Şu gün paýtagtymyzda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hindi we türkmen artistleriniň bilelikdäki konserti dostluk we döredijilik baýramçylygynyň jemleýji wakasy boldy.
Türkmen we hindi halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösüşinde täze aýdyň sahypa öwrülen bu çäre täze döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de iki ýurduň sungat wekilleriniň tejribe alyşmagyna ýardam etdi.
Bolliwudyň döredijilik toparynyň Türkmenistanda geçiren günleri dürli wakalara baý boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Hindistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde hindi artistleri Aşgabat we Mary şäherlerinde konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, türkmenistanlylary dostlukly ýurduň häzirki zaman sungat ugurlary bilen tanyşdyrdylar. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna guralan gezelenç, ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşlyk myhmanlara türkmen halkynyň baý medeni-taryhy mirasynyň, gadymy hindi siwilizasiýasy ýaly, tutuş adamzadyň taryhyna uly täsirini ýetirendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şol miras bolsa adamzat taryhynda ata-babalarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak däp-dessurlary we ýatdan çykmajak tejribesini galdyrdy. Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistanda bolan günleri hindi artistlerine ýurdumyzyň däp-dessurlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Jemleýji agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hindi sungatynyň köp sanly muşdaklaryny ýygnady. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, häzirki duşuşyk iki ýurduň sungat wekilleriniň arasynda täze döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, biziň halklarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklaryny berkidýän has işjeň medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Myhmanlar şeýle hem öz türkmen kärdeşlerine Hindistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini üstünlikli geçirmäge ýardam edilendigi we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirdiler. Myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen günleriň hindi artistleriniň hakydasynda hemişelik galjakdygy bellenildi.
Soňra bolan gala - konsertiň maksatnamasyny türkmen we hindi artistleriniň bilelikdäki çykyşlary düzdi. Onda halk aýdymlary we sazlary, aýdyň horeografik, döredijilik çykyşlary, häzirki zaman sazlary ýaňlandy.
Bolliwuddan gelen wekiliýetiň düzümine “Asma” aýdym-saz we tans topary girdi. Ynha, eýýäm 10 ýyl bäri olar öz tomaşaçylaryna Bolliwud nusgasynda häzirki zaman hindi tansynyň sungatyny açyp görkezýärler. Şu gün hem hindi sazandalary, aýdymçylary we tansçylary Bolliwudda döredilen meşhur hindi kinofilmlerinden dürli öwüşginli çykyşlary görkezdiler. Artistler aýdym-sazyň we tansyň bitewüliginiň üsti bilen tomaşaçylara öz halkynyň milli ruhuny, kalbynyň mähirliligini ýetirdiler. Dürli öwüşginli çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Meşhur hindi kinofilmlerinden aýdymlaryň parçalaryny ýerine ýetiren türkmen aýdymçy gyzynyň çykyşy hindi myhmanlaryna özboluşly sowgat boldy. Hindi tansçy gyzlary onuň çykyşlaryny tans etmek arkaly goldadylar. Tomaşaçylaryň gözleriniň alnynda aýdyň döredijilik birleşmesi emele geldi.
Türkmen we hindi artistleriniň joşgunly ýerine ýetiren küştdepdi tansy konsert maksatnamasynyň jemleýji çykyşyna öwrüldi. Hut şeýle gatnaşyklar halklara biri-birini tanamaga we düşünişmäge, özleri üçin sungatyň täsin dünýäsini açmaga, ýakynlaşmak üçin uly mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär.
Bilelikdäki konserte gatnaşyjylaryň hemmesini sahnada birleşdiren liriki türkmen aýdymy türkmen-hindi dostluk baýramçylygynyň tamamlaýjy pursadyna öwrüldi.