Ï Il saglygy – ýurt baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Il saglygy – ýurt baýlygy

view-icon 29590
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, halkyň saglygy – milletiň öňyn görkezijisi we jemgyýetiň medeni derejesi, ýokary zähmet, aň-bilim mümkinçilikleriniň zerur şerti, raýatlaryň durmuş derejesiniň has doly şerti bolup durýar. Jemgyýetiň hem-de döwletiň baş gymmatlygy adamdyr diýen ýörelgäni yglan eden Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsanyň düýpli hukuklaryny, şol sanda saglygyny goramagy döwlet gözegçiligine alýar we onuň kanunçylyk, guramaçylyk we maddy üpjünçiligini kepillendirýär. Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, halkyň saglygy baradaky alada milli syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Ýurduň her bir raýatynyň saglygy - milli gazananlaryň, milli ösüşleriň bir bölegi bolup durýar. Şu ýörelgede milli Liderimiziň işläp taýýarlan we döwletiň durmuş ulgamyny ugur edinýän strategik derejesini alamatlandyrýan taslama bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli özgerdilmeginde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary ýurtlaryň köpsanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň hormatly akademigi, professory we doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna goşan goşandy ägirt uludyr. Hut döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallasy netijesinde bu ulgam ägirt uly ösüşe eýe boldy.

Pudagyň häzirki zaman düzümi, lukmanlary taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi, innowasion işläp taýýarlamalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeleriniň ýokarlandyrylmagy we olaryň ilatyň isleglerine hem-de ýokary hil ülňülerine laýyk getirilmegi ulgamy ösdürmegiň möhüm şertleridir.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine möhüm orun degişlidir. Bu ýokary okuw mekdebiniň häzirki zaman binalar toplumynyň gurulmagy, onuň iň döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, onda okatmak hem-de ylmy tejribeler geçmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bu okuw binasyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary hünärli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak derejesine eýe bolan bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň baş kepili bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Ýewropa işewürçilik toplumynyň “Ýewropa hili” diýen abraýly halkara baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, bu ýokary okuw mekdebi “Awisenna” katalogy adyny alan lukmançylyk okuw edaralary hakyndaky bütindünýä maglumat binýadyna girizildi.

Biziň ýurdumyzda dürli ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky köpsanly halkara güwänamalary Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy bilen döredilen saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeli häsiýete eýe bolandygynyň we onuň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk tehnologiýalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny, täze ylmy açyşlary, bütin dünýäde keselleriň häsiýetleriniň üýtgemegini, muny diňe saglygy goraýşyň innowasion ösüşiniň şertlerinde, oňyn işläp taýýarlamalaryň we usullaryň esasynda anyklap bolýandygyny nazarda tutmak bilen, lukmançylyk hyzmaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň hatarynda elektron lukmançylyk kartlaryna geçmek bilen bir hatarda, milli saglygy goraýyş ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan ählumumy maglumat ulgamynyň döredilmegini görkezmek bolar.

Innowasion lukmançylyk tehnologiýalary esasanda bejeriş-öňüni alyş tejribesiniň yzygiderli kompýuterleşdirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki döwürdäki ösüşiniň esasy meýilleriniň biridir. Lukmançylykda ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň köp halatlarda beýleki pudaklardaky şeýle meýillerden öňe geçýändigini bellemeli. Şeýlelikde, saglygy goraýyş edaralary ýurdumyzyň innowasion ulgamynyň binýatlyk birlikleri bolup durýar. Saglygy goraýşyň innowasion ösüşi bolsa halkyň saglygynyň we durmuş derejesiniň düýpli gowulandyrylmagynyň esasyny düzýär.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygy bilen bilelikde bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi ýurdumyz umumadamzadyň durmuş gymmatlyryny tassyk edýän ajaýyp baýramçylyk hökmünde dabaralandyrýar. Bu şanly senä giň baýramçylyk maksatnamasy bagyşlandy. Onuň dowamynda täze binalaryň açylyş dabaralary bolar, ylmy forumlar, sergiler, bäsleşikler geçiriler, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guran “Ýylyň iň gowy lukmany” bäsleşiginiň jemi jemlendi. Onuň jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy paýtagtymyzdaky “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde boldy. Aşgabatdaky “Altyn ýldyz” medeni-dynç alyş merkezinde bolsa Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda “ak ýektaýly lukmanlaryň” hormatyna dabara geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy” ady bilen Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň maslahatlar zalynda geçirilen dabara bu ulgamyň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagynda döwlet Baştutanymyzyň watandaşlarymyza görkezýän şahsy göreldesiniň uly ähmiýeti bardyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine, işjeň dynç alşa, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ygrarly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyga eýedigini iş ýüzünde subut edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesine hem-de jemgyýetimizde eneligiň we çagalygyň goralmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň halkyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen strategiýasy öz oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze mekdepler, çagalar baglary gurulýar. Olaryň taslamalaryna hökmany ýagdaýda sport zallary, basketbol we woleýbol meýdançalaray, tennis kortlary we ýüzülýän howuzlar girizilýär. Çagalar sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle merkezler Aşgabadyň etegindäki Gökderede we Hazaryň kenarynda yzly-yzyna gurlup, ulanmaga berilýär.

