Ï Awaza: binagärlikde we gurluşykda innowasiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza: binagärlikde we gurluşykda innowasiýalar

view-icon 1037
Her bir adam ýurdumyzyň günbatar «howa derwezesinden» — Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Türkmenistana gelende uçar aşaklan mahaly guşuçar belentlikden ajaýyp görnüşi synlap bilýär. Haýran galdyrýan dürli öwüşginleri özünde jemleýän bu görnüşi uçaryň penjiresinden syn edip, özboluşly lezzet almak bolýar. Bu ýagdaýy ilkinji görýänler hem, ony ençeme gezek öň görenler hem uçaryň ganatlaryň aşagyndan yzly-yzyna peýda bolýan, mawy deňziň hem-de dag belentliginiň mämüşi-goňur reňkleri bilen sazlaşýan görnüşi, uçaryň aýnalarynyň aňyrsynda ýalpyldaýan gün şöhlesine lowurdaýan, ak mermerli köp gatly binalarry höwes bilen synlaýarlar.


"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy—bu Hazar deňziniň kenarynda amala aşyrylýan, öz möçberleri boýunça görlüp-eşidilmedik batyrgaý taslamadyr. Bu taslama birbada Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň örän möhüm bolan iki ugruny öz içine alýar. Ol bolsa ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini, sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçiriş kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetiň binýadynda diwersifikasiýa geçirmek bilen özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir.


Geçen döwürde alnyp barlan ägirt uly işleriň netijesinde ozallar diňe çöllükden ybarat bolan bu künjegiň keşbi düýpgöter özgerdi. Ol örän uly geljegi bolan häzirki zaman deňiz şypahanasyna öwrüldi. Hazar sebitiniň iri senagat, ulag we şypahana merkezi bolan Türkmenbaşy şäheri öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu şähere gadam basanyňda özgertmeleriň ägirt uly möçberlerine göz ýetirmek bolýar. Awtomobil ýolundan we Bahry-Hazar kenarýakasyndan deňiz giňişliginiň ajaýyp görnüşi açylýar. Bu ýerde deňizýaka şäheriniň ajaýyplyklary bolan Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň edara jaýy, öz görnüşi bilen deňiz gämisini ýada salýan «Çarlak» myhmanhanasy, dürli konsertler, aýdym-saz gözden geçirişleri, beýleki medeni we jemgyýetçilik çäreleri geçirilýän «Ruhyýet» köşgüniň ajaýyp binagärlik toplumy we dag belentlikleri bilen gurşalan «Türkmenbaşy» myhmanhanasy ýerleşýär.


Birnäçe öwrümden soň, ýokary tizlikli hereketler üçin niýetlenen gara ýol bizi "Awaza" deňiz şypahanasyna alyp barýar. Bu ýerde soňky ýyllarda «Watançy», «Hazyna», «Nebitçi», «Kerwen», «Kuwwat», «Serdar», «Arzuw», «Daýanç», «Şapak» we «Bereket» ýaly häzirki zaman myhmanhanalar we çagalar-sagaldyş merkezleri peýda boldy. Bu tomus günleri gadymy Hazaryň kenarynda şatlykly çaga sesleri eşidilýär. Tomusky dynç alyş we zähmet rugsatlary möwsüminde türkmenistanlylar örän arassa suwy, deňiz howasy hem-de ajaýyp çägeli suwa düşülýän kenarlary bolan bu künjekde döwrebap dynç alýarlar. Bu bolsa uzak döwrüň dowamynda sagdynlygyň, özüňi oňat duýmagyň we şähdaçyklygyň kepilidir.


Düzüm görnüşleri boýunça çalymdaş bolsalar-da, öz gurluş, bezeg, taslama aýratynlyklary bilen tapawutlanýan her bir myhmanhana toplumy şypahana zolagynyň guwanjydyr. Olarda rahat dynç almak üçin aňrybaş şertler döredilendir. Myhmanhanalaryň içki bezegleri gözellik we rahatlyk bilen utgaşyp, nusgawy we häzirki zaman äheňlerini özünde jemleýär. «Naýbaşy» we orta derejeli myhmanhana otaglary amatly görnüşde ýerleşdirilip, olardaky häzirki zaman mebeller reňk öwüşginleri bilen sazlaşykda özboluşly amatlyklary emele getirýär. Mundan başga-da, milli we Ýewropa tagamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän restoranlar we kafeler, dürli duşuşyklary, simpoziumlary, tanyşdyryş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen mejlis zallary, häzirki zaman türgenleşik enjamlary bolan ýüzüş howuzly, hammamly, owkalaýyş bölümleri bolan fitnes-merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Şypahanalaryň öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary oturdylan bejeriş bölümlerinde ýokary hünär taýýarlykly terapewtleriň, kadiologlaryň, stomatologlaryň we beýlekileriň maslahatlaryndan we bejeriş hyzmatlaryndan peýdalanyp, bejergi palçyklary we ýod-brom suwy arkaly bejeriş-öňüni alyş hyzmatyny alyp bolýar. Myhmanhanalaryň ýanyndaky internet-kafelerde Wi-Fi simsiz ulgama girip bolýar. Bu ýerde şeýle hem pul çalşylýan nokatlar we Western Union ulgamy boýunça pul geçirmek üçin bankyň bölümleri işleýär.


