Ï Türkmen mugallymlarynyň ýeňişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mugallymlarynyň ýeňişi

view-icon 1177
Türkmen mugallymlary golaýda Moskwada jemi jemlenen rus dili we edebiýaty boýunca 2-nji Bütindünýä lingwokulturologiki bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdiler.


Bäsleşige Ýewropanyň we Sziýanyň ýurtalrynyň 25-inden gelen wekilleriniň bäş müňüsi gatnaşdy. 75 adamdan ybarat bolan hünärmenler topary - her döwletden üç adam bäsleşigiň ýeňijisi diýen derejä eýe boldy. Türkmenistan tarapyndan Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň „Gözleg“ ylmy-barlag merkeziniň we jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň mugallymy Batyr Mämmedow, A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen rus orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Ýuliýa Çibirowa, Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Aýgül Gurbanowa dagy bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etmegi başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisi ýörite diplomlara, şeýle hem ýadigärlik sowgatlaryna we baýraklaryna mynasyp boldylar. Halkara we bütinrussiýa bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, teatr we kino artistleriniň, şahyrlaryň we kompozitorlarynyň çykyşlary esasynda guralan baýramçylyk konsert sany çärä gatnaşyjylar üçin aýratyn döredijilik sowgady boldy.