Ï Awaza milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy we dynç alşy hakynda aladasynyň nyşanydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy we dynç alşy hakynda aladasynyň nyşanydyr

view-icon 7954
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň terjimehaly biziň häzirki döwürdäki ýylýazgymyzdyr, depginli ösüşi, öňdebaryjy we batyrgaý täzelikleri, ýurdumyzy geljege alyp barýan düýpli özgertmeleri we düýpli işleri bilen häzirki eýýamyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sanatoriýa-dikeldiş we syýahatçylyk toplumlary “Awazany” ösdürmegiň esasy ugurlary diýlip kesgitlenildi, olar öz nobatynda deňiz ýakasynyň durmuşynyň beýleki ähli ugurlaryna gowy täsir edýär. Bu zolagyň ykdysadyýetiniň özara baglanyşykly we garyşyk pudaklaryny ösdürmäge oýlanyşykly çemeleşilmegi toplumlaýyn netijäni maksat edinýän bu ägirt uly taslamanyň möhüm aýratynlygydyr.

Hazaryň kenar ýakasyny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýadarlaryny çekmegi, syýahatçylyk akymyny höweslendirmegiň täze usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar, onuň durmuşa geçirilmegi Awazany dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer. Bu wezipeleri çözmäge habar beriş serişdelerinde giňden mahabat çäreleri, biziň ýurdumyzda hem, daşary ýurtlarda hem geçirilýän ýöriteleşdirilen sergilerine we ýarmarkalara gatnaşmak ýardam edýär.

Ony durmuşa geçirmäge döwlet tarapyndan berilýän goldaw we milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyk etmegi dünýä derejesindäki deňiz syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ilkinji tapgyrlaryny gujurlylyk bilen anyk ýagdaýa öwürmegi şertlendirdi. Şu wagtyň içinde “Awaza” okgunly gurulmak we abadanlaşdyrylmak bilen bir hatarda, tomusda has oňaýly myhmanhanalarda we ajaýyp suwa düşülýän ýerlerde dynç almak isleýänleriň köpüsini kabul edip, baý, işewür, döredijilikli syýahatçylyk durmuşy bilen ýaşady.

Häzirki günde bu dynç alyş şäher kadaly durmuş üçin ähli zerur serişdeler—ulaglar we beýleki düzümler, agyz suwy, elektrik energiýasy we başgalar bilen, özi-de häzirki isleglerden artýan we geljek üçin ösüşiň şertlerine laýyk gelýän möçberlerde üpjün edildi.

Öz ösüşine görä, bu zolak bir möwsümiň çäklerinden çykyp, ýylyň bütin dowamynda işleýän ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni we halkara durmuşynyň merkezine öwrüldi. Iýun aýynda Awazanyň deňiz ýakasynda geçirilen Medeniýet hepdeligi şeýle iri çäre boldy, şoňa bagyşlanylyp dürli desgalaryň ýene-de 15-e golaýy –kaşaň myhmanhanalar, kottež şäherçeleri, dynç alyş merkezleri we başgalar açyldy. Olaryň işe girizilmegi bilen şu ýyl myhmanhana düzümleriniň göwrümi bada-bat iki esse, ýagny, 7 müň adamdan gowrak artdy.

Täze gurluşyk taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna tutuş ýylyň dowamynda bu ýerde göwnejaý dynç almaga hem-de saglygyny dikeltmäge mümkinçilik berýän, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak netijesinde artdyrmaga tarap meýil geljekde hem öz ösüş depginini saklar. Syýahatçylyk şäherinde dynç alyş we sport ulgamlaryny, dürli medeni-dynç alyş toplumlaryny ösdürmek hem “Awaza” ýollanmalara bolan islegiň artmagyna ýardam edýär.