Şypahanalaryň abalandaşdyrylan ýerlerinde tomusky suwa düşülýän howuzlar bar, şol sanda ýaş çagalar üçin niýetlenen howuzlar, amfiteatrlar, çagalaryň oýun oýnalýan we sport meýdançalary, tennis oýnalýan ýerler, şeýle hem awtoulaglar üçin niýetlnen duralgalar ýerleşdirilipdir. Syýahatçylyk merkezleriniň her birinde diýen ýaly ponton duralgalary bar, bu ýerlerde deňizde syýahat etmek üçin niýetlenen matorly gaýyklar we suw tigirleri bolup, bularda deňizde syýahat etmek ýakymlydyr. Duralgalarda kenaryň ýakasynda syýahat etmek isleýänler üçin ýeňil gaýyklar hem bar. Kenaryň ýakasynda bolsa älemiň täze syýahatçylyk dür dänesi diýlip hasaplaýanan «Awazanyň» keşbi has aýdyň görünýär.


«Awazanyň» has ýatda galýan ýerleriň biri diýlip hasaplanýan gämi ýüzýän 7 kilometrlik derýa ýerli tebigy landşafta sazlaşykly goşulyşýar. Awtomobiller we ýolagçylar üçin niýetlenen köprüler bilen baglanyşýan kenarlarda amatly kafelerden we restoranlardan, gezelenç etmek üçin niýetlenen gämiler üçin duralgalardan ybarat bolan dynç alyş zolagy ýerleşýär. Bu çylşyrymly gidrotehniki desganyň taslamasynyň inženerlik çözgüdi, şeýle hem binagärlik babatda deňi-taýynyň ýokdygyny bellemek gerek. Derýanyň ini deňiz derejeli ýahtalaryň ýüzmegine mümkinçilik berýär. Bular ýörite şlýuz kameralar arkaly açyk deňze çykyp bilerler.

Derýanyň gözbaşy şaglawuk görnüşindedir, şol ýerden deňziň suwy akyma goşulyşýar. Bu suw akabasynyň iki kenaryndan ýolagçylar we welosiped sürýänler üçin ýodalar çekildi. «Awazanyň çäginden geçýän bu özboluşly derýa arkaly gezelenç etmek bu ýere dynç almaga gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Geljekde bolsa bu ýerde baýdarkada we kanoede küreklemek, ýeňil gämilerde ýüzmek boýunça sport ýaryşlary geçiriler.

Häzirki döwürde landşaft boýunça dizaýn babatdaky ýagdaýlary göz öňünde tutup bezelen seýilgäh toplumy şypahanalaryň bezegi bolup durýar. Yşyk bilen bezelen köp sanly suw çüwdürimleriniň toplumy bu seýilgähiň esasy ýeri hasaplanýar. Suw şaglawuklary seýilgähiň deňze çenli uzalýan aralygyny bezeýär. Bular kenar ýakasyndan başlap deňze çenli uzalýar, soňra başlanýan ýoda tolkunlaryň arasynda ýerleşýän gözegçilik meýdançalara çenli uhalýar. Şu ýerde seýilgäh toplumynyň esasy bezegi diýlip hasaplanýan deňiz suw çüwdürimi diýseň oňat görünýär.

Şol deňiz suw çüwdürimi kenardan 185 metr daşlykda ýerleşip, boýy 24 metre we ini 60 metre barabardyr. Agşam düşende oňa kenardan golograf şekiller we yşykly etýudlar düşýär, bular kenardaky seýilgähden ýaňlanýan saz bilen goşulyşyp, hakykatdan-da diýseň owadan şekilleri göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Kenardaky owadan suw çüwdürimleri hem bu owaza goşulyşyp, agşamyna we gijesine gymmat bahaly daşlaryň dürli öwüşginine çaýylýar.

