Ï Türkmen ylmynyň ýaş zehininiň hormatyna dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ylmynyň ýaş zehininiň hormatyna dabaralar

view-icon 1039
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene bolan Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýaşlaryň arasynda geçirilen däp bolan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ylymlar güni--bu milli ylmy gaýtadan dikeltmegiň, ony hil taýdan täze derejä çykarmagyň, aň-paýhas ösüşiniň we bilimleri işjeň özleşdirmegiň, täze pikirleri, nou-haulary, öňdebaryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň innowasiýa taýdan ösüşi üçin çekmegiň baýramçylygydyr. Ylmy işleriň her ýylda geçirilýän bu uly döwlet gözden geçirilişi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi we türkmen ylmyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary—alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, olaryň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde geçirilýän bu aň-paýhas bäsleşigine ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, işjeň ylmy işler bilen içgin gyzyklanýan islendik kärdäki ýaş türkmenistanlylar, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary gatnaşýarlar.


Bu iri ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Eger geçen ýyl olar 623 bolan bolsa, şu ýyl bäsleşýänleriň sany 716-a ýetdi. Olaryň 184-si alymlar we 532-si talyplar we okuwçylardyr. Bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlary boýunça işläp taýýarlamalar we barlag işleri, şol sanda obasenagat toplumynda innowasiýa tehnologiýalary; ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak; energetika, ýangyç we olary tygşytly peýdalanmak, himiýa tehnologiýasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini döretmek; gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, lukmançylyk hem-de dermanlyk serişdeleri öndürmek, maglumat beriş hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalary, şeýle hem ykdysady we gumanitar ylymlar boýunça öz ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Ýaşlaryň arasynda gpeçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, görnükli ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyplaryň wekilleri, Türkmenistanyň YA-nyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde açylan “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, ylmyň adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydygyny, biziň ynamly öňe gitmegimiziň kepili bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Milli Liderimiziň Gutlagynda ylym ulgamynda möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary kämilleşdirmek işlerine häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribäni çekmek arkaly döredijilik gujur-gaýraty bilen joşýan ýaş alymlarymyzyň mynasyp goşant goşýandyklary bellenilýär. “Biz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylym-bilime uly sarpa goýup gelýän dörediji halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant boljak beýik işlere täze ylmy açyşlara garaşýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň köpsanly ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat diplomlaryny we gymmatly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, mähriban Waranymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine milli Liderimiz ynandyrdylar.

Ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurdumyzy ösüşler we özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiziň ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmaga ýadawsyz üns berýändigini, bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak tagallalaryny aýratyn nygtadylar.

Ylmy döredijilik üçin mümkinçilikleriň giňelýän, maglumatlary alyşmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşýan täze eýýamda biziň ýurdumyz halkara ylmy maslahatlarynyň we sergileriň geçirilýän iri merkezine öwrülýär, türkmenistanlylaryň zehinli ýaş nesli bolsa Türkmenistana halkara ylmy maslahatlarynda ylmyň we tehnikanyň möhüm ugurlary boýunça mynasyp wekilçilik edýärler. Muňa biziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 81-sine, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bolsa halkara bäsleşiklerde dürli derejedäki medallaryň 9-syna mynasyp bolmagy hem şaýatlyk edýär.

Şu gezekki milli akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň işlerinden düzülen “Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary” atly ýygyndysy ylym ulgamynda we täze tehnologiýalarda ýaş alymlaryň döredijilik gözlegleriniň beýany boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanyp, ajaýyp çaphana usulynda neşir edilen ylmy işleriň bu ýygyndysy ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy-barlag işleri we tejribe işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýar.

Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, milletimiziň örän baý intellektual mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler we öz nobatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine öz ähli tagallalaryny we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti boldy.