Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri – türkmen ylmynyň gülläp ösýän döwri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri – türkmen ylmynyň gülläp ösýän döwri

view-icon 39295
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ol täze taryhy eýýamda -- berkararlyk we bagtyýarlyk, innowasiýalar we ösüş döwründe eziz Watanymyzyň innowasion taýdan ösýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senä ünsi çekip, ylym islendik jemgyýetiň ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir we oňa daýanmazdan döwleti durnukly ösdürmek, ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek mümkin däldir diýip belledi. Şonuň üçin ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny netijeli peýdalanmak, ýurduň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Biz bu ugurda birnäçe maksatnamalary kabul etdik we üstünlikli durmuşa geçirýäris, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlary ylma çekmäge gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzyň alymlarynyň milli ykdysadyýetimizi we jemgyýetimizi has-da ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna berk ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz olaryň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Biz geljekde hem ylmy ösdürmek we onuň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu günler ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda, ozaly bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girýän institutlarda ylmy maslahatlar geçirilýär. Olaryň gün tertibini milli Liderimiziň ýurdumyzyň ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny halk hojalyk toplumynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri kesgitleýär.

Milli baýramçylyklarymyzyň sanawyna girizilen Ylymlar gününiň esaslandyrylmagy ägirt uly özgertmeleriň häzirki döwri bilen baglydyr. Olaryň esasynda oýlanyşykly ylmy çemeleşme we ylmyň öňdebaryjy gazananlary durýar. Bu işleriň başyny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işläp başlan ilkinji günlerinden başlady. Şonda milli Liderimiz ylym ulgamyny düýpli özgertmek boýunça çärelere aýratyn üns berdi.

“Jemgyýetiň ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ylym ýurduň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym hereketi öz hataryna ýaş nesli çekip, möhüm ylmy işleri alyp barýan tejribeli alymlaryň halypalyk etmeginde ýylsaýyn giňelýär.

Milli Liderimiziň ýakynda kabul eden “Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda” Karary munuň aýdyň subutnamasy bolup, bu bäsleşik ýurdumyzda her ýyl geçirilýär. Bu resminamada bellenilişi ýaly, Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýaş alymlaryň we talyplaryň uly toparyny ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmegi we baýraklar bilen sylaglamagy karar etdi.

Ylymlar gününiň öň ýanynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän talyplar sergisi guraldy. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Ylymdan-ösüşe” diýen şygar astynda bäsleşik görnüşinde guraldy.

Bu sergide ykdysadyýeti we jemgyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça talyplaryň ylmy işleri görkezildi. Bu ýerde dürli derejedäki medallaryň onlarçasy, ýörite diplomlar we sertifikatlar bolup, olara türkmen ýaşlary döwlet we halkara ylmy bäsleşiklerde we olimpiadalarda mynasyp boldular.

Bäsleşik sergisinde tanyşdyrylan iň gowy ylmy işleriň awtorlary ýörite diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Geljekde olaryň işleri dünýäniň ylmy bileleşigine—bilim meseleleri boýunça halkara sergisine gatnaşyjylara görkeziler. Bu sergi däbe görä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda noýabr aýynda Aşgabatda geçirilýär.

Hut Ylymlar gününiň öň ýanynda Moskwada Halkara aragatnaşyk akademiýasy tarapyndan guralan “Innowasiýalar we innowasion taslamalar” atly Halkara ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Bu bäsleşige dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň ýeňijileriniň hatarynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ýaş mugallymy, tehniki ylymlaryň kanditatynyň ylmy derejesine dalaşgär, şu ýokary okuw mekdebiň ýaşlar ylmy merkeziniň ýolbaşçysy A.Ataýew mynasyp orun eýeledi.

Ylymlar dünýäsiniň ýoluna düşen ýaş hünärmen bu ýokary halkara adyna telekommunikasiýa enjamlaryny sowatmagyň netijeli usulyny ylmy taýdan oýlap tapandygy üçin mynasyp boldy. Ol bu işini baryp 5-nji ýyl talyp wagty hem amala aşyrýardy. Bu işiň önümçilige ornaşdyrylmagy häzirki zaman elektronikasyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga ýardam edip, dürli howada ulanmak üçin oňa amatly şertleri üpjün edip biler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy täsin galdyryjy ylmy gazanylanlaryň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Ýaşlaryň ylmy gözlegleriniň ileri tutulýan ugurlary obasenagat toplumyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak; ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak; energetika, ýangyç we olaryň tygşytlylygy; himiki tehnologiýalar we bäsleşige ukyply täze önümçiligiň dörelidmegi; gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa; lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi; maglumat we telearagatnaşyk tehnologiýalary; ykdysadyýet we gumanitar ylymlar ýaly ugurlarda geçirilýän gözleg işlerinde jemlenendir.

Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna berilýän ünsüň aýratyn möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde tehnoparky – ylmyň ösmegini höweslendirmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga hem-de işläp düzmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylmy-barlag edaralaryny we okuw binalaryny, senagat desgalaryny we işewür merkezleri, sergi meýdançalaryny we degişli edaralary birleşdirýän ýörite toplumy döretmek boýunça kabul eden çözgüdini ýatlamak gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, tehnoparkyň maksady senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik häsiýetli anyk ugurlarda netijeli döredijilik işi üçin amatly şertleri üpjün etmekden, täze gözýetimli alymlaryň we hünärmenleriň uly neslini terbiýelemekden ybaratdyr.

Ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn görnetin artýar. Onuň bilen geljegi uly ylmy gözlegler, tejribe-synag we tehnologiki işläp taýýarlamalar maliýeleşdirilýär, ýurdumyzyň ylym ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Mysal üçin, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, uly maliýe serişdeleri birnäçe gezek bölünip berildi.

Ylmy işgärleri taýýarlamak işinde döwlet Baştutanymyzyň ylmy derejeler we ylmy atlar, şeýle hem Türkmenistanda akademiki atlar üçin her aýda tölenýän goşmaçalaryň möçberlerini tassyklamak baradaky çözgüdi aýratyn höweslendirme boldy. Watanymyzyň ylmyny düýpli özgertmek nukdaýnazaryndan ýaş alymlary goldamak boýunça biziň ýurdumyzda döredilen ýörite Gazna hem aýratyn orun degişlidir.

Şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, öňdebaryjy dünýä ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly özara hereketler döwlet ylym-bilim syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda dünýäniň ähli künjeginden alymlary ýygnaýan iri halkara forumlarynyň geçirilmegi hem asylly däbe öwrüldi. Türkmen we daşary ýurtly alymlaryň möhüm ugurlar boýunça geçirýän bilelikdäki işleri Türkmenistanyň ylmy ösdürmegiň ählumumy işlerine goşandyny artdyrmaga mümkinçilik berýär hem-de ylmyň gazananlaryny halkyň hyzmatyna goýýar.

12-14-nji iýunda Aşgabat ýene-de “ Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara sergisiniň we maslahatynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçiriljek bu foruma ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň dürli döwletlerinden alymlar we hünärmenler gatnaşarlar. Öz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen ylmy hereketleriň işjeň ösýändigine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyna şaýat bolup, ýaş alymlaryň we talyplaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň hem hormatly myhmanlary bolarlar.

Eýýäm hepdäniň başyndan Ylymlar gününe bagyşlanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda dürli mowzuklaýyn çäreleriň geçirilýändigini belläp geçmeli. Bular – ylmy-amaly maslahatlar we “tegelek stollar”, görnükli alymlar we ylmy bäsleşikleriň ýeňijileri bilen duşuşyklar, ýaş oýlaptapyjylaryň işleriniň, talyplaryň hem-de dürli ylmy düzümleriň hünärmenleriniň innowasion işläp taýýarlamalarynyň sergileridir.

Bilim ministirligi tarapyndan guralan “Bilimli ýaşlar – biziň geljegimiz!” atly baýramçylyk maslahaty Türkmenistanyň döwlet okuw-usulyýet merkezinde geçirildi. Bu merkez Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Berdimuhammet Annaýew adyndaky 27-nji umumybilim berýän mekdepde ýerleşýär. Mugallymlaryň bu forumy ýokary bilimli, maksada okgunly, öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça möhüm watançylyk işine ýaşlaryň halypalarynyň işjeň çekilýändigine nobatdaky gezek aýdyň şaýatlyk etdi.

Elbetde, şu gün Ylymlar gününe artistler -- Türkmenistanyň sungat ussatlary hem-de talyplaryň çeper höwesjeňleri öz döredijilik çykyşlaryny bagyşlaýarlar. Şeýlelikde türkmen paýtagtynda we welaýatlarda bu senäni şöhratlandyrmak hem-de milli ylmy işgärleri hormatlamagyň çäklerinde şu günler biri-biriniň üstüni ýetirýän baýramçylyk dabaralar geçirilýär. Olaryň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlar, Bilim we Medeniýet ministrlikleri, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary çykyş edýärler.