Şu gün Baharly etrabynyň dolandyryş merkezinde iki gatly döwrebap döredijilik merkezi bolan Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde oba ilatynyň işden we okuwdan boş wagtlary dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.
Medeniýet öýüni ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, okuwçy ýaşlar we şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Döredijilik toparlary myhmanlar üçin konsert taýýarladylar. Onuň maksatnamasyny ýaş aýdymçylaryň we tansçylaryň çykyşlary, teatr sahnalary düzdi. Bu çykyşlar ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygy alamatlandyrdy.
Şäherçäniň ruhy we döredijilik taýdan ösüş merkezinde gurnaklaryň hem-de gyzyklanma bildirilýän sapaklar boýunça ýöriteleşdirilen synp otaglarynyň tutuş ulgamy göz öňünde tutuldy. Kompýuter merkezi, kitaphana, okalga zaly, tans we hor sungaty, surat çekmek we teatr ussatlygy boýunça otaglar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň we dizaýnerleriniň zerur bolan häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde şeýle hem milli saz gurallary gurnaklary, ses ýazgysy studiýasy göz öňünde tutuldy. Dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek üçin 500 orunlyk mejlisler zaly guruldy.
Öňdebaryjy interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýörite enjamlaşdyrylan leksiýa zalynda dürli aň-bilim beriş çäreleri geçiriler. Körpeler üçin oýun oýnalýan otag göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde olar wagtyny şadyýan we gyzykly geçirerler. Bu ýerde şeýle hem uly bolmadyk kafe we naharhana bar.
Medeniýet öýünde şäherçäniň ösüş taryhy, onuň taryhy-medeni gözellikleri bilen tanyşdyrýan gymmatlyklar üçin döredilen özboluşly muzeý onuň aýratyn ajaýyplygy bolup durýar.
Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy Baharly etrabynyň merkeziniň ähli ýaşaýjylary üçin joşgunly baýramçylyga öwrülip, onuň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.