Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar ulanmaga berilýär

view-icon 701
Şu tomus günleri Amyderýa jülgesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurlan durmuş maksatly häzirki zaman täze desgalarynyň birnäçesiniň işe girizilmegine beslendi. Şu gün bolsa binagärlik açylyşlaryny Seýdi şäheriniň Gabakly obasy kabul etdi. Bu ýerde täze häzirki zaman Medeniýet öýi gapylaryny dabaraly ýagdaýda giňden açdy.

Medeniýet öýüniň açylyşy ajaýyp ýatda galýan dabara beslendi. Göwnejaý bezelen iki gatly täze desganyň öňündäki meýdança oba ýaşaýjylary we köpsanly myhmanlar--welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Estrada we halk döredijiligi toparlary, ýaş sazandalar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan beýik üstünlikleri wasp etdiler.

Dabarada çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, obada şeýle ajaýyp Medeniýet öýüniň peýda bolmagy Watanymyzyň ähli künjeklerinde obalary we şäherçeleri çalt özgertmek, oba zähmetkeşleriniň durmuşynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmeginiň netijesidir. Soňky ýyllarda gündogar welaýatyň obalarynyň birnäçesinde beýleki täze desgalar bilen bir hatarda, şular ýaly häzirki zaman medeniýet merkezleriniň gurlandygyny we häzirki wagtda olaryň gurluşygynyň giň gerim bilen alnyp barylýandygyny belläp, dabara gatnaşyjylar milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Täze binanyň birinji gatynda göwnejaý enjamlaşdyrylan sahna, bezeg otagy, sadandalar, aýdymçylar, tansçylar üçin taýýarlyk otaglary we beýleki degişli jaýlar bilen 200 orunlyk tomaşa zaly ýerleşýär. Medeniýet öýünde taryhy gymmatlyklar goýlan oba muzeýi, okalga zaly bilen kitaphana, ses ýazgylary, çeperçilik studiýalary, gulluk otaglary hem bar. Toplumyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi.

Täze medeniýet merkezi medeni-köpçülik çärelerini -- konsertleri, dabaralary geçirmegiň, kinofilmleri görkezmegiň we başga çäreleriň geçirilýän ýeri bolar. Ine, onuň açylan gününde bu ýerde sungat ussatlarynyň ilkinji baýramçylyk konserti boldy.

Täze desga Lebap welaýatynyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 22-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň we ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Olaryň işde has tapawutlananlaryna açylyş dabarasynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

***

Şu gün Etrek etrabynyň merkezinde 100 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde aýdym-saz ýaňlanyp, körpeler täze jaý eýelerini gutlamaga gelen adamlary şirin aýdymlary , goşgulary we tanslary bilen mähirli garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri, ýaşulular, ýaşlar we köpsanly obalylar bar.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek, ähli ýerlerde täze, döwrebap enjamlar we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepleriniň, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulmagy hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Täze çagalar bagy innowasion timarlaýyş serişdelerini we tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, häzirki döwür üçin mahsus bolan özboluşly binagärlik nusgada gurlup, çagalar toparlarynda oýun oýnalýan zallar, sapak öwrenmek üçin synp otaglary göz öňünde tutulypdyr. Ýanaşyk ýerlerde oýun meýdançalary enjamlaşdyrylyp, çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri şekillendirilen binagärlik gurluşlary körpeleri diýseň begendirýär.

Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.