Ï Durmuşdan ugur almak — milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuşdan ugur almak — milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 7949
Şanly waka — Balkanabatda “Bagt köşginiň” we Hazaryň kenar ýakasyndaky gurlan täze, döwrebap şypahana — dynç alyş binalarynyň toplumynyň açylyşyna çenli bir hepdä golaý wagt galdy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky binalaryň toplumynyň açylyş dabarasy döwletiň milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr.

Ykdysadyýetde jemgyýetiň baýlygynyň esasy bölegi döredilýär, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary iş ýüzünde öz beýanyny tapýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işiniň netijeleri halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň has sazlaşykly ösýän döwletleriň sanawynda ymykly ornaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylmagynyň gös-göni netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we umumy liberallaşdyrylmagy, bazaryň elementleriniň we döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň utgaşdyrylmagy şol strategiýanyň möhüm jähetleridir. Şunda netijeli, çeýe we ygtybarly maliýe mehanizminiň döredilmegine, pul—karz, salgyt-býujet ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Innowasion, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary alyşmak, maýa goýumlaryny çekmek, özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyna wajyp ähmiýet berilýär. Umuman alanyňda, bularyň ählisi halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän milli kanunçylyk we aýratyn-da, işjeň durmuş syýasatynyň ýöredilmegi arkaly berkidilýär.

Türkmen Lideriniň amala aşyrýan özgertmelerinde özara baglanyşykly ýagdaýlar, has takygy, ykdysadyýetiň durmuşa degişli meseleleriň çözülmegine gönükdirilendigi we ykdysady bölegiň netijeliligini artdyrmakda durmuşa mahsus ýagdaýlaryň hemmetaraplaýyn ulanylýandygy aýdyň görünýär. Ýangyç-energetika toplumynyň, oba senagat pudagynyň, ýokary tehnologiýaly we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän pudaklaryň, ulag we maglumatlar – kommunikasion düzümiň ileri tutulyp ösdürilmegi bilen birlikde Döwlet býujetinden “intellektual ulgama” – bilime, ylma, saglygy goraýşyň, medeniýetiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna ep-esli möçberde (her ýylda 75 göterime çenli) maýa goýumlary gönükdirilýär.

Geljekki döwür üçin niýetlenen "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy", "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy", ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar tassyklanyldy we tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şol maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap zawodlaryň we fabrikleriň, iri önümçilikleriň onlarçasy döredildi, bular batly depgin bilen ösýän ykdysady düzüme sazlaşykly goşulyşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sanly ATS-ler, beýleki durmuş-ykdysady desgalar -- bularyň ählisi ýokary, dünýä derejesine laýyklykda gurulýar. Hyzmat ediş ulgamynyň ösdürilmegine, azyk önümleriniň we uly isleg bildirilýän beýleki harytlaryň öndürilmegine aýratyn üns berilýär. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýy yzygiderli ýagdaýda artýar, munuň özi sarp ediş bazarynyň zerur önümler bilen bolelin üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.

Şeýlelikde, makroykdysady derejede iş bilen üpjünçiligiň kadalaşdyrylmagy zähmet bazarynda ykdysady we durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlaryň deňeçerliginiň saklanmagyna gönükdirilendir. 2012-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki edaralarynyň gurluşyny kämilleşdirmek hakyndaky” Karara gol çekmegi şu ugurda ýene-de bir netijeli çärä öwrüldi. Şol resminama laýyklykda ozal hereket eden düzümleriň binýadynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri döredildi.

Şol müdirliklere zähmete hak tölemek, zähmet gatnaşyklary, degişli kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da ösdürmek, işe durmak baradaky meseleler bilen ýüz tutýan raýatlary hasaba almak, ilaty işe durmagyň mümkinçilikleri barada ygtybarly, dogry we gyssagly maglumatlar bilen üpjün etmek, adamlara iş saýlap almaga gijikdirmän kömek bermek, zähmet bazaryndaky ýagdaýyň üýtgemegini günübirin göz öňünde tutmak, kärhanalary, guramalary we edaralary zähmet bazaryndaky ýagdaý baradaky maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de olara zerur hünärmenleri saýlap almakda kömek bermek, işçi güýji babatda bildirilýän islegler we teklipler boýunça maglumatlaryň toplumlaryny döretmek bilen bagly wezipeleri berjaý etmek tabşyryldy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-näy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda döwletiň zähmete hak tölemek boýunça ýöredýän syýasaty ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir hem-de raýatlaryň girdejilerini we çykdajylaryny deňeşdirmek esasynda guralýar. Iş bilen üpjünçilik boýunça döwlet gulluklarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky iş dowam etdiriler. Şol sanda halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ediler. Dürli pudaklaryň we ulgamlaryň işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär ussatlygyny artdyrmak boýunça okuwlaryň guralmagyna aýratyn üns berler.