Dynç alyş we syýahat ulgamynda oňaýlylygyň eýýäm adamlar üçin ýeterlik däldigi gizlin syr däldir, ol köpdürlülik, käbir özboluşlylyk, wagty gyzykly hem-de täsirli geçirmek, täze açyşlar we unudylmaz täsirler isleýär. Kim hem bolsa biri sagaldyş amallaryny hyzmatlara goşmagy gowy görýär, başgalary bolsa sportuň adaty däl görnüşlerinden ýiti duýgulara garaşýar, ýene biri bolsa özi üçin täze gözýetimleri açmagy, täze endikleri özleşdirmegi, mysal üçin, ýelkenli gaýygy dolandyrmagy ýa-da suw lyžalarynda ýüzüş etmegi arzuw edýär. Indi bularyň hemesi “Awazada” bar.

Häzir Hazaryň kenarynda nobatdaky möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. “Ýelken” ýahta-klubunyň hödürleýän hyzmatlary onuň täzeligi boldy, ol deňiziň tebigy bejeriş serişdelerine goşmaça hökmünde suwda işjeň dynç alşy goşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji gezek açylan ýahta-kluby “Awazada” hünärli ýahta düzümini kemala getirmäge, sagaldyş hereketi ulgamynda mümkinçilikleri giňeltmäge, ýaşlary işjeň dynç alşa çekmäge ýardam eder, ol deňiz şypahanasynyň üstüni ýene-de bir willaly kaşaň şäherçe bilen ýetirdi.

Toplumyň düzümine myhmanhanalardan başga-da köp sanly suw howdanlary, spa-merkez, medeni dynç alyş merkezleri, restoranlar, kafeler we barlar girýär. Ýöne ondaky iň esasysy duralgalar bilen portdur. Onuň binýadynda windserwingiň we suw hem-de ýelkenli sportuň beýleki görnüşleriniň türkmen mekdebi guralar. Munuň üçin “Ýelken” ýahta-klubunyň ygtyýarynda ähli zerur enjamlar, esbaplar we zerur zatlar—suw lyžalary hem-de tagtalar, dürli görnüşdäki ýelkenler, gaýyklaryň onlarçasy: ýahtalar, syýahatçylyk we gezelenç gaýyklary, suw motosiklleri hem-de paraşýutlar, motorly sport gaýyklary, şeýle hem ýüzmek we suwda wagtyňy şatlykly geçirmek üçin köp dürli çişirilýän esbaplar bar. Diýmek, ýahta ussatlygyny ýa-da islendik beýleki suw sportunyň endiklerini öwrenmäge başlamak üçin munuň özi ajaýyp ýerdir. Bu ýerde wagtyň geçmegi bilen, biziň ýurdumyzdan hem, daşary ýurtlardan hem gatnaşyjylary we tomaşaçylary toplajak ýahta ýaryşlary we regatlar serfingistçileriň görkezme çykyşlary hem-de ýaryşlary geçiriler.

... Milli syýahatçylyk zolagy hakykatda boş ýerde gurlup başlandy. Hut şu şertler ähli düzümleri aýdyň hem-de sowatly meýilleşdirmäge, iň esasy bolsa syýahatçylaryň ähli toparlarynyň: daşary ýurtlularyň we watandaşlarymyzyň, ýaşlaryň hem-de pensionerleriň, türgenleriň ýa-da öz saglygyny berkitmek üçin deňze gelýän adamlaryň bähbitlerini nazara almaga mümkinçilik berdi.

Mahlasy, indi “Awaza” milli syýahzatçylyk zolagynyň işi köp derejede onuň myhmanlarynyň isleglerine baglydyr. Hut olar bu ugurda taýýarlyga hem-de dolandyryş-guramaçylyk çözgütlerini kabul etmäge täsir edip, hyzmatlaryň bu bazaryny kemala getirmegi kesgitleýär.

Şonda maýadarlar, desgalaryň buýrujylary tarapyndan sanatoriýa-dynç alyş ulgamyna goýlan serişdeler özüniň oňat netijelerini berer: biziň dynç alyş merkezimiz diňe bir islenilýän däl-de, eýsem, halkara syýahatçylyk bazarynda bäsdeşlige ukyply merkez bolar, ýurdumyzyň esasy ministrlikleri we pudak edaralary şolaryň ornunda çykyş edýärler. Munuň üçin ähli şertler: ekologiýa taýdan abadançylyk, şypahanaçylyk we lukmançylyk hyzmatlaryny özünde jemleýän hyzmat etmegiň ýokary derejesi, ülkämiziň ajaýyp ýerlerine syýahatçylyk maksatnamalary, amatly işewürlik we beýleki ençeme ýagdaýlar bar.

