Ï Türkmenistanyň dünýä boýunça nobatdaky, altynjy rekordy wajyp ähmiýetli täzelige öwrüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dünýä boýunça nobatdaky, altynjy rekordy wajyp ähmiýetli täzelige öwrüldi

view-icon 8315
Türkmenistan ýene-de dünýä jemgyýetçiligi tapapyndan içgin üns berilýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň paýtagty Aşagbadyň dünýä boýunça ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi tutuş dünýäde uly gyzyklanma döreden nobatdaky, ajaýyp waka boldy.

Türkmenistanlylaryň buýsanjyny has-da artdyran bu hoş habar dessine tutuş dünýä ýaýrap, esasy halkara we milli habarlar gulluklarynyň ählisindäki, meşhur durmuş ulgamlardaky we toplumlardaky täzeliklerde, garaşsyz bilermenleriň we synçylaryň teswirlemelerinde ara alnyp maslahatlaşylýan wajyp meseleleriň birine öwrüldi.

22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, ýagny her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedöürdül metriniň düşýändigi baradaky habar okyjylaryň millionlarçasyny haýran galdyran täzelige öwrüldi.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat şäheriniň häkimine ak mermerli türkmen paýtagtynyň gazananyny tassyklaýan degişli şahadatnamany gowşurmak üçin Türkmenistana ýörite gelen bütindünýä neşiriniň baş redaktory Kreýg Glendeýiň häzirki wagtda munuň has uly netije bolup durýandygy baradaky sözlerini beýan etdiler. Myhman žurnalistler bilen söhbetdeş bolanynda, ilki bilen soňky ýyllarda gurlan binalaryň sanawynyň düzülendigini, olaryň her biriniň belgilenendigini we hasaba alnandygyny hem-de mermer bilen örtülen meýdany barada takyk maglumatlaryň toplanandygyny belledi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt neşirleriniň günübirin habar bermegi netijesinde, bu täzelik Internetiň ählumumy ulgamynda dessine ýaýrap, dünýäniň ähli künjeklerinde köp sanly okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Russiýanyň iri “ITAR-TASS” habarlar gullugy “Türkmenistan eýýäm altynjy gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi” diýip soňky ýyllarda Aşgabadyň, hakykatdan-da ak şähere öwrülendigini belleýär. Bu gulluga köpsanly internet çeşmeler hem salgylanýarlar, şol gulluk tarapyndan ýaýradylan habarda soňky ýyllarda gurlan belent edara we ýaşaýyş jaýlarynyň ýüze golaýynyň ak mermer bilen örtülip, şäheriň görküni artdyrandygy nygtalýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Prawda. Ru” atly elektron gazetde gurluşykçylaryň ak reňkli serişdeleri yssy howa mahsus şertlerde günüň ýiti şöhleleriniň täsirini azaltmak üçin ulanýandygy bellenilýär.

Öz gezeginde “Komsomolskaýa Prawda” döwlet garaşsyzlygyna eýe bolan ýyllarynda Türkmenistanyň, ilkinji nobatda onuň owadan paýtagtynyň keşbiniň düýpgöter özgerendigini habar berýär.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron we çap edilýän meşhur gazetler we žurnallar ýurduň ähli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň belent we ak mermer bilen örtülen binalarda jaý toýlaryny belländigine ünsi çekýär. Diňe 2011-2012-nji ýyllarda täze telediň, Maslahat köşgi, Bagt köşgi, “Aşgabat” myhmanhanasy we 20 müň orunlyk adybir stadion, şeýle hem Halkara atçylyk-sport toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy, Konstitusiýa binasy we medeni-dynç alyş merkezleri ulanmaga berildi. Şeýle hem täze çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ählisi ak mermer bilen örtüldi. Şu ýylda bolsa Aşgabat şäheriniň häkimligi 12-nji nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna girişdi, olaryň umumy meýdany 400 müň inedördül metrden gowrak bolar.

Türkmenistanyň gazananlarynyň ýene-de Ginnesiň kitabyna girizilendigi baradaky habara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň-- Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, şeýle hem geografiki taýdan daşda ýerleşýän Baltika, Amerika we Ýewropa ýurtlarynyň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan aýratyn üns berildi.

Kanadanyň “The Vanсouver Sun”, Britaniýanyň “The Guardian” we beýleki köp sanly günbatar neşirleri Amerikanyň “Assoşieýted Press” habarlar agentligine salgylanmak arkaly, Merkezi Aziýanyň ýurdy bolan Türkmenistan rekordlar kitabynda dünýäniň beýleki islendik şäheri bilen deňeşdirilende iň köp mermerli binasy bolan paýtagt hökmünde girdi diýip belleýärler.

“Türkmenistanyň mermer paýtagty rekord goýýar” atly sözbaşy astynda, “Assoşieýted Press”: “Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý Aşgabadyň ak mermerli binalaryň köplügi hökmündäki rekordyny ykrar etmek bilen, şäheriň şunuň ýaly binagärlik derejesi türkmen hökümetiniň yzygiderli tagallasynyň netijesidir” diýip belleýär. Türkmenistan täze rekordlary gazanmagy ugur edinýär diýip bellemek bilen, bu iri habarlar agentligi biziň ýurdumyzyň geçen ýyl dünýäde ýapyk görnüşli iň uly synlaýyş aýlawy bilen ykrar edilendigini nygtaýar.

Dünýäniň belli tele we radio ýaýlymlary, şol sanda “Maýak” radiosy, “Bi-bi-si”, Russiýanyň habarlar gullugy, Westi.FM we beýlekiler hem bu täzeligi beýan etdiler.

