Ï Köýtendagyň tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň üns merkezinde

view-icon 1162
Köýtendaga nobatdaky üçünji halkara ylmy ekispedisiýasy geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň bütindünýä tebigy miras boýunça halkara bilermenleri bolan Beýik Britaniýanyň guşlary goramagyň Patyşalyk jemgyýetiniň alymlary gatnaşdylar. Şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň alym-botanikleri, biologlary, ornitologlary daşary ýurtly wekilýetiň düzümine goşuldylar. Türkmen alymlary – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri ekspedisiýanyň işine işeňňir gatnaşdylar.



ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi Guwandyk Poladowyň belleýşi ýaly, Köýtendag goraghanasynyň we onuň zakaznikleriniň çäklerinde ekispedisiýa sekiz günläp ornitologlara daýanmak bilen haýwanat dünýäsine, geologiki mirasyna, endemiki we derman ösümlikleriň ýaýrawyna toplumlaýyn gözleg işlerini dowam etdirdiler.

Ekspedisiýada gije-gündüzleýin surat we wideo şekile düşürmek üçin ýokary duýgurly kameralar ulanyldy. Tehnikany synag etmek alynan ylmy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak boýunça ekoulgamyň netijeli uzakmöhletleýin monitoringini guramak üçin goraghananyň hünärmenleriniň bu enjamy netijeli peýdalanmak boýunça okuwy bilen bir wagtda geçirildi. Bu häzirki zaman tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy haýwanlaryň ýaşaýan ýeriniň ýaýrawyny, seýrek we gyzyl kitaba girizile görnüşlerini ýüze çykarmak bilen, olaryň sanlary boýunça gerek bolan maglumatlary gyssagly almaga şertleri döreder.

ekspedisiýasynyň dowamynda toplanan maglumatlar Köýtendagyň tebigy desgalaryny Bütindünýä tebigy miras sanawyna goşmak mümkinçiligine garamak üçin 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna bermäge niýetlenen gutarnykly nominasion dosýesine goşular.

Mälim bolşy ýaly, Köýtendagyň ekoulgamyny we onuň elementlerini toplumlaýyn öwrenmek üçin, şeýle hem bütindünýä ähmiýetli bolan tebigy komponentklerini ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda Lebap welaýatynyň bu sebitlerine ilkinji bäş günlik Halkara ylmy ekspedisiýasy guraldy. Onuň işi Türkmenabat şäherinde geçirilen iki günlük ylmy maslahat bilen tamamlandy. Bu waka dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek we Köýtendagyň tebigy gymmatlyklaryny hem-de onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermekde çuňňur ylmy taýdan öwrenmäge üçin güýçli gyzyklanma döretdi.