Sagaldyş ulgamyna degişli düzümleriň ösdürilmegi Türkmenistanda kemala gelýän doly derejeli saglyk düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Öňüni alyş işleriniň netijeliliginiň artdyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegi ýurtda bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň ösmegini şertlendirýär. Şu jähetden Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aziada-2017-niň baýdagyny türkmen paýtagty ýakynda kabul etdi. Bu çäräniň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä möçberli şanly wakalaryň birine öwrüljekdigi gürrüňsizdir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda birnäçe dabaraly maslahatlar geçirildi. Saglyk adam hukuklarynyň iň möhümleriniň biridir. Saglygy goraýyş meseleleriniň çynlakaýlygy we her bir adama bolşy ýaly, tutuş jemgyýete bolan jogapkärli gatnaşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek maksatnamasynyň esasyny düzýär. Häzirki zaman türkmen lukmançylygynyň ylmy binýadynyň giňeldilmeginiň we döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde dürli ulgamlar boýunça birnäçe möhüm wezipeleri goýýar. Olaryň biri derman senagatyny ösdürmek bolup durýar. Mälim bolşly ýaly, häzirki döwürde lukmançylyk ylmy türkmen topragynda ösýän baý dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ukybyny ykrar etmek bilen halk lukmançylyk däplerini giňden ornaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde fitoterapiýanyň gizlin syrlary barada giňişleýin gürrüň berýär. Bu eseriň dünýäniň dürli dillere terjime edilmegi daşary ýurtlarda giň okyjylar köpçüligi üçin ähmiýetli kitap bolmagyny şertlendirdi. Şeýle hem ýurdumyzda sagaldyş-dynç alyş ugry geljegi uly ugur hasaplanylýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitaby hem hut şu ugruň mümkinçiliklerine bagyşlanandyr.

Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary ilatyň saglygy hakynda ekologiýa babatda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz her ýylda gök zolaklaryň döredilmeginde şahsy görelde görkezýär we oňa badalga berýär. Her bir iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi we sebitleriň özgerdilmegi täze ilatly ýerlerde döwrebap binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, şunuň ýaly asylly işler täze bag nahallarynyň oturdylmagy we gök zolaklaryň döredilmegi bilen utgaşyp gidýär.

18-nji iýulda Lebap welaýatynyň Birata şäherçesinde açylan täze saglyk öýi oba lukmançylygynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy. Öňdebaryjy enjamlar we ýokary tehnologiýalar çetdäki obalarda ýaşaýan ilat üçin elýeterli boldy. Olar indi şähere gitmezden ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny alyp bilýärler. Täze sagaldyş merkezleri, hassahanalar iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, olar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin gurulýar. Diňe 2012-nji ýylyň dowamynda Türkmenstanyň obalarynda we şäherlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş ugurly edaralarynyň 25-si gurlup, ulanmaga berildi.

Paýtagtymyzda köpugurly hassahanalaryň we ýokary derejeli ýörideleşdirilen saglygy goraýyş merkezleriniň köpçülikleýin gurulmagy netijesinde, Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrüldi. Şu hepdäniň dowamynda hem paýtagtymyzda täze Stomatologiýa merkezi ilkinji müşderilerini kabul eder. Ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynyň düzüminiň üstüni täze Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasy ýetirer. Desgalaryň açylyş dabaralary bilen bir hatarda, 19-njy iýulda Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň durky täzelenen binasynyň açylyş dabarasy bolar we täze desgalaryň düýbi tutular.

Halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi, şol sanda lukmançylyk ylmy boýunça ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde aýratyn ähmiýet berilýän ýagdaýlardyr. Lukmançylyk tehnikalary we derman senagaty pudaklaryndaky innowasion işläp taýýarlamalar, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary “Saglyk-2013” atly halkara serginiň we ylmy maslahatynyň esasyny düzer. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäresine dünýäniň onlarça ýurtlaryndan öňdebaryjy lukmançylyk hünärmenleri, şeýle hem derman önümçiligi we lukmançylyk enjamlary ulgamynda ýöriteleşdirilen belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.

21-nji iýulda Garaşsyzlyk milli seýilgähiniň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar. Onda çeper höwesjeňler, folklor we tans toparlary çykyş eder. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guraular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her bir adamyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine, ukybyňy durmuşa geçirmäge, zehiniňi we ruhy güýjüňi sarp etmäge gönükdirilen özgertmeler döwletimiziň ösüşiniň düýp binýady bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Umumymilli ýaryşlar we Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda guralýan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň daşynda milletiň bitewüleşendigini alamatlandyrýan çärelerdir. Zähmet, dynç alyş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy döwletiň, jemgyýetiň toplumlaýyn ulgamynda we ynsanyň beden hem-de ruhy güýjüniň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegi, adamlaryň saglygynyň berkidilmegi, ýokary işjeňliginiň döredilmegi we uzak ýaşamagynyň üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleriň kemala getirilmegi bilen sazlaşygy emele getirýär.

Hut şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyny diňe bir lukmanlaryň dabarasy hökmünde däl-de, eýsem, umumy baýramçylyk hökmünde garşylaýarys. Çünki ähli pudaklary üçin durmuş taýdan zerur bolan bu ulgamyň gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi jemgyýetiň geljekki sazlaşykly ösüşi, döwletiň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti, milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýan ähli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly kepil bolup hyzmat edýär.