Ï Her meýdan möwsümi – täze açyşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Her meýdan möwsümi – täze açyşlar

view-icon 1612
Goňurdepe ýene-de üns merkezinde bolmagynda galýar. Mälim bolşy bolşy, professor Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-rus arheologiki ekspedisiýasy bu ýerden gymmatly tapyndylaryň birnäçesini – gadymy sungata we türkmen halkynyň maddy gymmatlyklaryna degişli bolan tapyndylary, şeýle hem öküzi jaýlamak dessuryny amala aşyrmak üçin niýetlenen ýeri tapdylar. Bu bolsa dünýäde ilkinji daýhanlaryň mukaddes öküze bolan gatnaşygyny beýan edýär.

Goňurdepe – bu Mary welaýatynyň Garagum we Baýramaly etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän giden bir arheologiki toplumdyr hem-de Murgap derýasynyň akymynyň ugrunda ýerleşen üç ýüzden gowrak obalaryň iň ulysydyr.



Arheologlar onuň biziň eramyzdan öňki 2300-2250-nji ýyllarda dörändigini ýüze çykardylar. Haçan-da admalaryň ony taşlan döwürlerinde (b.e. çenli II müňünji ýyllaryň ortalary) goňur toplumynyň monumental gurluşlarynyň diňe merkezi bölegi 25 gektar töweregi meýdany eýeläpdir. Ýene-de 10 gektar meýdany şäher gonamçylygy eýeläpdir. Bu ýerdäki jaýlanyş predmetleri we zergärçilik bezegleri özüniň ajaýyplygy bilen adamlary geň galdyrýar. Olar daşdan, demirden, piliň süňkünden, elbetde, keramiki gap-gaçlaryň we butparaz hudaýlarynyň nepis şekillerini inçelik bilen döreden başarjaň küýzegärler we heýkeltaraşlar üçin hamyr bolup hyzmat eden toýundan ýokary çeperçilik bilen ýasalan önümlerdir. Goňuryň ýaşaýjylarynyň durmuşunda ulanan bu köp sanly önümler bu günki gün Türkmenistanyň muzeýleriniň birnäçesiniň eksponatlary bolup durýarlar, onuň töweregindäki öýler, patyşa köşkleri we mukaddes ýerler „Gadymy Merw“ Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalary bolup durýar. Meşhur arheolog Wiktor Sarianidiniň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde – 1972-nji ýylda tapaly bäri bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi we bu işler häzir hem dowam etdirilýär. Şondan bäri bu ýerde, öň gadymy gündogar patyşalygynyň bolandygy düýbünden belli bolmadyk ýerinde, müňlerçe adam baryp gördi. Bu ýere gelýänleriň sany ýylsaýyn köpelýär. Sebäbi, Garagumda ýitip giden fantastiki şäheri, dört müň ýyldan soň özüniň ajaýyp medeniýeti bilen dünýä meşhur bolan şäheri, öz gözleri bilen görmek isleýärler.



„Biziň eramyüdan öňki III müň ýyllygyň ahyrynda gadymy murgabyň akabasynyň ugrunda daýhançylyk bilen meşgullanýan taýpalaryň obalary hatara gurap oturypdyr – diýip,W.I. Sarianidi gürrüň berýär. Olar bu ýere şol döwürlerde bolup geçen köpçülikleýin göçmeleriň dowmynda gelipdirler. Orta asyr Ýewropada halkalryň beýik göçüşlerinden öň iki müň ýylyň dowamynda we Aziýanyň giňişliklerinde şunuň ýaly waka bolup geçmändir. Bu diri akyma gadymy köpetdagyň etekleriniň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşulşypdyr. Olar Murgabyň bereketli topragyna, ýöne henize çenli hiç kim tarapyndan özleşdirilmedik, ýokary baha bermek bilen, olar bu ýerde öz öýlerini we ybadathanalaryny gurupdyrlar. Beýlekiler has hem uzaga gidip, Amyderýanyň kenarynda ýerleşipdirler. Şol bir wagtyň özünde Gadymy Marguş (margiana) bilen bilelikde Bahdy, ýa-da gadymy grekleriň atlandyryşy ýaly Baktriýa patyşalygy döräpdir. Elbetde, bular bürünç eýýamynyň siwilizasiýasy hökmünde eýýäm ýaşamagyny bes edensoň birnäçe asyrdan soň ýüze çykan şertli atlardyr. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal, haçan-da ol heniz gülläp ösýärkä, bu bir döwletiň iki oblasty bolupdyr, mümkin onuň ady Mesopotamiýanyň klinopis ýazgylarynda saklanyp galandyr: onda syrly Marhaşi ýurdy barada aýdylýar, olaryň ýerleşýän ýerini şumerler Murgabyň we Amyderýanyň ugurlarynda diýip görkezýärler.“.



