Ï Dehistan – ýol görkeziji ýyldyz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dehistan – ýol görkeziji ýyldyz

view-icon 1152
Dehistana baryp gören syýahatçy – haýsydyr bir fantastiki planetada ýaly ösüni duýup, bu ýerde gören zatlaryndan ýatdan çykmajak täsirleri alýar. Bu ýerde gözýetime çenli güri ýerleşen terrakot galyndylar köp asyrlyk adam zähmetine şaýatlyk edýär. Hat-da bu ýerde harabaçylyk diýip, arheolgiki termini ulanar ýaly hem däl. Dehistan – bu giden bir dünýä, adam eli bilen döredilen ýitip barýan ýurt, ynsan aklynyň, tutanýerliliginiň, durmuşa uly buýsanç-çeper garaýşynyň ebedi ýadigärligidir.


Bu ýadigärlik balykçylaryň, deňizçileriň, çarwadardyr maldarlaryň, däýhanlaryň, binaçylaryň we senetçileriň birnäçe nesli tarapyndan döredilen özboluşly we ajaýyp däp-dessurly Balkan welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerden, gadymy Hazaryň kenaryndan günbatardan biziň ýurdumyz öz ajaýyp taryhy ýadigärlikleri bilen syýahatçylary garşylaýan biziň ýurdumyz başlanýar.

Meselem, Balkan daglarynda – Jebel gowagynda, Dam-Dam çeşmesinde, guran Uzboýuň ugrunda we ýurduň günbatar sebitiniň beýleki ýerlerinde alymlar adamlaryň gadymy siwilizasiýany hasaba aldylar. Daşyry ýurt alymlary hem olaryň ähmiýetine mynasyp baha berýärler. Ýakynda ABŞ-da gelen professor Maýkl Gergiň sapary bu ýerlerden geçdi. Ol bu taryhy ýadigärlikleriň ähmiýetiniň dünýä derejesindedigini aýratyn nygtady.



... Bu ýerleri adamlar ilkinji sapar b.e.öňki III müň ýyllykda özleşdirip başlapdyrlar. Olar Etrek derýasynyň suwy bilen suwarylýan giň ýaýlanyň daýhanlary bolupdyrlar. Olar derýanyň suwuny ekin meýdanlaryny, esasan hem, emeli usulda suwarmak üçin ulanypdyrlar.

Biziň eramyzyň III-VIII asyrlarynda çarwa-göçüp-gonup ýören taýpalar ýygy-ýygydan bu sebitlere aralaşypdyrlar. Esasan hem olar gadymy türklerden gelip çykan – saklar, massagetler, eftalitler bolupdyrlar. Ýöne has kuwwatly birleşmäni dahlar (ýeriň atlandyrylyşy hem şundan gelip çykýar) ýolbaşçylyk edipdirler. Olar iri berkidilen daýanç nokatlaryny we obalaryny (Şadyrgala, Atakgagala) döredipdirler.

Bu sebit şäher mysaly obalaryň birnäçesiniň döremegi bilen, orta asyrlar döwri bu sebitiň ruhy taýdan has ösen döwri bolupdyr Orta asyr Dehistanyň iri ýädigärlikleriniň biri hem gadymy Missirýän şäheridir. Ol öz çäkleriniň ölçegleri boýçunça haýran galdyrýar, hat-da harabaçylyga öwrülen hem bolsa ol öz giň we haçan-da bir wagtlar gülläp ösen ýokary medeniýetiň materiallary bilen örän haýran galdyrýar. Ol öz wagtynyň iň iri orta asyr şäheridir: şähristan (galalay şäher), rabat (şäher etegi) we onuň çar töweregini gurşap alan gür ýerleşen hünärmenler kwartaly 200 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Şunlukda bu şäher barada maglumatlary doly ýeterlik däldigi sebäpli, onuň çäkleri häzire çenli doly kesgitlenmedikdigini hem göz öňünde tutmalydyrys.


Arheologiki taýdan öwrenilmegi netijesinde bu günki gün diňe bu orta asyr şäheriniň medeni gatlaklary doly öwrenildi. Bu ýeriniň galyndylary onuň has irki taryhyny taryhçylara öwrenmäge kynçylyklary döredýär.

