Ï Döredijilikli joşgün arkaly ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilikli joşgün arkaly ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak bilen

view-icon 950
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijeleriniň jemlenmegine hem-de indiki ýylda şunuň ýaly uly möçberli çäräniň geçirilmegine taýýarlyk görülmegine degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat boldy.

Maslahata ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri – artistler, ýazyjylar, suratkeşler, kompozitorlar, folklorçylar, şeýle hem döredijilik boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet – bilim edaralarynyň işgärleri, ähli welaýatlardan çeper höwesjeňler gatnaşdylar. Çagyrylanlaryň arasynda jeimgyýetçilik işgärleri, medeniýeti we syýasaty öwreniji alymlar hem bar.

Dabaraly we işjeň ýagdaýda geçirilen maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna girizilen çäreleriň guralyşy we geçirilişi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazaryň kenar ýakasynda giň gerim bilen geçirilen bu uly we täsirli baýramçylyk çäreleriniň türkmen jemgyýetiniň ruhubelentligini, döredijilikli mümkinçiliklerini äşgär edendigi bellenildi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi köpsanly wajyp wakalara beslendi. Şol wakalar onuň çygryny giňeldip, bu çäräniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýete eýe bolmagyna getirdi. Şol wakalaryň arasyndan türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzümine degişli köpsanly binalaryň we desgalaryň – kaşaň myhmanhanalaryň, ähli oňaýlyklary bolan kottejli şäherjikleriň we dynç alyş merkezleriniň, ýahta-klubyň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Balkanabatda täze Bagt köşgi ulanmaga berildi, Awazada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi boldy. Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duduşyklary geçirdi.

Iýunyň soňky hepdesinde GDA ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň meseleleri boýunça maslahaty hem geçirildi. Göräýmäge, bu mesele medeniýet ulgamy bilen içgin baglanyşykly bolmasa-da, şol günlerde türkmen kenar ýakasynda bolup geçen ähli wakalar häzirki wagtda bu sebitde täze mümkinçilikleriň döredilýändigini, onuň işjeň ykdysady we medeni merkeze öwrülýändigini, Türkmenistanyň halkara durmuşynyň wakalara baýdygyny aýdyň görkezýär. Şunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna möhüm ähmiýetli orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň ählisi we olary amala aşyrmagyň ýollary jemlenýär, innowasion tejribede ýurdumyzyň hut medeniýet ulgamynyň mümkinçilikleri üstünlikli ulanylýar. Çünki häzirki wagtda türkmen halkynyň tebigy genji-hazynasy we döredijilikli zehininiň esasynda kemala getirilen milli medeniýet, onuň özboluşlylygy, milli mirasyň täsinligi we baýlygy ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň we maýa goýumlary üçin özüne çekijidligiň “binýadyna” öwrüldi. Öz gezeginde syýahatçylyk ýurdumyzdaky ähli oňyn durmuş-ykdysady ýagdaýlara, şeýle hem tutuş dünýäde medeni gymmatlyklarymyzyň wagyz edilmegine badalga bermelidir.

Milli Liderimiz bu özara ysnyşykly baglanyşygy göz öňünde tutup, ilkinji Medeniýet hepdeligini hut Awazada geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen müňlerçe medeniýet işgärleriniň, beýleki onlarça ýurtlardan gelen köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk dabaralary türkmen medeniýetiniň ösüşine mahsus bolan esasy ýagdaýlary hem-de ruhy dünýäni ösdürmegiň ýurduň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär etdi.

Hazaryň kenarynda geçirilen baýramçylyk dabaralary watandaşlarymyzyň, aýratyn-da ýaş nesliň aňynda we kalplarynda ýatdan çykmajak täsir galdyryp, olaryň watançylyk duýgularyny has-da güýçlendirdi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň beýik üstünlikleri gazanýandygyna buýsanjyny artdyrdy. Çykyş edenler bu barada aýtmak bilen, üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň ylma, medeniýete we bilime degişli işe, milli mirasyň wagyz edilmegine güýçli itergi berip, gumanitar ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyny we dürli halklaryň medeniýetleriniň gatnaşygyny ösdürmek, täze döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglylykda täze sahypany açmak arkaly, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlukgyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň berkarar edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler.

Şeýle üstünligiň gazanylmagynda medeniýete wajyp, jebisleşdiriji ornuň degişlidigini belleýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn goşandynyň bardygy nygtaldy. Medeniýet ulgamynyň işgärlerini döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda öňdebaryjy hatarda durmaga çagyrýan milli Liderimiziň öňde goýan wezipesi medeniýet ulgamyny täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän we ösüşiň hil taýdan täze derejesine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Türkmen topragy zehinlere baýdyr. Türkmenistanda medeniýet we sungat ulgamynda saýlap alan işine ygrarly ussat hünärmenler az däldir. Olar döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryna eýerip, ýurdumyzda medeniýeti ösdürmek barada içgin alada edilmegine mynasyp zähmet çekmek bilen, jogap berýärlerwe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylanlary wasp edýärler. Bularyň ählisi Medeniýet hepdeliginde geçirilen çärelerde – çeperçilik we kitap sergilerinde, kinolaryň görkezilişinde we folklor toparlarynyň çykyşlarynda, edebi duşuşyklarda, estrada aýdymlaryndan we nusgawy sazlardan ybarat konsertlerde öz beýanyny tapdy.