Bir söz bilen aýdanyňda, deňziň kenarynda 2400 orunlyk amfiteatrdan reňkleriň we yşyklaryň sazlaşygyny görmek bolýar. Munuň özi «Awazanyň» esasy sahna meýdançasydyr, şol ýerde halkara festiwallary, daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsertler we beýleki giň gerimli çäreler geçirilýär.

Pürli we beýleki agaç nahallarynyň — arça, serwi, tut, derek agaçlarynyň oturdylan ýerindäki şypahananyň bagy-bossanlyga büreljek wagty daşda däl. Baş meýilnama laýyklykda syýahatçylyk zolagy üçin 5 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 2000 gektar ýerinde ajaýyp tebigy landşaftly Milli seýilgäh ýerleşer. Galyberse-de, ýene-de 1300 gektar meýdan seýilgähler we gül ekilýän meýdanlar üçin bölünip berildi. Hazaryň kenarynda 12 kilometrden gowrak aralyga uzalyp gidýän ýaşyl zolagyň ini 300 metre barabardyr.

Hazar sebitinde syýahatçylyk pudagynyň doly derejede hereket etmegi üçin zerur ulag, energetika, inženerçilik-kommunikasion, serwis düzümi döredilýär. Türkmenbaşy şäherinde gurlan täze Halkara howa menzili deňziň ýakasyndaky şäheriň gözel künjekleriniň birine öwrüldi. Täze tehnika we enjamlar, döwrebap tehnologik ulgamlar bilen üpjun edilen howa menzili "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň «howa derwezesi» bolmak bilen çäklenmän, Ýewraziýa yklymyndaky halkara howa, deňiz, demir ýol we awtomobil ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-kommunikasion ulgamynda wajyp ähmiýetli düzüm bolup durýar.

Bu uly howa duralgasynyň geçirijilik ukyby sagatda 800 ýolagça barabar. Şol bir wagtyň özünde howa menzili birnäçe awiareýsleri kabul edip, serwis boýunça halkara standartlaryny üpjün etmäge ukyplydyr. Onuň uçuş-gonuş zolagy Halkara raýat awiasiýasynyň (IKAO) ähli talaplaryna laýyklykda üpjün edilip, islendik kysymly ýolagçy we ýük uçarlaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Onuň parametrleri uzynlygyna 3,5 kilometre we ini 60 metre barabardyr.

gämilerine ýangyç merkezleşdirilen stansiýa arkaly guýulýar, ýagny munuň üçin ýangyç guýmaga niýetlenen awtoulaglar ulanylmaýar. Güýçli radiolokator, meteorologik şertlere gözegçilik edýän awtomatiki ulgam aeroportuň çägine degişli zolakda howa gatnawyna dolulygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Çylşyrymly elektron-tehniki enjamlar, şol sanda has kämil aeronawigasion enjamlar bilen üpjün edilen 13 gatly 61 metrlik dispetçerçilik diňi uçuşlary dolandyrmagyň esasy merkezi bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, 4 gatly aerowokzal toplumynyň 80 gektara golaý meýdanda ýerleşen binalarynyň ählisi özboluşly binagärlik usulynda gurlup, milli binagärligiň döwrebap elementlerini we öwüşginlerini özünde jemleýär. Häzirki wagtda awtomatiki derejesi boýunça bu täsin galdyrýan inženerlik-tehniki desganyň tutuş sebitde has innowasion görnüşli bolup durýandygyny aýtsak, öte geçdigimiz bolmaz. Terminalyň içki bezegi we dizaýny oýlanyşykly görnüşdedir, onuň birinji gatynda içerki we halkara awia liniýalaryň ugurlary boýunça uçýan ýolagçylaryň garaşýan we hasaba alynýan zallary ýerleşýär. Meselem, girelgede özboluşly suw çüwdürimleri görmek bolýar. Onuň aýdyň «ekranynda» dürli dillerde ýazylan «Hoş geldiňiz!» diýen sözleri, beýleki ýazgylary, dürli nagyşlary we şekilleri görmek bolýar.

Ýolagçylar üçin maglumat berýän tablo, sorag-jogap bölümi, bilet satylýan kassalar, poçta bölümi, şäherara telefon aragatnaşyk nokatlary, walýuta çalşylýan we zat saklanýan ýerler, kafeteriler we beýlekiler bar. Lukmançylyk we ilkinji lukmançylyk kömek beriş otaglary bar. Şeýle hem sensorly elektron maglumat beriş ulgamy arkaly zerur maglumatlary almak bolar. Ikinji gatda ýerli we halkara ugurlar boýunça gelýän ýolagçylar üçin zolak, immigrasion, serhet, sanitariýa-epidemiologiýa we gümrük bilen bagly işleriň amala aşyrylýan ýerleri bar.

