Ï Galla baýramy gallaçylaryň zähmetini we türkmen topragynyň sahylygyny şöhratlandyrýan baýramçylykdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galla baýramy gallaçylaryň zähmetini we türkmen topragynyň sahylygyny şöhratlandyrýan baýramçylykdyr

view-icon 9846
Şu gün Türkmenistanda ählihalk baýramçylygy bolan Galla baýramy giňden we dabaraly bellenýär. Bolçulygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde galla hormat goýmagyň milli däpleri onuň esasyny düzýär. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary bu baýramçylygy aýratyn ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Olar Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny goşup, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar.

2013-nji ýylyň galla möwsüminiň tapawutly aýratynlygy ösdürilip ýetişdirilen güýzlük bugdaýyň bol hasylynyň ýokary depginde ýygnalandygydyr. Galla taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylaryna bir aýdan hem az wagt gerek boldy. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada Watanymyza, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ilkinji bolup habar berdiler. Bu sebitleriň gallaçylary häzirki güne çenli degişlilikde ak bugdaýyň 350 müň we 400 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Ak bugdaýyň 472 müň tonnadan gowragyny ýygnan Ahal welaýatynyň we 120 müň tonnadan gowragyny ýygnan Balkan welaýatynyň daýhanlary hem şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirdiler. Saýlama ak bugdaýyň 300 müň tonnadan gowragyny ýygnar, Daşoguz welaýatynyň gallaçylary umumy üstünlige önjeýli goşant goşdular.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň strategiki çelgisidir we möhüm ileri tutulýan ugrudyr.

Bu ulgamda soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge tarap alnan ugur netijesinde ep-esli üstünlikler gazanyldy. Kanunlaryň toplumy kabul edildi, şolaryň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar.

Şunda döwletimiz pudagyň zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga köp mukdarda maýa goýumlary gönükdirilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler tehnika, dökünler, tohumlar ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilýär. Pudagyň düzüm birlikleri üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlary, oba hojalyk ekinlerini ekýän gurallar we beýleki enjamlar yzygiderli satyn alynýar. Hususan-da, diňe soňky iki ýylda Ahal welaýatyna däne ýygnaýjy kombýnlaryň 133-si we sürüm traktorlarynyň 131-si, Balkan welaýatyna traktorlaryň 46-sy we kombaýnlaryň 56-sy hem-de beýleki tehnika gelip gowuşdy. Daşoguz welaýatynyň oba zähmetkeşleri üçin sürüm traktorlarynyň 100-den gowragy, däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 60-a golaýy satyn alyndy.

Ähli welaýatlarda derýalaryň suwlary bilen doldurulan täze suw howdanlarynyň, şeýle hem sil suwlaryny toplamak üçin niýetlenilen gidrotehniki desgalaryň gurulmagy, Garagum derýasynyň geçiriş ukybynyň artmagy, suwy tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy – bularyň hemmesi täze ýerleriň özleşdirilmegini hem-de oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegini nazara almak bilen, suwarymly ekerançylygyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Merkezi Garagumda ähli welaýatlaryň oba hojalyk ýerlerinden şor suwlary toplamak üçin niýetlenilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde melioratiw işleri täze derejä çykaryldy. Öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary, ýokary hasylly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň her bir welaýatyň ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ornaşdyrmaga, tohumçylyk seçgi işini ösdürmäge uly üns berilýär.

2011-nji ýylda azyklyk önümi Türkmenistanyň öz taryhynda ilkinji gezek eksport edip başlamagynyň okgunly döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýeti bardyr. Bu babatda täze elewatorlaryň we degirmen toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” möhüm tarapy bolup durýar.

Mysal üçin, geçen ýylyň güýzünde Ahal welaýatynda çörek önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumy we “Bereketli” söwda merkezi açyldy. Dänäniň 100 müň tonnasyny saklaýan elowator we bir ýylda unuň 80 müň tonnasyny, bir gije - gündizde çöregiň we çörek önümleriniň 40 tonna çenlisini, unaş önümleriniň 48 tonnasyny öndürýän seh onuň düzümine girýär. Şu ýylyň fewralynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýerleşen Sarp obasynda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bir ýylda dänäniň 50 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen elewatorlar we unuň 50 müň tonnasyny öndürýän degirmenler bilen çörek önümlerini öndürmek boýunça ýene-de iri kärhana işe girizildi.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dänäniň 50 müň tonnasyny, Babadaýhan etrabynda bolsa 30 müň tonnasyny saklamak üçin niýetlenilen elewatoryň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň täze enjamlar hem-de önümçiligi dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary bilen üpjün edilen dänäni saklamak we un öndürmek boýunça täze kärhanalaryň gurluşygy dowam edýär. 2014-nji ýyla çenli geçen ýylda gurluşygy başlanan elewatorlardan başga hem dänäniň 360 müň tonnasyna barabar umumy göwrümi bolan elewatorlaryň 8-si ulanmaga berler.

Tutuşlygyna alnanda bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny, şol sanda özümizde öndürilen galla bilen içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmagyň hasabyna üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar.

Bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhalarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini, olaryň barha ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak üçin oňat itergi bolup durýar.

Mundan başga hem, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň, we beýleki uly möçberli durmuş -ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Täze häzirki zaman şäherçeleri munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr, olar ýakyn wagtlarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe, Balkan welaýatynyň Bereket, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Birata etraplarynda hem-de Mary welaýatynyň “Jemgyýet” geňeşliginde, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurlar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň iň oňat oba etraby ugrunda bäsleşik geçirilýär. Aprel aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, durmuş - ykdysady ösüşi babatda 2013-nji ýylyň jemleri boýunça iň ýokary görkezijileri gazanan etraplaryň häkimliklerine ABŞ-nyň 1million dollaryna barabar baýrak gowşurylar. Ýeňijiler köp ölçegler boýunça, şol sanda däne we pagta ýygnamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça kesgitleniler.

Öň bellenip geçilişi ýaly, hoşniýetli däbe görä, galla oragynyň tamamlanmagy bilen ýurdumyzda ählihalk baýramçylygy bolan Galla baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň hormatyna milli senenamamyzda döredilen şanly senä bagyşlanyp uly baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanyldy, gallaçylaryň tutunýerli zähmeti bilen azyk bolçulygy döredilýär we Watanymyzyň abadançylygy ýokarlanýar. Baýramçylyk maksatnamasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gazanan üstünliklerine we ösüş mümkinçiliklerine bagyşlanan ylmy – amaly maslahaty özünde jemleýär, ol Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolar. Şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň önümleriniň sergileri we beýleki çäreler geçiriler.

Esasy dabaralar, şol sanda medeniýet we sungat ussatlarynyň uly çykyşy 13-nji iýulda “Aşgabat” konsert merkezinde bolar. Bu ýerde 2013-nji ýylyň galla oragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler, ýokary netijeleri gazanan gallaçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatly sowgatlar gowşurylar.

Mundan başga hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça oba hojalyk pudagynyň iň oňat işgärlerine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş edaralarynda dynç almak üçin ýollamalar gowşurylar, olaryň Hazaryň kenarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça guruldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şäher, etrap we welaýat häkimlikleri bilen bilelikde guralan baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Galla baýramyny – edermen gallaçylaryň zähmetini we türkmen topragynyň sahylygyny şöhratlandyrýan baýramçylygy ruhubelent garşylaýan ýüzlerçe müň adamlar gatnaşar.