäge iki sany uniwersitetiň- Pekinde ýerleşýän Hytaýyň Merkezi Milli merkeziniň we Sinszýan welaýatynyň uniwersitetiniň hünärmenleri terjimesine ýardam ederler. Hyzmatdaşlygyň dowamynda terjimeçiler Magtymgulynyň dana pähimleriniň we dürdäne sözleriniň çuňňur manysyny özi üçin açýarlar.

Magtymgulynyň şygyrlary köp ýewropa ýurtlarynyň dillerinde ýaňlanýar. Ilkinji gezek Magtymgulynyň 30-dan gowrak goşgulary nemes dilinde alym-syýahatçy A. Wamberi çap etdi. Magtymgulynyň 250 ýyllygyna goşguly sowgatlyk kipapçalar 15 dilde neşir edildi.