Ï Lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň nobatdaky göýberilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň nobatdaky göýberilişi

view-icon 1190
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini 276 sany uçurym tamamlady.

Ýokary okuw mekdebinde uçurumlaryň gutardyş dabarasynda 38 sany iň ökde okan we atly talyp haklaryň eýeleri hormata mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdebini tamamlanlygy baradaky diplomdan daşary olara gymmat bahaly sowgatlar hem gowşuryldy.


Maşgala we sanitar lukmanlary, akuşer-ginekologlar, hirurglar, oftalmologlar, kardiologlar, diş dogtorlar, epidemiologlar, farmasewtler we ýene-de ellä golaý çäkli hünärleri ýokary okuw mekdebiniň uçurumlary eline aldylar.

Häzirki wagtda talyplar 2010-njy ýylyň birinji okuw gününde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilen täze häzirkizaman okuw toplumynda bilim alýarlar. Uniwersitetde sekiz sany fakultet: bejeriş, pediatriýa, keseliň öňüni alyş lukmançylygy, diş bejeriş şeýle-de sport we harby lukmançylygy we lukmanlaryň hünär kämilleşdirilişi hem-de diplomdan soňky taýýarlanyş fakultetleri bar.