Ýeri gelende aýtsak, uçardan düşüp barylýan zala, şeýle hem aerowokzalyň binasyndan awialaýnere barylýan ýere terminaldan çykman teleskopik traplar arkaly baryp bolýar. Eskalator arkaly el goşunyň berilýän ýerine baryp bolýar. Aşakdaky gatda bolsa ýerli we halkara ugurlar boýunça uçýan ýolagçylaryň garaşýan zallary ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde adamlar üçin diýseň oňaýly şertler göz öňünde tutulyp, amatly kafeteriler, bufetler, harytlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda dürli sowgatlary teklip edýän duti-fre dükanlar ýerleşýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilini we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurlan awtomobil estakadalarynyň ikisini hem ulag-kommunikasion ulgama degişli täze desgalaryň arasynda görkezmek gerek. Olaryň biri — 400 metrlik estakada iki derejeli awtomobil ýol aýrydy bolup durýar. Onuň gatnawly böleginiň umumy ini 30,5 metre barabardyr. Onuň 8 sany iniş ýoly bar, gurluşykçylar şol ýollara birigýän ýollary Türkmenbaşy şäheriniň we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň awtomobil ýoluny demirgazyk we gündogar taraplara strategiki Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap ýoluna çykar ýaly edip baglanyşdyrypdyrlar.

Demirgazyk tarap çykýan estakada köprüsiniň uzynlygy 1300 metre we ini 36 metre barabardyr. Demir beton diregleriniň üstünde gurnalan mäkäm inženerlik binasynyň uly täsir galdyrýan kontrlaryndan çen tutanyňda, bu ýerde amala aşyrylan işleriň giň gerimlidigi aýdyň görünýär. Her tarapa 3 zolak boýunça gatnawly bölek 28,5 metre barabardyr. Bölüji zolakdan daşgary goşmaça zolaklary, şeýle hem ýanýodalar bar.

Hut «Awazanyň» özünde awtomobil ýollarynyň eýýäm 20 kilometrden gowragy guruldy. Bular inženerlik-tehniki we ulanyş ölçegleri hem-de düşelen asfaltyň tekizligi boýunça ähli talaplara laýyk gelýär.

«2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz-söwda flotuny ösdürmegiň baş meýilnamasy» işlenip taýýarlanan mahalynda syýahatçylyk ugry göz öňünde tutuldy, şoňa laýyklykda Hazaryň kenarynda köp ugurly, kysymy we ýük göterijiligi boýunça islendik gämileri kabul etmäge ukyply duralgaly täze deňiz terminallary gurlar. Şeýlelikde, üstaşyr geçirilýäjn ýükleri işläp taýýarlamak we aýawly saklamak hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirmek üsin niýetlenen ammarly döwrebap logistik merkez dörediler, şeýle hem deňiz gämilerini abatlamak boýunça binýat, ýolagçylar üçin deňiz wokzaly we beýleki desgalar gurlar. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ygtyýaryna Horwatiýanyň gämi gurýan kärhanalarynda taýýarlanan «Ro-Pax» kysymly awtomobil-ýolagçy paromlarynyň ikisi, şeýle hem beýleki gämiler gelip gowşar.

Mälim bolşly ýaly, oýlanyşykly ýola goýlan we takyk hereket edýän inžener-tehniki infrastruktura göwnejaý alamat diýlip hasaplýanýar. Şol düzümi döretmek üçin hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagat hojalygyna degişli işgärleriniň ýüzlerçesi zähmet çekdiler. Ençeme kilometre uzalýan kabelli, aragatnaşyk, suw geçiriji we kanalizasion ulgamlar inženerçilik galereýalarynda ýerleşdirildi. «Awazanyň» töwereginde gurlan desgalar birnäçe onýyllyklary göz öňünde tutmak arkaly syýahatçylyk zolagynyň hajatlaryny üpjün etmäge ukyplydyr.

Olaryň arasynda kuwwatlylygy 254 megowatta barabar bolan döwrebap elektrik stansiýasy bar. Bu ýerde dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriň gaz turbinaly kuwwatly desgalary, şeýle hem beýleki enjamlary oturdyldy, şunda has kämil tehnologiýalar ulanyldy. Turbinalaryň her biri özbaşdak diýen ýaly işleýär, ol köp sanly awtomatiki enjamlardan ybaratdyr. Bu ýerde ähli ulgamlar dublirlenen diýen ýalydyr, munuň özi energoblogyň aňrybaş derejede ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Bu desga ekologik howpsuzlyk boýunça halkara ülňülerine we kadalaryna doly laýyk gelýär.