Şu günlerde ýaýradylan habarlarda soňky onýyllykda Türkmenistanyň gazananlarynyň eýýäm altynjy gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi bellenilýär. Her ýylda çap edilýän bu meşhur ýygynda dünýäde iň uly we elde dokalan “Altyn asyr” atly äpet haly girizildi, onuň meýdany 300 inedördül metrden gowrakdyr we agramy 1200 kilograma barabardyr. 2008-nji ýylda bolsa bu kitaba Aşgabatda dikilen we şol pursatda dünýäde iň beýik-- 133 metrlik baýdak sütüni girizildi. Şondan soňky ýyllarda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň girelgesinde ýerleşýän dünýäde jemgyýetçilik ýerinde sinhronlaşdyrylan suw çüwdürimleriniň has köpüsini –27-sini özünde jemleýän uly toplum hökmünde ykrar edilen “Oguzhan” atly heýkelleriň we suw çüwdürimleriniň toplumy, türki halklaryň nesilbaşysy hasaplanýan meşhur Oguzhanyň “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezini bezeýän sekizburçly äpet ýyldyzy we Aşgabatda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň dünýädäki iň uly synlaýyş aýlawy rekordlar kitabyna girizildi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň dünýä boýunça täze rekordy baradaky habar syýahatçylyga bagyşlanan köpsanly saýtlarda ýerleşdirdi. Hususan-da, “Woýaž” habarlar gullugy daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistan, onuň şanly taryhy geçmişi, şäherleriň we obalaryň, ilkinji nobatda bolsa, täze, döredijilikli durmuşda ynamly gadam urýan türkmen döwletiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň döwrebap keşbinde öz beýanyny tapýan ajaýyp döwri babatda uly gyzyklanma bildirýändigini esasy ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň iri INTERFAKS habarlar gullugy bu täzelik bilen birlikde, şäherimiz üçin şanly günüň öňüsyrasynda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň – TDH-nyň “Ak şäher - Aşgabat” atly web-saýtyny açandygyny habar berdi, şonda tutuş dünýäde Internetden peýdalanýanlara türkmen, rus we iňlis dillerinde gyzykly maglumatlar berler. Bu saýtda fotogalereýanyň, şäheriň kartasynyň we syýahatçylar üçin ugur görkezijileriň, dürli desgalara degişli kataloglaryň, ulaglaryň gatnawynyň shemalarynyň, medeni çäreler we dürli wakalar baradaky maglumatlaryň ýerleşdirilýändigi bellenilýär.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory jenap Kreýg Glendeý maslahatda çykyş edip, şeýle diýdi: “Aşgabatda şäher gurluşygy boýunça uly möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagy täze belent jaýlardan we binagärlik toplumlaryndan ybarat şäheriň täsinr galdyrýan binagärlik keşbiniň döredilmegine ýardam berýär. Täze binalaryň sany barha artyp, paýtagt myhmanlaryny gurluşyklaryň gerimi, gözelligi we durmuş maksatly binalaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi bilen haýran galdyrýar”. Myhman ýurdumyzyň baş şäheriniň has gözel künjekleriniň Ginnessiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň türkmen paýtagtynyň ösüşindäki örän uly üstünlikleriň we gazanylanlaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama bolup durýandygyny aýtdy.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda şäherde tutuş etraplar, şol sanda taryhy merkez dolulygyna döwrebaplaşdyryldy, täze ýaşaýyş jaý toplumlary döredildi, ýüzlerçe binalar guruldy, şolaryň arasynda binagärlik we inženerlik-tehniki oý-pikir babatda täsin galdyrýan desgalar az däldir, şolaryň käbiri halkara derejesinde binagärlik boýunça geçirilýän abraýly bäsleşiklerde sylaglara eýe boldy.

Daşary ýurtlaryň metbugatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanan ilkinji gününden başlap, ýurdumyzy düýpgöter özgertmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň strategiýasyny yglan etdi, häzirki wagtda munuň özi tutuş dünýäniň Türkmenistana düýpgöter başgaça garamagyna getiren ajaýyp miwelerini we örän uly netijelerini berýär.

Geçen şenbede paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen dabaraly maslahatda türkmen Liderine “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy esasy waka öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda şäher gurluşygy boýunça örän uly hyzmatlaryna we goşýan şahsy goşandyna mynasyp baha bermek bilen, şol çözgüdi ýörite Karar arkaly berkitdi.

Dünýäniň esasy habar beriş gulluklary dabaraly maslahatda birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini, şol sanda paýtagtymyza ýanaşyk ýerleşýän birnäçe ilatly ýerleriň birikdirilmeginiň makul görlendigini belleýärler. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda giňden belli bolan “Türkmenistan. RU” atly internet-gazeti ilkinjileriň biri bolup paýtagtymyzyň durmuşyndaky ýene-de möhüm ähmiýetli waka - Aşgabat şäheriniň gününiň döredilendigini we indiden beýläk onuň her ýylyň 25-nji maýynda belleniljekdigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanynda bellenilişi ýaly, bu täze baýramçylyk Türkmenistanyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasay, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen döredilýär.

Şu syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýä metbugatynda beýan edilen sözleri bilen jemläsimiz gelýär:

“Biz Garaşsyz Diýarymyzy, merjen şäherimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, dünýäniň iň gözel şäherine öwürmek boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem dowam etdireris. Bu maksatlara ýetmek üçin biz ähli tagallalary ederis, yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekeris. Bu biziň ata-babalarymyzyň ruhunyň öňündäki, nesillerimiziň öňündäki mukaddes borjumyzdyr!”.