Komediýa aktýory Şükür Kulyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildi. Meşhur artiste bagyşlanan ýatlama agşamy , onuň dogduk mekany , Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mülk bagşy obasynda geçirildi.
Oguzhan adyndaky „Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň baş redaktory, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri G. Hümmedow ýygnanalara Şükür Kulyýewiň nahili adam we nahili tanymal artist bolanlygyny we türkmen kino sungadynyň ösüşine goşan goşandy barada aýdyp berdi. Ondan soň „Ýuwaş gelin“ kinosynyň baş gahrymany Tatýana Moskalenko çykyş etdi. Tanymal aktýor barada kinorežissýor A. Döwletow, Mary welaýatynyň medeniýet işgärleri, žurnalistler we şahyrlar gowy sözleri aýtdylar. Ýatlama agşamy Mary welaýatynyň folklor toparlarynyň we dabara paýtagtan gelen estrada aýdymçylaryň çykyşy bilen tamamlandy.
Şükür Kulyýewiň ady türkmen kinosungaty söýüjileriň arasynda giňden bellidir. Ol türkmen kinosynda 20-den gowrak, we daşary ýurt kinosynda 3 sany rollarda oýnady. Ol agyr, ýöne örän netijeli ömür geçirdi. Ol 1913-nji ýylda doguldy. 1944-ni ýylda uruşda ýaralanyp, köp wagt gospitalda bejeriş alanyndan soň öz obasyna dolanyp gelýär. Belli kinorežissýor Meret Atahanow geljekgi aktýora Marynyň bir ussahanasynda işläp ýörkä gabat gelýär.
1963-nji ýylda Şükür Kulyýew Meret Atahanowyň düşüren „Daşgaladaky waka“ kinofilminde paýhasly ýaşulynyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol köp çeper Kinofilmlerinde oýnap, ýatdan çykmajak we kinotomaşaçylaryň söýgüsini gazanan ençeme keşpleri janlandyrdy. Režissýor S. Garajaýewiň ajaýyp „Ýuwaş gelin“ kinofilminde Kulyýew özüniň iň gowy keşpleriniň birini ýerine ýetirdi.
Režissýor O. Saparowyň 1987-nji ýylda düşüren „Ketjal“ kinofilminde Şükür Kulyýew iň soňky keşpi ýerine ýetirdi. Ondan soň aktýor keselledi. Kesel wagty hem oýun edip, ýagdaýyny sorap gelen dostlaryna we kärdeşlerine durmuşynda bolan gyzykly we gülkili wakalar barada gürrüň bererdi. Ol hemmeleriň hakydasynda şadyýan , adamlara şatlyk we gülki paýlaýan adam hökmünde galdy.
Tanymal aktýor öz sungaty bilen mähir paýlaýan üýtgeşik adam hökmünde halkyň ýüreginde hemişelik galar. Aktýoryň dogduk mekanynynyň esasy köçesi onuň adyny göterýär.