“Men dag çeşmeleriniň suwuny içýärin, ýöne men ondan ganyp bilmeýärin...”. Kim Köýtendagynda bir sapar bolan bola, bu daglyk sebitiniň dag derýalarynyň we çeşmeleriniň ajaýyp owazyny, suwuň jana şypa beriji tagamyny, onuň töweregindäli arassa howany, gök ösümlikleriň terligini, tebigatyň owadanlygyny ömürlik ýadyndan çykarmaz.
Köýtendag jülgesiniň her bir çeşmesiniň öz ykbaly, öz geçmişi bar. Bu ýerde, şahyryň janyndan syzdyryp aýdyşy ýaly, “gowaklarda rowaýatlar we düýşler ýaşaýar, olar doňup galan daşlarda öz syrlaryny saklaýarlar”. Bu setirler Kyrkgyz jülgesiniň ajaýyp çeşmesi bilen duşuşyk barada şahyrana setirler hökmünde kabul edilýär. Kyrk gyzyň halas bolandygy baradaky halk rowaýatynda aýdylşy ýaly, dag gowagyndan uzak bolmadyk ýerde dag diwarlarynda tebigy taýdan çeşmäniň “okarasy” emele gelipdir. Rowaýata görä, gaçyp gelýän gyzlary duşmandan halas etmek üçin dag göwsi ýarylyp, olara ýol berende olaryň ulanan zatlary – gap-gaçlary we egin-eşikleri daşa öwrülipdir, dag gaýasyndan bolsa çeşme akyp başlapdyr...
Ýerli ýaşaýjylar bu ýere asyrlar boýy mukaddes ýer hökmünde garap gelipdirler. Bu ýere keselden saplanmak, arzuwlarynyň hasyl bolmagy, nesilsizler nesil arzuwyny etmek üçin bu ýere zyýarata gelipdirler.
Durmuşyň hakyky gözbaşy bolan çeşmeleriň şagyllysyndan geçen döwrüň ýaňy gelýär. Olary “çeşme” ýa-da “gözbaş” diýip hem atlandyrýarlar. Çeşmelerň käbiri dag eteginiň şäherçeleriniň birini suw bilen üpjün edýär ýa-da bereketli jülgeden akýan Köýten derýasyna başlangyç berýär. Beýlekiler – Köýtendagyň gerişlerindäki garlar ereýän wagty – mart aýynda güýçli akyp başlaýar we haçan-da Aýrybabanyň gaýalarynyň garlary erände iýun aýynyň ortalaryna ýa-da iýulda guraýar.
Köýten şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde gaýalaryň jaýryklaryndan syzylyp akýan we Köýten derýasyna guýýan Aksuw çeşmesi özüniň ajaýyp tagamy bilen ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň ünsüni çekýär. Darajyk Umbardere dereden akýan şaglawuk syýahatçylaryň hiç biriniň hem ünssüz goýmaz. Esasan hem oňa tiredeşlerini gutulgysyz ölümden halas edip, halk üçin kyn wagtlarda bu ýerde gahrymançylyk görkezen Umbar taýpasynyň ýolbaşçysy barada rowaýaty aýdyp berseler her bir syýahatçnyň ünsüni çeker.
Hojagarawul jülgesiniň suwlaryna akýan Sümmül şaglawukly çeşmesi dag obalarynyň durmuşynyň köp wakalarynyň şaýady bolup durýar. Bu çeşmäniň uly obany jana şypaly suw ilen üpjün edip geleli bäri suw köp mukdarda akypdyr. Bu ýerde bag ösdürilip ýetişdirilip, bugdaý ekilipdir. Ýöne geçen asyryň ortalarynda bu derýa gurap, mösümleýin akypdyr. Oba adamlary başga ýere göçmeli bolupdyrlar. Indi bu jülge başgaça – esasan hem beýik baglaryň ösüp oturandygy sebäpli Tutlydere diýlip atlandyyrlýär. Jülgede ösüp oturan uly tut agajyna ýerli ýaşaýjylar Gyzyltut baba diýip at hem beripdirler. Bu ýer iň bir hormat goýulýan ýerleriň biridir. Botanikler bu rowaýata öwrülip giden tut agajynyň 700 ýaşy bar diýip kesgitläpdirler. Bu äpet tut agajynyň saýasynda bu ýere syýahatçylyga gelýänleriň onlarçasy dynç alyp bilýärler.