Elbetde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň esasy ugry sagaldyş ugrudyr, munuň özi deňiz ýakasyndaky welaýatyň özboluşly tebigy-howa şertleri, bu ýerde bejeriş häsiýetli mineral suw serişdeleriniň bardygy bilen şertlenendir. Myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň lukmançylyk hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň göwnejaý enjamlaşdyrylmagy hem muňa laýyk gelýär. Myhmanhana hojalygynyň bu halkasynyň wezipeleri köp görnüşlidir. Bir toplumda bejeriş-öňüni alyş işleri has aýdyň, beýlekilerinde sport ugry has äşgär ýüze çykýar. Myhmanhanalaryň restoranlarynda bolsa berhizlik iýmit üçin tagamlary buýurmagy resmileşdirmek mümkindir.

Kenar ýakasynda alnyp barylýan uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek işleri hem sagaldyş häsiýetlidir, şol ýerde hemişe ýaşyl öwsüp oturan agaçlar ösýär. Täze seýilgäh zolaklarynyň düýbi tutulýar. Fitonsidler we deňiz suwunyň ionlary bilen baýlaşdyrylan, bedeniň saglygyna we durmuş ukybyna amatly täsir edýän has amatly howa ýagdaýy döredilýär.

Eýýäm häzirki wagtda bu ýerde ýokary derejedäki awtobanlar, duralgaly göwnejaý şaýollar bar. “Awazany” Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menzili bilen birleşdirýän ýolagçy awtobuslary gatnaýar, özleri gelen myhmanlara amatly bolmagy üçin köp derejeli awtoduralgalar hyzmat edýär. Söwda merkezleri, kinoteatrlar, akwaparklar, täze myhmanhanalar, sport desgalary we beýleki ençeme desgalar gurulýar, munuň özi dynç alyş merkeziniň durmuşyny baýlaşdyrýar we köpdürli edýär.

Ýakyn wagtlarda bu ýerda ýaşaýyş jaýlary hem gurlar. Sebäbi syýahatçylaryň köpelmegi bilen dürli hünärdäki işgärleriň hem artmagyna garaşylýar. Täze iş orunlary peýda bolar, diýmek, ýerli ýaşlar türkmen dynç alyş zolagynyň we ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak bilen uly möçberli düzümlerde işlemek üçin bilim hem-de hünär almaga gyzyklanar.

Hakykatda, Hazaryň kenarynda innowasion syýahatçylygyň esasy döredilýär, bu ýere adamlaryň tomsuna we gyşyna gelmäge höwesi artar. Çünki diňe şu ýerde ekologiýa taýdan arassa deňziň, ajaýyp tebigy şertleriň we göwnejaý binagärlik keşpleriň, ýokary hyzmatyň, amatlylygyň we däp bolan türkmen myhmansöýerliginiň utgaşmagy göze ilýär. Mundan başga-da, “Awazanyň” myhmanlary iri sport ýaryşlarynyň janköýerleri, özboluşly öwüşgindäki halkara döredijilik festiwallarynyň we milli baýramlaryň şaýatlary, welaýatyň täze syýahatçylyk merkezinde geçiriljek beýleki köpsanly unudylmaz çärelere gatnaşyjylar bolup bilerler.

Bularyň hemmesi ýakyn geljekde amala aşyrylmaly işlerdir.

Ýöne eýýäm “Awaza” has amatly myhmanhanalaryň giň toparyny, maşgala kottežlerini we willalaryny, oňat hilli hyzmatlaryň we ugurdaş dynç alyş maksatnamalarynyň ähli toplumlary çagalar we uly ýaşlylar üçin has oňaýly dynç alyş merkezlerini hödürlemek bilen, täze myhmanlary öz myhmanlaryny garşylaýar.

Saglyk üçin peýdaly dynç almaga hoş geldiňiňz!