Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde gurluşyk işleri alnyp barylýan mahalynda tapylan täsin tapyndy baradaky habar gelip gowuşdy. Munuň özi kümüş teňňeleriň hazynasy bolup, ol bu ugur boýunça meşgullanýan hünärmenleri gyzyklandyrsa gerek.
“Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň deslapky seljermeleri netijesinde 191 sany dürli ölçegdäki kümüş teňňeleriň XV asyra degişlidigi hakynda çaklama öňe sürüldi.
Hazynanyň gadymy döwürlerde Hyrat, Merw we Sarahs ugurlaryna geçýän kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen künjekden tapylmagy aýratyn gyzyklanma döredýär. Gadymy döwürlerde köp asyrlaryň dowamynda bu künjeklerde ygtybarly medeni-ykdysady aragatnaşyklar bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugur birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda söwda kerwenleriniň gatnan Beýik Ýüpek ýolunyň ulgamyna degişli bolupdyr.
Gadymy teňňeleriň kim tarapyndan, nirede we haçan zikgelenendigi barada häzirlikçe kesgitli bir zat aýdyp bolmaýar. Ýöne anyk taryhy maglumatlara görä, Hyrat şol döwürde Teýmirileriň nebereleri tarapyndan esaslandyrylan Horasanyň paýtagty bolupdyr. Bu tapyndy baradaky anyk maglumatlary alymlar bererler. Häzirki döwürde bu kümüş teňňeleri arassalamak, öwrenmek işleri alnyp barylýar. Teňňeleriň taryhy ylym üçin örän uly ähmiýeti bardyr. Degişli dikeldiş çäreleri geçirilenden soň, bu gymmatly tapyndylar ylmy taýdan öwrenilmegi üçin Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine berler.