Halk arasynda Hojapilde Başbulak we Mürzebedil ata ady bilen meşhur bolan kiçijik çeşmelerden gözbaş alyp gaýdýan dag etekleriniň esasy suwy bolan, haçan-da bir wagtlar Amyderýanyň sag goşandy bolan, Köýten derýasynyň uly suwy başlanýar. Derýa bolmak üçin oňa ýene-de öz ýolunda daglardan akýan uly we kiçi çeşmeleriň köp sanlysyny toplamaly, soňra bolsa öz swuny ýaýlanyň ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin paýlamaly.
Köýtendagyň iň beýik gerişlerinden diýen ýaly üç müň metre golaý belentlikden başlamak bilen Daraýydere emaý bilen göny düzlüge ýaýylyp gidýär. Jülgäniň daşlyk düýbi bilen bu daglyk sebitiň iň bol suwly çeşmesi akyp ýatyr. Ol uly we kiçi şaglawuklaryň onusyny döredip, jülgäniň üçden iki böleginden akyp geçýär, soňra bolsa birden ýitip gidýär. Jülgäniň çeşmelerinden başlanýan bu doly suwly dag derýasy haçan-da biw wagtlar dagdan çykýan ýerinde oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün edipdir. Ýerli ýaşaýjylar bu özboluşly derýanyň ýitmeginiň öňüni alamgy başarypdyrlar. Olar suwuň ýere siňip gitmezligi üçin onuň daşly hanasyny gyzyl gum bilen suwapdyrlar, derýa bolsa jülgäniň çäklerinden çykyp, adamlara mundan beýläk hyzmat etmek üçin akyp ugrapdyr.
Köýtendagyň eteginde ýerleşýän Gurşun magdanly şäherçesiniň ýokarsynda dag eňňidinde ýazky miweli bagçylyk gülläp otyr. Bagçylygy çeşme suwy bilen suwarmak pikiri şäherçäniň ýaşaýjysy Şadaman Şiraliýewde 1990-njy ýyllaryň başynda emele geldi. Bagçylygy suwarmak üçin köp mukdarda suw gerek bolupdyr. Katakamow atly jülgäniň başlaýan ýerinde bolsa, 2000 metr belentlikde çeşme ýerleşipdir. Ony özboluşlylyk bilen bagçylyga akar ýaly edipdirler. Eger-de häzir dag ýodasy bilen bir ýarym müň metr ýokarlygyňa çyksaň jennetiň gapysyndan giren ýaly bolýarsyň. Häzirki wagtda bu ýerde 2000-den gorak miweli bag ösüp ýetişýär. Ýabany arça, karkas, türkmenkerkawy, badamy özüniň goýry saýasyny berýär.
Jülgede örän arassa beýleki çeşmeler hem bar. Biziň günlerimize ýetip gelen rowaýata görä, dünýä boýunça syýahat edýän keramatly adam Köýten şäherçesiniň golaýynda çeşmäniň boýunda dynç almak isläpdir, ýöne onuň golaýynda dynç almak üçin kölege bolmandyr. Şonda ol öz hasasyny ýere dürtüpdir we onuň hasasy ýaprak bilen örtülipdir. Tiz wagtdan çeşmäniň golaýynda unabynyň kiçiräk jeňňellligi emele gelipdir. Bu örän gowy tebigy ýadigärligidir. Hatda tomus möwsüminde hem baglaryň güri ýapraklarynyň günüň şöhlelerini gçirmeýändigi sebäpli baglaryň aşagy salkyn bolýar, Bu ýeriň ortarasyndan bolsa örän arassa suw akyp geçýär. Bu çeşmeden uzak bolmadyk ýerde bolsa kükürt wodorodly beýleki şypa beriji suw ýerleşýär.
