21-nji iýulda „Saglyk“ döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 18 ýyl doldy. Bu gün saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni diýlip yglan edili. Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak ulgamynda gowy tejribäni görkezip, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu üstünlikler halkara ykrarnamasyna mynasyp boldy.
2004-nji ýylyň noýabrynda ÝUNISEF-iň adyndan, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy we Halkara ýod ýetmezçilik kesellerine gözegçilik Halkara geňeşi tarapyndan Türkmenistana ýod ýetmezçilik bilen bagly kesellerini durnukly ýok etmek üçin duzy ýodlaşdyrmaklygy gazanany üçin Halkara sertifikaty gowşuryldy.
2011-nji ýylda Türkmenistan uny fortifikasiýalaşdyrmak işinde öňe gidişligi üçin baýraga mynasyp boldy. Bu baýrak Florensiýada geçirilen Ýewroaziat konferensiýasynda we degirmen pudagynyň işgärlerleriniň assosiasiýasynyň halkara sergisinde (МАРМО) gowşuryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde azyk önümleri ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek we hiline we howpsuzlygyna zerur gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistan 2013-nji ýylda Kodeks Alimentarius Komissiýasynyň agzalygyna girdi.
Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda drakunkulýoz, gyzzyrma, poliomelit kesellerini ýok edildi. Muny degişli halkara ykrarnamalar subut edýärler. Ýöriteleşdirilen öňüni alyş serişdeleriň kömegi bilen ýokanç keseller seýrek duşýar. 2008-nji ýyldan bäri gyzamyk we gyzylja hasaba alynanok.
2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Ýewropa Immunizasiýa hepdeliginiň doly hukukly agzasy boldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň täze başlangyjynyň esasy maksady ilatyň köpçüligini we aýratyn toparlaryny imunnizasiýanyň wajyplygy babatynda habardarlygy ýokarlandyrmaklygyň üsti bilen sanjymlary çäk derejelerini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.
1998-nji ýyldan bäri çagalaryň meýilnamalaýyn sanjymlary ýurduň sanjym garaşsyzlygy Ylalaşygyň çäklerinde satyn alynýan ýokary hilli waksinalary bilen geçirilýär. 2002-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF-iň arasynda gol çekilen „Düşünişmeklik , satyn almak boýunça hyzmatlary etmeklik“ baradaky Memorandum bu hyzmatdaşlygyň dowamy boldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasyny täzeden ykrarlanan we halkara ülňülerine doly laýyk gelýän, özünden ýok bolýan sanjymiňňeleri we howpsuz gaplary ýanynda bolan sanjym enjamlary we waksinalary satyn almaklyk merkezleşdirilen geçirilip, ýurdumyzyň döwlet büjetiniň hasabyna amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda waksinaary saklamaklyk üçin ammarlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň “Waksinalar ammarlaryny netijeli dolandyrmak” usuly modullaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan. Howanyň derejesini we bökdençsiz elektrik togy bilen üpjün edýän elektrogeneratorlarynyň işini gözegçilikde saklamaklyk üçin milli waksina ammary «MULTILOG» köp kanally kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen.
Türkmenistanyň çäklerini has howply keselleriň getirilmeginden goramak arassaçylyk-epidemiologiýa döwlet gullugynyň öňündäki wezipeleriniň ilkinjileriň hatarynda durandyr. Şonuň üçin hem döwletiň serhet postlarynda, howa, awtoulag we demir ýollarynda sanitar-karantin bölümler gije-gündiziň dowamynda hereket edýär.
Oýlanyşykly ýerleşdirilen barlaghana bölümleri halkara ülňülerine doly gabat gelýän barlaghana enjamlary bilen ornaşdyrylan. Şu ýerde hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň “Waksinalar ammarlaryny netijeli dolandyrmak” usuly modullaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan waksina ammary hem enjamlaşdyrylan. Mundan başga hünärmenleriň gurnalan iş ýereri, maslahatlary geçirmeklik üçin zal hem üpjün edilen. Bu ýerde „Saglyk-2013“ Halkara Ylmy konferensýasynyň çäklerinde sanitariýa we epidemiologiýa boýunça bölümçesi işlär.