Ozal bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmek, maýa goýumlary babatda işjeňligi ýokarlandyrmak, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak arkaly iş bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin zerur we oňaýly şertler döredildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň aýry-aýry welaýatlarynyň deňeçer derejede ösdürilmegine ýardam berýär hem-de durmuşda oňyn netije berýär, çünki şeýle etmek arkaly täze iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilaty iş bilen üpjün etmek ýaly örän möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri çözülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň senagaty ösdürmegi, ähli ulgamlary innowasion taýdan kämilleşdirmegi ugur edinendigini göz öňünde tutup aýdanyňda, täze ykdysady şertlerde diňe bir iş bilen üpjünçiligiň däl-de, onuň netijeliligini artdyrmagyň zerurdygy aýdyň görünýär. Ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň barşynda zähmet bazary kemala getirilýär, şol bazar adamyň öz ukyplaryna bil baglamaga hukugyna hem-de işçi güýji babatda bildirilýän islegiň we teklibiň sazlaşykly kadalaşdyrylmagyna esaslanýar. Şunuň ýaly sazlaşygy gazanmak üçin, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň özlerine zerur işgärleri saýlap almak, boş iş orunlarynyň we eýelenmedik wezipeleriň bardygy barada habar bermek hakynda Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri bilen şertnamalary baglaşmagy we degişli nama bolan halatynda raýatlary işe kabul etmegi zerurdyr.

Ykdysadyýetiň degişli hünärli işgärler babatdaky hajatlaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, ilatyň hünäre gönükdirilmegini guramak, taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň möhüm ähmiýetli wezipesi bolup durýar. Hünärmenleri taýýarlamak ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň buýurmalary boýunça tölegli okatmak hem-de olary soňra şol kärhanalarda hökman işe ýerleşdirmek arkaly amala aşyrylýar. Indi birnäçe ýylyň dowamynda boş iş ýerleri boýunça ýarmarkalar geçirilýär, bular adamlara Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň (zähmet biržalarynyň) esasy maksatlary we wezipeleri bilen has giňden tanyşmaga, öz hünärleri boýunça boş iş orunlarynyň bardygy baradaky maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň durmuşdan ugur alýan nusgasynyň kemala getirilmegi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly täzeçe çemeleşmäniň ulanylmagyny talap etdi we aýratyn-da zähmet gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň toplumyny giňeltdi. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Zähmet kodeksine düýpgöter täze üýtgetmeler girizildi. 20-den gowrak bölümden ybarat bolan göwrümli resminama raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün edip, zähmet gatnaşyklarynyň ykdysady ösüşiň gazanylmagyna, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, zähmet bazarynyň netijeli hereket etmeginiň üpjün edilmegine, işgärleriň, iş berijileriň , döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen ähli taraplaryny düzgünleşdirýär.

Hususan-da, onda zähmet şertnamalaryny baglaşmagyň, şertleri üýtgetmegiň, bu şertnamalary ýatyrmagyň tertibi Türkmenistanyň tebigy – howa şertleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak arkaly aýdyňlaşdyryldy, her ýyldaky zähmet rugsatlarynyň dowamlylygy uzaldyldy. Şunda zähmet rugsady berlende ilkinji nobatda, pedagogik işgärler babatda differensirlenen çemeleşme ulanylýar. “Zähmeti goramak” bölümi halkara kadalaşdyryjy talaplary göz öňünde tutmak arkaly düzüldi. Ýeri gelende aýtsak, kanunlaryň täze toplumynda zenanlaryň, maýyplaryň, 18 ýaşyna ýetmedik işgärleriň, ýagny durmuş taýdan goraglylyga mätäçleriň zähmetini düzgünleşdirmegiň aýratynlyklary aýdyň kesgitlenildi. Ilkinji gezek iş beriji hususyýetçileriň garamagynda işleýänleriň, öýde işleýän adamlaryň, dini birleşmeleriň işgärleriniň zähmet hukuklaryny goramak göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk namalary arkaly döwlet gullukçylarynyň wezipe haklarynyň we tarif stawkalarynyň görnüşiniň, kadasynyň we möçberleriniň kesgitlenendigini aýtmak gerek. Zähmete hak tölemek işgärleriň hünär ussatlygynyň derejesine, zähmetiň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, onuň şertlerine, çekilen zähmetiň möçberine we hiline baglylykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistan boýunça zähmet hakynyň iň pes möçberi bellenilýär, şol möçber öý hojalyklarynyň býujetlerini barlamak esasynda, zähmete ukyply ilatyň gazanjynyň ýaşaýyş üçin iň pes derejesinden ugur alnyp hasaplanýar.

Şu ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyz “Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Agyr ýa-da aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň, şeýle hem ýerleriň sanawy, şonuň ýaly şertli kärhanalarda goşmaça tölegleriň anyk möçberleri we şol haklary bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

Ilatyň anyk girdejileriniň artmagy ýene-de bir möhüm ähmiýetli ýagdaýdyr, munuň özi her ýylda zähmet hakynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň artdyrylymagynyň, döwletiň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlara goldaw bermegiň we beýleki çäreleriň amala aşyrylmagynyň hasabyna üpjün edilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen döwletliliginiň nusgasynyň täsin galdyrýan aýratynlyklara eýedigi äşgär edilýär. Dünýä tejribesinde gazdan, elektrik energiýasyndan, agyz suwundan, duzdan mugt peýdalanmak boýunça ilata durmuş taýdan goldaw bermek bilen bagly çäreleriň deňi-taýy ýokdur. Indi köp ýyllaryň dowamynda jaýlarda we döwlet ýaşaýyş gaznasyna degişli öýlerde ýaşamak, jemagat hojalygyna degişli hyzmatlar, jemgyýetçilik ulagyndan we telefon aragatnaşygyndan peýdalanmak üçin tölegler örän arzan bolmagynda galýar.

Umuman alanyňda, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetirmek ugrunda ýöredýän syýasatynda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň, raýatlaryň bähbitlerini goramagyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny tassyklaýar.