Şol ýatdan çykmajak hepdelikde ilkinji gezek “Görogly” operasy görkezildi. Munuň özi Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi täze operalary görkezmek arkaly bellemek bilen bagly ýörelgäniň dowam etdirilýändigini görkezdi. Hut şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde milli opera sungatynyň täzeden dikeldilen senesi hökmünde Türkmenistanyň taryhyna girdi.

Häzirki wagtda şu ugurda degişli işler geçirildi. Eger ozal köpýyllyk arakesmeden soňra türkmen sahnasynda biziň nusgawy mirasymyza degişli türkmen operalary täzeden dikeldilen bolsa, indi düýpgöter täze operalar sahnalaşdyrylýar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň teatr sungatynyň ösdürilmegine degerli godaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da berkitmek we teatrlaryň işgärlerine ýokary derejede iş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan teatrlaryň hersine 50 müň amerikan dollarynyň bölünip berilmegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýygnananlar şeýle içgin üns berilmeginiň sungat ussatlaryny döwlet Baştutanynyň häzirki döwürdäki hakykat barada döredijilikli oýlanmak, täze taryhy eýýamyň ýörelgelerini wasp edip, ýaşlaryň watançylyk, ahlak we estetiki taýdan terbiýelenmegine, halkymyzyň ata Watanymyza buýsanjynyň has-da artdyrylmagyna ýardam berýän täze, döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän eserleri döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini berjak etmekde has-da yhlasly işlemäge borçly edýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ideologiýasyny kemala getirmekde möhüm ähmiýetli orny eýeleýän edebiýatçylaryň, teatr we kino işgärleriniň, suratkeşleriň, žurnalistleriň işinde döredijilikli gözlegiň, özboluşly çözgütleriň we täzeçe çemeleşmeleriň wajypdygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar “Awaza – 2013” Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen işleriň netijelerini jemläp, toplanan oňyn tejribe barada peýdaly we anyk gürrüň etdile. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeligini 2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynda üstünlikli geçirmek maksady bilen, ähli zerur şertleri döretmek üçin eýýäm ýakyn geljekde çözülmeli esasy meseleleriň toplumy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi, bellenilen çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we olary göwnejaý durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketler ylalaşyldy.

Şeýle hem döwletiň medeni syýasatyna degişli orta we uzak möhletleýin maksatlara ýetmek, şol sanda döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek, medeniýet – bilim ulgamyna degişli edaralaryň, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik kitaphanalarynyň, şeýle hem muzeýleriň, medeniýet boýunça ylmy -barlag merkezleriniň üsti bilen maglumat bermek arkaly, ilata edilýän medeni hyzmatlaryň toplumyny giňeltmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Jemgyýetçilik kitaphanalarynda Internet- resurslary we elektron tehnologiýalary has işjeň ýagdaýda ornaşdyrmak gerek.

Şunda olaryň gaznalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, şolaryň görnüşleriniň artdyrylmagyny üpjün etmegiň we wagyz etmegiň möhümdigi bellenildi. Bu çäreleriň ählisi täze başlangyçlar, öňdebaryjy tehnologiýalardan we işiň täze görnüşlerinden peýdalanmak, ählumumy kompýuter ulgamlarynyň kömegi bilen, maglumatlary alyşmagyň köpkanally ulgamlaryny döretmek üçin oňaýly ýagdaýy döretmek arkaly medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň güýji arkaly döredilen “Medeniýet” atly täze habar beriş Internet-resursynyň wajyp ähmiýetlidigi bellenildi. Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda açylan bu saýt arkaly, şol hepdelige goşulan ähli çäreler jikme-jik beýan edildi hem-de giň halkara okyjylar köpçüligi gündelik wakalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem okyjylara türkmen halkynyň däp-dessurlary, onuň taryhyna degişli sahypalar, şu ugur boýunça ylmy-barlaglaryň netijeleri we beýlekiler barada dürli görnüşdäki makalalar hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet edaralarynyň, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň, medeniýet we dynç alyş merkezleriniň türkmen halkynyň baý mirasyny giňden wagyz etmelidigini, türkmen sungatynyň we folklorynyň täsinligini we özboluşlylygyny beýan edip, her bir raýatyň milli we dünýäniň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyny üpjün etmelidigini belleýär.

Şu wezipeler bilen baglylykda, döredijilikli başlangyçlara we taslamalara badalga bermek, sungata goldaw bermek, Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň innowasion taýdan ösdürilmegine gönükdirilen pudagara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň dünýäniň medeni-maglumatlar giňişligine doly möçberde goşulyşmagy boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň meselelerine garaldy.

Şunda häzirki wagtda ýurdumyzda erkin we döredijilikli zähmet sekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ýaş zehinleriň höweslendirilmegine we goldanylmagyna uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Balkan we Lebap welaýatlaryndan ýaş akkordeonçylaryň birleşen toparynyň çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýaşlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan sowgat berlen saz gurallaryny çalyp, joşgunly çykyş etdiler.

Beýleki artistler hem çykyş edip, aýdymlary we opera ariýalaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem joşgunly goşgular okaldy. Maslahatyň şunuň ýaly özboluşly döredijilikli çykyşlar bilen utgaşdyrylmagy Medeniýet hepdeliginiň hemmeleriň ruhubelent joşgunynyň artmagyna güýçli itergi berendigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimize içgin alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklaryny we sargytlaryny ýerine ýetirmek we umuman, türkmen medeniýetini täze we türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp derejä ýetirmek ugrunda ähli güýçlerini, bilimlerini we ukyplaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.