Ï Innowasiýa ykdysadyýeti – ösüşiň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasiýa ykdysadyýeti – ösüşiň binýady

view-icon 12988
Ykdysady ulgamy hil taýdan ýokary tehnologiki derejede emele getirmekde intellektual serişdä esasy orun degişlidir. Intellektual eýeçilige baha bermegi başarmak, ony hojalyk dolanşygyna çekmek, işläp taýýarlamak üçin maýa goýumlaryny çekmek – bu meselelriň çözülmegi bu günki gün ykdysadyýetiň esasy bäsdeş artykmaçlyklaryny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda döredilen Ykdysadyýeti howplardan – syýasy, ykdysady, maliýe, hukuk, pudaklaýyn, sebitleýin we tebigy howplardan goramak boýunça gullugy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu gulluk Türkmenistanyň maýa goýum taslamalary üçin saýlanyp alynan daşary yurt ýuridik taraplary döwlet we döwlet paýly kärhanalary, edaralary we guramalary barada maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýar. Şeýle hem muňa Ykdysadyýeti howplardan goramak boýunça edaraara topary hem gollamaga borçludyr.

„Türkmenistanda kärhanalary we döwlet eýeçiligindäki desgalary 2013-2016-njy ýyllarda hususylaşdyrmak baradaky döwlet maksatnamasy“ we bu maksatnamany tapgyrlaýyn amala aşyrmak boýunça çäreler meýilnamasy hususy sektoryň ornuny berkitmäge şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika institutynyň düzüminde maglumatlar tehnologiýasy boýunça barlaghahyň döredilmegi golaý geljekde ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda onnowasion geomaglumatlar ulgamyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bu maglumatlar önümçilikk ulgamynynyň strategiýasyny ösdürmegi seljermek we meýilleşdirmek üçin maglumatlary gyssagly almaga şertleri döredýär.

Önümçilik ulgamyny dňwrebaplaşdyrmak, tehniki we tehnologiki taýdan gaýtadan üpjün etmek işleri dowam etdirilýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini ýokarlandyrmaga şertleri döredýär hem-de jemi içerki önümiň yzygiderli ösüşini üpjün edýär. Şu mynasibetli maýa goýum işlerini höweslendirmek usulyny döretmek möhüm mesele bolup durýar. 2012-nji ýylda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna goýulan maýa goýumlarynyň möçberi 38 göterim köpeldi.

Bütin ýurtda täze desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu bolsa dürli görnüşli önümleriň öndürilişini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de umuman raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga şertleri döreder. Olaryň hatarynda kaustiki sodanyň, hlory we onuň önümçiligini, kaliý dökünleriniň, polipropilen plýonkasynyň, ýokary tehnologiýaly gurluşyk aýnasynyň, poliuretandan öndürilýän gurluşyk önümleriniň, örtgi keramika plitalarynyň, teploizolýasion önümleriň önümçiligini görkezmek bolar. Bu önümleriň ählisi hem içerki bazar, hem daşarky bazar üçin niýetlenendir. Dokma we haly kärhanalarynyň durkuny täzelemek işleri işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga şertleri döredýär.

Maýa goýum maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ulag ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalaryň hatarynda iri transmilli demir ýollaryň gurluşygyny, täze awtomobil ýollarynyň we köprileriň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Hazaryň deňiz duralgasynda ulag logistikasynyň merkeziniň, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Aşgabatdaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara howa menziliniň gurluşyklaryny görkezmek bolar.

Türkmen aragatnaşykçylarynyň öňünde bolsa golaý geljekde milli teleradio programmalarynyň hemra aragatnaşyk zolagyny giňeltmek, çastot meýilleşdirilişi, sanly teleradio alnyp berilişe geçmek, geostasionar giňişligine husuy hemra göýbermek bilen milli hemra aragatnaşygyny döretmegiň taslamasy boýunça işleri çaltlandyrmak wezipesi durýar. Hususy hemranyň bolmagy ýeriň töweregine gözegçilik etmegi, älem giňişligi bilen bagly ylmy işleriň geçirilmegini öz içine alýar, şeýle hem ýurtda aragatnaşyk we Internet ulgamlaryny, telewideniýe we beýleki pudaklary çaltlandyrylan depginlerde ösdürmek üçin güýçli itergi berer.