Ï Halkara tejribäni öwrenip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara tejribäni öwrenip

view-icon 1232
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda okuw ýylynyň soňunda hem çagyrylan daşary ýurtly hünärmenler leksiýalaryň toplumlaryny okaýarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna psihologiýa ylymlarynyň doktory, Ýewropa diplomatiýa Akademiýasyny esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysy, Ýewropa geňeşliginde öňki sowet soýuzy giňişliginde raýat jemgyýetçiligi boýunça bilermen, Warşawa ykdysady mekdebiniň we Azerbeýjanyň diplomatiýa Akademiýasynyň mugallymy Katarjina Pisarska leksiýa bilen çykyş etdi.

Bu myhmanyň Türkmenistana ilkinji sapary bolup, onuň çykyşy tanyşdyryş häsiýete eýe boldy we esasan leksiýa geljekgi türkmen diplomatlaryň Polşa bilen tanyşmaklaryna bagyşlandy. Ýewropa diplomatiýa Akademiýasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada öňünden ylalaşyk gazanyldy.

Mundan öň ýurdumyzyň diplomatiýa ýokary mekdebinde Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Milagros Leýnes bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Bütindünýä bosgunlar gününe bagyşlandy. Duşuşykda bu wekilhananyň ýolbaşçysy Milagros Leýnes Türkmenistanyň bosgunlar meselesinde toplan tejribesine ýokary baha berýändigini nygtady. Taraplar ýurdumyzyň diplomatiýa ýokary mekdebiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde yzygiderli duşuşyklary, ilki bilen gumanitar hukuklary goşup, aktual meseleler boýunça okuwlary geçirmeklik göz öňünde tutulýar.