Daşoguz welaýat kitaphanasynyň binasy gurulýar. 42 metr beýikligi bolan ýedi gatly bina Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp we „Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy“ şaýollarynyň kesişýän ýerinde bina ediler. Binanyň öňüniň bezeginde adaty bolşy ýaly türkmen gölleriniň şekilleri esasy orun tutar. Binanyň daşyny ak mermer we çal reňkli granit bezär.
Gurluşygyň umumy meýdany iki gektrar gowrak ýerde ýaýbaňlandyrylan. Gurluşykda işler iki çalşykda alnyp barylyp, eýýäm esasy blogynyň fundamenti guýlup tamamlandy. Demirbeton gurluşlaryň gurnama işleri dowam edýärler. Binany "Myradym" hususy kärhanasy ýerine ýetirýär.
Täze welaýat kitaphanasy million kitaby saklamaklyga niýetlenen. Bu medeni merkezde uly we kiçi kitap saklanýan jaýlar, ýagty we giň okalgalary, internet otagy , ýüz adamlyk maslahatlar jaýy, ýygnaklar üçin kiçi otag, fotosurat barlaghanasy kiçi çaphana, kinoproýektor otagy, kitaplar muzeýi, seýrek kitaplaryň saklanýan jaýy bolar. Kitaphanasynyň gümmeziniň aşagynda obserwatoriýa ýerleşýär.
Taslama boýunça seýilgähleri suwarmak üçin, awtoduralgalar üçin, suw çüwdürimler üçin suw toplaýjy rezerwuarlar göz öýünde tutulan. Kitaphananyň gurluşyk işlerini doly tamamlap, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga tabşyrmaklyk göz öýünde tutulýar.