Arheologlar bu iki iri sebitleriň arasynda hiç-hili tapawudy tapmandyrlar. Olaryň arasynda çöllükleriň we düzlükleriň içi bilen geçýän umumy uzynlygy 400 kilometr bolan ýol ýatyr. Bu ýol iki örküçli düýeler-baktrianlar bilen bir hepdelik ýol bolupdyr. Eýýäm ylymda Wiktor Sarianidi tarapyndan teklip edilen „Baktriýa-margiana toplumy“ diýen düşünje berk ornaşdy we BMAK abbrewiaturasy öňki „Oksyň siwilizasiýasy“ diýen Günbatar kesgitlemesini, soňra Amyderýa diýen gadymy at bilen ulanylan düşünjäni gysyp çykardy diýen ýaly. Ýöne siwilizasiýanyň bu gurluşynda Murgabyň tutýan orny kiçi däldir!

Goňurda gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilýär. Onuň bilen bilelikde geljekki nesiller üçin gadymy arhitektura toplumyny aýap saklamak we gorap saklamak boýunça iri göwrümli işlere başlandy. Bu günki bu mesele heniz öz syrlaryny goýnunda saklap oturan gaýtanlanmajak ansambly mundan beýläk hem öwrenmek we saklamak boýunça toplumlaýyn döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir.

Ýumşak, çeýe toýun gadymdan bäri iň ýönekeý we arzan bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem ol has giňden ýaýran gurluşyk materialy bolupdyr: ol Merkezi Aziýanyň adamlarynyň oturymly durmuş ýörelgesiniň başyndan bäri giňden ulanylypdyr. Edil häzirki wagtdakysy ýaly çig materiallardan galdyrylan diwarlardaky ýaly saman bilen garylan palçyk agaçdan ýasalan ýörite gaplara salynýar, soňra daş ýaly gataýança günde gauradylypdyr. Şolar ýaly çig kerpiçler esasy gurluşyk önümleri bolupdyr, olardan bolsa Gündogaryň ilkinji şäheriniň hem garyplaryň külbelerini, hem ajaýyp köşüklerini we ybdathanalaryny gurupdyrlar.

Diňe goňuryň ýekeje köşgüniň gurluşygy üçin birnäçe million sany çig kerpiç gerek bolupdyr hasaplanypdyr! Arasyna laý guýlup kerpiç örülen diwarlar, iki tarapyndan hem köp halatda suwalypdyr. Özi hem şeýle suwaglar ýylmanak görnüşine barýança berk ýylmanylypdyr. Hut şeýle usul bilen Marguş ýurdunyň monumental gurluşyklarynyň ählisi gurlupdyr. Ýöne gadymy ussalar bu ugurda näçe jan etseler hem kesekden gurulan binalar uzak wagtlap durmandyr. Diwarlaryň diňe esasy we aşaky bölekleri müňlerçe ýyllap saklanyp galypdyr. Ýykylan kerpiçler ýene-de guma öwrülip, ýelleriň täsir etmegi netijesinde çäge süýşüngilerine gömülip galypdyr. Bu bolsa olaryň tebigy ýagdaýda saklanyp galmagyna ýetiripdir. Ýöne, haçan-da ýadigärlik gazylanda hem-de onuň gorag gatlagy aýrylanda, ony derrew özboluşly daş-örtük bilen örtmeseň ol ýagşyň we ýeliň täsir etmegi netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan eräp başlapdyr. Munuň bilen bolsa arheologlar işden gidenlerinde hünärmenler-rejeleýjiler meşgullanýarlar.