Köýtendaglylaryň arasynda bu jeňňellik “Çolanata”diýlip atlandyrylýan mukaddes ýer hökmünde meşhurdyr. Onuň golaýynda Gül-gül ady bilen belli bolan hem-de Köýten şäherçesini agyz suwy bilen üpjün edýän beýleki çeşme ýerleşýär, unaby jeňňelliginiň garşysynda öz gözbaşynda Aýrykel howdanyny emele getiren ýeriň aşagyndan çykýan çeşme akyp ýatyr. Bu çeşme Gurşun magdanly şäherçesiniň ýaşaýjylary tarapyndan aýratyn gurşalyp alynandyr hem-de çeşme diňe bir olary agyz suwy bilen üpjün etmän, eýsem agyz suwuny öndürýän kärhanany hem suw bilen üpjün edýändigi sebäpli olar tarapyndan goralýar. Dag etekleriniň merkezinde ýerleşýän bu çeşmeler gyş döwründe Kettekölini suw bilen doly möçberde doldurýar, tomsuna we güýzde ol oba hojalyk ekinlerini suwarmakda peýdalanylýar.
Beýleki bir özünde açylmadyk syrlary we hakyky täsinlikleri saklap oturan Gaýnarbaba çeşmesi garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýär. Onuň suwunyň temperaturasy üýtgewsiz 22 derejede saklanýar. Onuň golaýynda Gaýnarbabanyň jaýlanan ýeri ýerleşýär. Adamlar onuň eden ýagşylyklaryny ýagşylykda ýatlaýarlar. Gaýnarbaba keseleri bejermegi başarypdyr hem-de köp adamlaryň saglygyny dikeldip, olara şatlyk paýlapdyr diýip aýdýarlar. Adamlaryň sagylyny bejermek üçin ol ýakynda ýerleşýän Aksuw we Göksuw çeşmeleriň suwlaryny peýdalanypdyr. Gaýnarbaba çeşmesiniň bejerijilik aýratynlyklary onuň suwunyň düzüminde peýdaly mineral we mikroelementleriň, kükürt wodorodlarynyň bardygy bilen düşündirilýär. Hünärmenleriň kesgitlemeklerine görä, çeşmäniň suwunyň nerw, deri we beýleki keselleri bejermekde örän peýdalydyr.
Garlyk şäherçesiniň gündogarynda birnäçe kilometrlikde beýleki çeşmeler hem – Hojabulak we Jarmabulak, Bulakdere jülgesinde adybir çeşme, ondan aňyrda – Künjük obasyny agyz suwy bilen hem-de ýakynda gurlan sement zawodyny suw bilen üpjün edýän Abdere, Çinžir çeşmeleri ýerleşýär.
Köýtendagda halkyň arasynda hormat goýmagy bilen baglanyşykly landşaftly tebigy suw çeşmeleri, köller, derýalar, şaglawuklar ýaly köp sanly tebgy desgalar bardyr. Bu çeşmeler ýuz ýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelinýär hem-de adamlaryň tebigata aýawly we ruhlandyryjy çemeleşmegine hyzmat edýär.
Gadymy taryhy sebite düşünmäge, onuň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryna, olary gorap saklamak üçin düýbünden täzeçe çemeleşmek ýagdaýy emele gelýär. Hususanda, Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri tarapyndan kabul edilen maksatnama laýyklykda, dag eňňitlerinde baglaryň arça, kerkaw, pisse, karkas ýaly görnüşleriniň 36 müň sanysy ekiler. Olar daglaryň çölleşmeginiň öňüni alar hem-de Köýtendagyň köp sanly dag çeşmeleriniň we derýalarynyň saklanyp galmagyna we gaýtadan dikeldilmegine hyzmat eder, bizi arassa we tagamly suwy, olaryň töweregini arassa howasy, gök ösümlikleriň terligi we ajaýyp tebigaty bilen begendirer.