Х-ХIII asyrlarda şähristanyň iki hatar gözegçilik edilýän ýerli, ýarym aýlaw diňli kuwwatly gala diwarynyň bolandygy kesgitlenildi. Muňa meňzeýän gurluş orta asyr Türkmenistanda gabat gelmeýär. Misserian – ussalar şäheridir. Ýokary senetçilik önümçiligi, ýokary derejeli kerpiç önümçiligini, bürünç gazanlar, yşyklandyryjylar, demirden ýasalan beýleki önümler, şol sanda faýansadan ýasalan, syrçalanan önümler öndürilen ýüzlerçe ussahanalar şaýatlyk edýär. Önümleriň soňkusy nagyş we görnüş ýazgylarynyň köplügi we ýokary çeperçilik derejeliligi bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem aýnadan ýasalan dürli görnüşli önümler köp görnüşde öndürilipdir, zergärçilik bilen meşgullanýan ussalar bolsa, gymmat bahaly daşlardan öz ajaýyplyklaryny ýasapdyrlar hem-de bu önümler ýokary hünär ussatlygy we daşlary çeperçilik taýdan işläp bejermekde usuly bilen tapawutlanypdyr.

Misserianyň şäher medeniýetiniň täsin galdyryjylygy hem peslär ýaly bolmandyr: arheolglar tarapyndan öz döwri üçin düýbünden kämil suw üpjünçilik ulgamy, köp sanly hammamlar, şäher lagym ulgamy tapyldy. Ajaýyp bişirilen kerpiçler köprüli köçeleri we bazar meýdançalaryny bezäpdir.

Misserian – Gündogarda Beýik ýüpek ýolunyň möhüm we esasy nokadynyň biri bolupdyr. Üç sany iri kerwen saraýlar kerwen ýollarynyň esasy ugurlaryny görkezýär. Günorta derwezesi täjirler üçin düşelge bolup,

Girkana (Demirgazyk Eýranyň Gürgen welaýaty) uzapdyr, gündogar derwezesi – Abiwerde, Merwe we ondan soňra Buhara we Samarkanta uzapdyr. Demirgazyk derwezesi bolsa Horezme we Kiýew Rusuna niýetlenilipdir.

Asyrlaryň dowamynda kerwen ýollary uly ýola öwrülip, onuň ugrunda ownukly-irili obalar düzülipdir (Dehistanda, takmynan, 40 gowragy bolupdyr); köp ugurlara bölünýän çylşyrymly özara baglanyşykly suwaryş kanal ulgamy bolupdyr, onuň ugrunda bolsa, köp sanly ilatly obalar we mülk ýerleri bolupdyr.

Dehistanyň saklanyp galan ýadigärlikleriniň arasynda iki sany ýigrimi metrlik (mümkin olaryň ilkibaşdaky boýunyň ýarysydyr) minarany görkezmek bolar. Olar biri-birinden bary-ýogy 120 metr aralykda ýerleşip, saklanyp galan ýazgylardan çen tutsaň olaryň her biri 200 ýyla golaý wagt ara salnyp (1004 ý. we ХIII asyryň başlary) gurlandygy täsin ýagdaýdyr. Olar metjitlere degişli bolup, metjitlerden nam-nyşan galmandyr. Ýöne musulman dünýäsiniň ýitip giden dini gymmatlyklarynyň minaralarda kerpiçleriň örülişi ajaýyp ýokary çeperçilk taýdan binagärlik sungatynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Horezm şalarynyň dolandyran örän gysga wagtyň içinde şäher örän gülläp ösüpdir, ýöne 1223-nji ýylda Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan wagşylarça weýran edilipdir.


Meşhur alym, akademik B.M. Massonyň we beýleki arheologlaryň pikirine görä, metjit we minara orta asyr Dehistanyň beýleki ýadigärlikleri bilen bir hatarda örän uly taryhy-medeni , çeperçilik gymmatyny saklaýar hem-de onuň ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna goşulmaga mynasypdygyny görkezýär. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýiň saklanyp galamgynda we dünýä ýaýylmagynda ýurduň Medeni-taryhy ýadigärliklerini öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň, şeýle hem “Gadymy Dehistan” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ylmy işgärleniň uly hyzmaty bardyr.

Haçan-da bir wagtlar siwilizasiýanyň we irki ýer eýeçiligi medeniýetiniň gülläp ösen ýeri bolan Hazaryň gündogar bölegi Maşady-Misserian düzlügine wagtyň geçmegi we tebigy güýçler zyýanly täsirlerini ýetirdi. Şeýle-de bolsa, heniz hem emeli kanallaryň guran ugurlaryny yzarlap bolýar, ekin meýdanlarynyň çäklerini , beýleki suwaryş oba hojalyk desgalaryny kesgitläp bolýar. Olaryň kömegi bilen Dehistanyň daýhanlary ak bugdaýyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdiripdirler. Şol döwürler bu jenneti mekana syýahatçylyga gelen syýahatçylar bu ýeriniň ýaşaýjylaryny “bagtly ilat” diýip atlandyrypdyrlar.