Elektrik stansiýasynyň edara jaýy we onuň operatorlyk nokady «haý-tek» usulynda gurlupdyr hem-de ýokardan seredeniňde, ol we onuň daş-töweregindäki ýer Türkmenistanyň ýarym aý we bäş sany ýyldyzlar bilen bezelen kartasyny ýatladýar. Onuň gapdalynda metal gurluşlar: paýlaýjy desgalar — kuwwatly transformatorly goşmaça stansiýalar ýerleşýär, bular turbinalary deňziň ýakasynda ýerleşýän «Awazanyň», Türkmenbaşy şäheriniň we tutuş ýurduň energoulgamlary bilen baglanyşdyrýar.

Şypahanany we Türkmenbaşy şäherini suw bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça ýene-de bir möhüm ähmiýetli wezipe innowasion derejede çözüldi. Şu maksat bilen, Hazar deňziniň kenarynda deňiz suwuny süýjütmek boýunça kuwwatlylygy her gije-gündizde agyz suwunyň 35 müň kub metrine barabar bolan desga guruldy. Bu desga häzirki wagtda has kämil enjam we zerur inženerlik-tehniki infrastruktura bilen üpjün edildi. Suw toplaýjy desga deňizden 1200 metr daşlykda ýerleşýär.

Deňiz suwy birnäçe tapgyrda göwnejaý arassalanylýar: şunda ilkinji gezek arassalaýjy sekiz sany seksiýa we suwy has durlaýjy 13 sany seksiýa işledilýär. Şonuň netijesinde deňiz suwy arassalanan agyz suwuna öwrülýär. Şunda güýçli suw sorujylar batly basyş bilen suwy ýörite membranalar, ýagny deňiz duzuny goýbermeýän enjamlar arkaly geçirýärler. Soňra süýjedilen suw ýörite minerallar bilen baýlaşdyrylyp, zerur ölçeglere we standartlara ýetirilýär hem-de her biriniň sygymlylygy 5 müň kub metre barabar bolan toplaýjy gaplaryň ikisine akdyrylýar we soňra şolardan syýahatçylyk zolagynyň suw geçiriji ulgamyna ýetirilýär.

«Awazany» munduň beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasy dürli görnüşdäki taslamalardan we binagärlik dizaýnyndan ybaratdyr, şunda Ýewropa usulyna mahsus bolan hem-de Gündogaryň nusgawy we ertekilerde wasp edilýän kaşaň, köp gatly binalardan başlap, örän oňaýly iki gatly kottežleri gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde täze binalaryň we desgalaryň 25-e golaýy gurulýar. Olaryň 15-si eýýäm şu tomusda ulanmaga berler. Myhmanhanalar we sagaldyş-şypahana toplumlarynyň ulanmaga berilmegi «Awazada» şol bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň sanyny 7 müňe ýetirmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da köp sanly sport desgalary, akwaparklar, dürli oýunlar guralýan medeni-dynç alyş toplumlary, 3D kinoteatry, okeanarium gurlar. Deňiz şypahanasynyň günorta kenar ýakasynda Kongresler köşgüniň belent jaýy gurlar.

Syýahatçylyk zolagynda binalaryň we desgalaryň batly depgin bilen gurulmagy Türkmenistanda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Has girdejli syýahatçylyk babatdaky ýagdaýy muňa mysal edip görkezmek bolar. Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda «Awazada» işleýän maýadarlar, firmalar we kompaniýalar üçin salgyt, gümrük, wiza we beýleki ugurlar boýunça ýeňillikler döredilýär. Gurluşygyň ýokary hilli amala aşyrylmagy, taslamalaryň ekologik howpsuzlyk hem-de dünýäde binagärlik we inženerlik — tehniki öý pikirler boýunça öňdebaryjy çözgütlere esaslanmagy — bularyň ählisi potratçylara bildirilýän esasy talaplary özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ata Watanymyzyň rowaçlygyna, türkmen halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýökarlandyrylmagyna gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijesi hem-de Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi ugur edinýän açyk daşary syýasatynyň ajaýyp nyşany diýlip hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem geljekki nesiller üçin adamlaryň elleri bilen döredilen uly gudrata öwrüler.