Ï Türkmenistan – Türkiýe Respublikasy: uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Türkiýe Respublikasy: uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

view-icon 7867
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy daşary syýasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistan we Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyny bellediler. Şu döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz öňyn hyzmatdaşlygyň uly tejribesini topladylar. Mälim bolşy ýaly, diplomatik gatnaşyklaryň ilkinji ýyly Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň birek-birekde ilçihanalaryny açmaklary öz döwründe hyzmatdaşlygyň wajypdygynyň ykrar edilmeginiň möhüm güwäsi boldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň diplomatik gatnaşyklarynyň 20 ýyldan gowrak döwrüniň içinde berk halkara-hukuk binýady döredildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy kökleri, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň durnuklylygy we açyklygy türk hyzmatdaşlarynyň biziň ýurdumyz bilen ýakyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmasyna ýardam edýär. Bu günki gün iki döwlet bilim we medeniýet, söwda we energetika ulgamlarynda, gurluşyk we aragatnaşyk pudaklarynda, dokma senagatynda işjeň hereket edýär.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda wajyp hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutany wezipesine täzeden saýlanandan soňra özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä amala aşyrdy. Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň aýdyň sahypasy boldy.

Iki döwletiň baştutanlarynyň ýokary derjedäki ikitaraplaýyn we olaryň köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde alyp barýan syýasy gepleşikleri anyk mazmun bilen baýlaşyp,hyzmatdaşlygyň düýpli easlaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Biziň döwletlerimiziň abraýly halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda amala aşyrýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem möhüm hyzmatdaş bolup durýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda Stambulda geçen türk dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmagy sebit derejesindäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, türkmen döwletiniň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy hökmünde öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Muňa, köp babatda, taraplaryň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň çäklerinde alyp barýan bilelikdäki işleri ýardam edýär.

Iki ýurduň halkalrynyň arasyndaky gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutlýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuw-bilim merkezleri hereket edýär, ähmiýetli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bilelikdäki ylmy maslahatlara we seminarlara, sergilere we forumlara gatnaşmak, soňky ýyllarda däp bolan Medeniýet günlerini geçirmek iki doganlyk halklaryň mundan beýläk hem ýakynlaşmagyna hyzmat edýär

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek babatda taraplaryň Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) ugry boýunça alyp batýan bilelikdäki hereketiniň ähmiýeti ulydyr. TIKA-nyň wekilhanasy Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýär we ol oba hojalykda, maliýe we statistika ulgamynda, ýol gurluşygynda, saglygy goraýyşda, ylymda, bilimde we medeniýetde taslamalary amala aşyrýar. Türkmenistanyň we TIKA-nyň netijeli hyzmatdaşlygynyň köpsanly mysallarynyň biri hökmünde şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen „Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan gelejege“ atly halkara maslahatyny agzamak bolar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdyla Gülüň Türkmenistana sapary hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýe bolar.