Margiana ekspedisiýasy we „Gadymy Merw“ goraghanasynyň adminstrasiýasy soňky ýyllarda Demirgazyk Goňruň köşgüniň diwarlaryny saklamak we rejelemek işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Bu işler ilkinji nobatda çykdajylary, adam zähmetini we wagty talap edýär. Ýöne indi Göňura gelýänleriň ählisi köşk-ybadathana toplumynyň diwarlarynyň, minaralarynyň we tüpeň atylýan deşikleriniň, patyşa ybadathanasynyň, köşgüň dabaralar zalynyň nähili bolandygyny görüp bilýärler. Toplumyň jaýlama desuurlaryny geçirilýän jaýy zaýalanmakdan doly saklanyp galdy hem-de bölekleýin rejelendi. Zaýalanmakdan saklamak üçin öňünden Türkmenistanda toplanan tejribä daýanmak bilen, ýörite synaglar geçirildi. Netijede bolsa abat saklamagyň iň amatly usuly gazanyldy. Haçan-da zaýalanan ýerleriň gatlagy aýrylanda onuň ýerine onlarça asyr mundan ozal köşk gurlanda ulanylýan palçygyň hiline deň gekýän palçyk ulanyldy. Soňra diwarlaryň gapdallary, aşaklary berk ýylmanylýar. Netijede bolsa şular çig mal bilen suwalan gadymy görnüş ygtybarly goragda bolýar. Gerek bolan ýagdaýynda geljekde ony sypyryp ýerine täze suwag bilen çalşyp bolýar. Aýap saklamagyň şeýle usuly Köne Nusaý galasynda we beýleki şular ýaly ýadigärliklerde ulanylýar. Mundan hem başga rejeleýjiler köşkde aýap saklamak işlerini geçirmek bilen, patyşa gonamçylygynyň täsin kümmetini halas edýärler. Onuň üstüne ýapyk pawilýonlar goýuldy. Bu bolsa gazuw geçirilen diwarlaryň ýykylmak howpuny azaldýar hem-de seýrek duş gelýän desgalary synlamak üçin onuň içine girmäge şertleri döredýär. Bu pawilýonlar umumy Goňur barada, onuň gazuw işleri we aýap saklamak işleri barada özboluşly eksponatly meýdan muzeýlerine öwrülýär.

Hut Wiktor Iwanowiçiň ýygy-ýygydan Goňurda gözleg we gorag işlerini geçirmek boýunça başlangyç bilen çykyş edýändigi we onuň guraýjysy bolýandygy hiç kin üçin gizlin däldir. Biziň halypamyzyň armazak güýç kuwwatyna we ruhubelentligine onuň ýaş kärdeşlerine diňe guwanaýmak galýar. Onuň bu häsiýetlerine, biziň taryhymyzyň çuňluklaryna düşünmäge goşan ägirt uly goşandy ýaly, Türkmen döwleti tarapyndan mynasyp baha berildi: onuň kitaby Aşgabatda türkmen, rus we iňlis dillerinde köpçülikleýin tiraž bilen çap edilýär, ol Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy we birnäçe hökümet sylaglary bilen sylaglandy, geçen ýyl bolsa ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Häzirki wagtda Goňur ykrar edilen syýahatçylyk desgasy boldy. Köpler Türkmenistanyň köp sanly ajaýyp künjekleriniň hatarynda dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi diýlip ykrar edilen gadymy şäheriniň bardygyny bilip, biziň ýurdumyza syýahatçylyga gelýärler. Olar türkmen halkynyň uzak geçmişdäki pederleriniň eýýäm gadym wagtlarda başarjaň gurluşykçylarynyň, eli hünärli zergärleriniň, keramikaçylarynyň we heýkeltaraşlarynyň bolandygyny, iri göwrümli gurluşyklarynyň bardygyny görmelidirler. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gazananlary bu günki gün Türkmenistany dünýä ýaýýar. Halkara syýahatçylygy bu babatda ruhy galkynyşy gaýtadan dikeltmekde we geçen asyrlaryň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny saklap galmakda, döwletiň ýeten sepgitlerini wagyz etmekde has netijeli we hereket ediji serişde bolup hyzmat edýär. Goňurdepe ХХI asyrda wagtyň üznüksiz aragatnaşygynyň alamatlarynyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar, nesilleriň we bütindünýä medeni mirasyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň mirasdüşeri hökmünde saklanyp galýar. Muňa Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň ýazky meýdan möwsüminde täze tapylan arheologiki tapyndylar hem doly şaýatlyk edýär.

Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Wiktor Sarianidi özüniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenmesinde: „Degişli seljermeler we rejeleýiş işleri geçirilenden soňra olar Türkmenistanyň döwlet muzeýleriniň toplumlarynyň üstüni ýetirer, geljekde hem alymlaryň giň köpçüligine we olar Gadymy Gündogaryň taryhynda möhüm orun eýeleýän türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan ähli adamlaryna mälim bolar“ diýip, nygtalýar.