Ï Halkara žurnalisrika fakultetiniň ilkinji uçurymlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara žurnalisrika fakultetiniň ilkinji uçurymlary

view-icon 1112
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş hünärmenleriň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebini şu ýyla ýaşlaryň 60-sy tamamlady. Olaryň 13-si bolsa tapawutlanan diplomlaryň eýeleridir.

Diplomatyýanyň bu ýokary okuw mekdebi 2008-nji ýylda açyldy. Şol döwürde halkara ykdysady gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünärleriniň birinji ýyl talyplary bilen bir hatarda bu ýerde öň ugurdaş ugurlar boýunça okaýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň üçünji ýyl talyplary hem öz okuwlaryny dowam etidrdiler. Biziň ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin ilkinji sapar düýbünden täze hünär bolan – halkara žurnalistikasy hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlanyp başlandy.


Eýýäm ýaş hünärmenlere ýurduň döwlet gurluşlarynyň ýigrimsinden gawragynda garaşýarlar. Olaradan Daşary işler, Maliýe, Adalat ministrliklerini, olaryň sebitleýin bölümlerini, bank ulgaymynyň edaralaryny, „Türkmenhowaýollary“ milli gullugyny, gazetleriň redaksiýalaryny we Milli telewidenýäni görkezmek bolsar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tejribeligi geçen bu ýokary okuw mekdebiniň ilkinji uçurymlary biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, hususanda, Türkiýede, Rumyniýada, Eýran Yslan respublikasynda, Owganystanda, Gazagystanda we Russiýada eýýäm üstünlikli işleýärler.